Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Möhür basylyp beklenmek, baglanmak. Dükanyň agzy möhürlendi. MÖHÜRLETMEK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
2.
Möhür basylyp beklenmek, baglanmak. Dükanyň agzy möhürlendi. MÖHÜRLETMEK [möhürlötmök], işl. Möhürlemek işini başga birine etdirmek (ser. Möhürlemek 1 we 2). MÖHÜRLEÝIŞ [möhürlöýüş], iş ady. Möhürlemek ýagdaýy. MÖHÜRLI [möhürlü], syp. 1. Möhürlenen, möhür basylyp tassyklanan. Möhürli hat. 2.Tagmaly, bellikli, alamatly, nyşanly. MÖHÜRLILIK [möhürlülük], at. Möhürli bolmaklyk, möhüri barlyk. MÖHÜT, at, gepl.d. Töhmet,myjabat. Ýelli özüniň hile we mekirligi bilen ýok ýerden toslan möhüdiniň bitiren işine şatlandy (A. Gowşudow). Möhüt etmek töhmet atmak, myjabat etmek, garalyk ýapmak. Şonuň üçin: Belki, bu ýigide möhüt edýändirler diýen oý bilen biraz pikire gitdi (B. Kerbabaýew). MÖJEJIK [mö:jöjük], at. Owunjak jandar, mör- möjek. Howanyň ýüzünde kiçijik möjejikler gaýyşyp ýördi. MÖJEK [mö:jök], at. 1. Daş sypaty ite meňzeş ýyrtyjy, wagşy haýwan, gurt, böri, gelegurt. Bu tilki ajygyp gezip ýörkä, onuň öňünden bir towşanyň yzyndan öler ýaly bolup, kowup gelýän möjek çykypdyr ( Türkmen halk ertekileri ). 2. Mör-möjek, möjejik. 3. Oglana dakylýan at. MÖLE [mö:lö], syp. Mölerip duran, alaryp duran, gözüň agy-garasy saýlanyp duran, uludan ala (göz hakynda). Gözleri uludy, möledi (B. Seýtäkow). MÖLELIK [mö:lölük], at. Uly ala gözlülik, gözüniň agy köplük. Onuň gözüniň möleligi gyza ýaramady ( Edebiýat we sungat ). MÖLEMEK [mö:lömök], işl. Mö-ö edip seslenmek (göle hakynda). Gölejik birden möledi. MÖLERDIŞMEK [mö:lördüşmök], işl. Birnäçe bolup, ýerli-ýerden gözlerini mölertmek. Gözlerini mölerdişip, günäli ýaly, beýle taraplaryna bakýardylar (B. Seýtäkow). MÖLERILMEK [mö:lörülmök], işl. Gözüňi giňden açyp, bir zada aňkarylyp durmak, gözleriňi elek-çelek edip, geňirgenip seretmek. Mikola onuň näme üçin beýle diýenligine düşünmän, mölerilip seretdi (H. Ysmaýylow). MÖLERIŞMEK [mö:lörüşmök], işl. Birnäçe bolup mölermek. Çagalar mölerişdiler. MÖLERMEK [mö:lörmök], işl. Bir zada aňkaryp, gözüň agyny köpeldip seretmek, aňk bolup galmak, mönlük bilen garamak. MÖLERTMEK [mö:lörtmök], işl. Gözüň agyny köpeltmek, gözüňi giňden açyp seretmek. MÖLEŞMEK [mö:löşmök], işl. Birnäçe bolup, ýerli-ýerden mölemek. Oba aralaşan sygyrlara gözi düşen daňylgy göleler gazyklarynyň daşynda aýlanmak bilen möleşýärdiler (B. Kerbabaýew). 103 MÖLTEK [mö:ltök], syp., ser. Mön. Ol ilki işe gelende möltek bir oglandy. MÖLTEKLIK [mö:ltöklük], at, ser. Mönlük. MÖLTERMEK [mö:ltörmök], işl., ser. Mölermek. Ol ilki gelende ýuwaşja mölterip, gören we eşiden zatlaryna haýran galyp duran oglandy (N. Saryhanow). MÖMIN [mö:müýn], at. 1. Hakyňýoluny tutýan adam, şerigatyň kada-kanunlaryny berjaý edýän musulman. 2. Oglana dakylýan at. MÖMINLIK [mö:müýnlük], at. Hakyňýoluny tutujylyk, dine ynanyjylyk, dinçilik. MÖMINSIREMEK [mö:müýnsürömök], işl. Dinçi adam bolan bolmak. MÖN [mö:n], syp. Sada, ýönekeý, türk, türkana. Çerkezi näçe gyssasalar-da, hiç bir zady boýun almady, gaýta ol özüni mön görkezmäge çalyşdy (B. Kerbabaýew). MÖNLÜK [mö:nlük], at. Sadalyk, ýönekeýlik, türklük, türkanalyk. Mönlüge salmak mönsüremek, hilegärligiňi ýaşyrmak, bilmezlige salmak. MÖNSÜREME [mö:nsürömö], iş ady. Mönsüremek ýagdaýy. MÖNSÜREMEK [mö:nsürömök], işl. Bir zady bilmediksirän bolmak, bilmezlige salmak, mekirlik edip, aňkaw bolan bolmak. MÖNSÜREMEKLIK [mö:nsürömöklük], iş ady. Mönsüremek ýagdaýy. MÖNSÜREŞMEK [mö:nsüröşmök], işl. Ýerli- ýerden mönsüremek, birnäçe bolup, bilelikde mönsüremek. MÖNSÜREÝIŞ [mö:nsüröýüş], iş ady. Mönsüremek ýagdaýy. MÖŇŇÜRME [möňňürmö], iş ady. Möňňürmek ýagdaýy. MÖŇŇÜRMEK [möňňürmök], işl. Gaty sesli aglamak. Ol saklanyp bilmän, möňňürmäge başlady (Ö. Abdyllaýew). MÖŇŇÜRMEKLIK [möňňürmöklük], iş ady. Möňňürmek ýagdaýy. MÖR-MÖJEK [mö:r-mö:jök], at. Bogun bedenli oňurgasyz kiçijik möjejikler, owunjak jandarlar. Ýazyň çykmagy bilen çölde ýylan, içýan, möý ýaly mör-möjekler hem görnüp başlaýar. MÖR-MÖJEKLIK [mö:r-mö:jöklük], at. Mör- möjegiň köp ýeri. MÖWÇ, at, şahyr. : möwç almak (urmak) möwjemek, hyjuwlanmak, güýçlenmek, joşmak. Lemmer-lemmer möwç uran, Ol derýalar galmazlar (Magtymguly). MÖWJEME [möwjömö], iş ady. Möwjemek ýagdaýy. MÖWJEMEK [möwjömök], işl. Möwç almak, güýji artmak, güýçlenmek, joşmak, joş urmak. Gajaryň ýüreginde düşnüksiz täsin bir galagoply duýgy möwjeýärdi (N. Jumaýew). MÖWJEÝIŞ [möwjöýüş], iş ady. Möwjemek ýagdaýy. MÖWLA [möwla:], at, k. d., ser. Mowlam 1. Ýarganat diýr: Ýa Möwla, Saldyň meni bu ýola... (Magtymguly). MÖWLAM [möwla:m], at.1. dini. Allanyň bir ady. Möwlam, ýetir mesgenime, ýurduma, Ýüzüm düşsün arslanyma, gurduma (Magtymguly). 2. Oglana dakylýan at. MÖWRIT [möwrüýt], at.Her bir zadyň bolmaly wagty, döwri. Herki zadyň öz möwriti bar eken (R. Gelenow). Möwriti geçen zatlar. MÖWSÜM,at.1. Pasyl, gyş, ýaz, tomus we güýz pasyllaryny görkezýän döwür, wagt aralygy. Bahar möwsümi ýetende, Dag başynda siller galmaz (Seýdi). 2. Ýylyň dürli pasyllarynda wagty ýeten, gaýragoýulmasyz iş we onuň dowam edýän döwri. 3.göç.m. Adam ömrüniň belli-belli pursatlary, belli- belli ýaşlary içine alýan ömür menzilleri. Ýigitlik möwsümi. Möwsümiňi sowmak 1) bir zatda gezegiňi geçirmek, haýsydyr bir edilýän işi edip dynmak. 2) öýlendirmek, durmuşa çykarmak we ş.m. borçlaryňy ýerine ýetirmek. Sen ýöne tizräk şunuň ugruna çyk, şunuň bir möwsümini sowaly (A. Durdyýew). Möwsüm sowan etmek tutan tutumly işiňi el ujundan etdim adyny edip ýerine ýetirmek. MÖWSÜMARA [möwsüma:ra], syp. Iki möwsümiň aralygyna degişli. Möwsümara ýer işleri. MÖWSÜMLEÝIN [möwsümlöýün], syp. Belli bir möwsümde ýerine ýetirilýän, möwsüm boýunça amala aşyrylýan. Olar bejeriş işlerine möwsümleýin iş hökmünde garaýarlar. MÖWSÜMLIK [möwsümlük], syp. Bir möwsüme degişli, belli bir wagta çekýän; möwsümleýin. MÖÝ [mö:ý], at. Köplenç, kerepde ýaşaýan zäherli hem zähersiz bognaýakly mör-möjek. Möý okan ýaly yzyny üzmän gürleýän, samyrdaýan, dyngysyz iňirdeýän, bir zady heçjikläp ýürege düşýän. Bu heleý-ä möý okan ýaly okap, meniň başymy çaşyrdy (A. Durdyýew). Möý pytran (dargan) ýaly bolmak her kim bir tarapa duw-dagyn bolmak, başly-barat dargamak. Mundan soň dostlary onuň ýanyndan möý pytran ýaly bolup dagadylar. MÖÝLI [mö:ýlü], syp.1. Möý ýaşaýan, möý bar bolan. Möýli küme. 2. Möý dahylly, möýe degişli, möý bilen baglanyşykly. – Soň siziň möýli gürrüňiňiz nähili gutardy? MÖÝLÜK [mö:ýlük], at. Möý köp duşýan (ýyl, ýer we ş.m.). Şu ýyl gaty möýlük boldy. MUAMMA [muwamma], at, edeb. Şahyrana şygyr sungatynyň gizlin manyly bir görnüşi. MUGALLYM [muğollum], at. Mekdepde, ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde we ş.m. okadýan, sapak berýän, ders berýän hünärmen. MUGALLYMÇYLYK [muğollumçuluk], at. 1. ser. Mugallymlyk. Ol on bäş ýyldan bäri bir mekdepde mugallymçylyk edýärdi (R. Alyýew). 2. syp. Mugallymlary taýýarlaýan, mugallym hünärini berýän, mugallym ýetişdirýän. Mugallymçylyk instituty. 104 MUGALLYMLYK [muğollumluk], at. Mugallymyň käri, wezipesi. Ol mugallymlygynyň daşyndan döredijilik işi bilen hem meşgullanýar. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling