Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet198/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   194   195   196   197   198   199   200   201   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MÜNEJJIMLIK [münötjümlük/münöçjümlük], 
at.1. Münejjimiň käri. 2. Ýyldyzlara garap pal atmak 
bilen meşgullanmaklyk,
MÜNGI [münğü], at. Münmeklik, münmäge 
ýaraýan, üstüne münüp gitmeklik öwredilen (esasan, 
ulag hakynda ). Müngä bolmaz ýaz aýynda 
bakmasaň, Üzeňňiň üzüler, gaýyş dakmasaň (Durdy 
Gylyç).
MÜNME [münmö], iş ady. Münmek ýagdaýy.
MÜNMEK [münmök], işl. 1. Atyň, eşegiň, 
maşynyň we ş.m. ulagyň üstünde oturmak; atlanmak. 
Kenara bardym-da, gaýyga mündüm (

Edebiýat we 
sungat

). 2. Bir zadyň üstüne dyrmaşmak, çykmak, 
ýarmaşyp çykmak. Olar alaňdan alaňa münüp, 
ýelejiräp, gidip baryşlaryna Uzuk aýratyn ýelmik-
ýuwaly ýere duş geldi (H. Derýaýew). 3. göç.m. Bir 
zadyň bahasy galmak, ýokarlamak, gymmatlamak.
MÜNMEKLIK [münmöklük], iş ady. Münmek 
ýagdaýy. 
MÜNÜŞ [münüş], 1. iş ady. Münmek ýagdaýy. 
Atasy oglunyň ata münşüne guwandy2ser. Müngi
Münüş öwredilen taý. 
MÜŇ [müň], san. 1000 sanynyň ady we onuň 
mukdary. Mert ýigitler atar, salar gyljyny, Müň 
namart bolsa-da, bir merde sanmaz (Magtymguly).
MÜŇBAŞY [müňmaşy], at, taryh. Müň esgere, 
müň nökere ýolbaşçylyk edýän serkerde. Ol bize 
müňbaşy bolup gitdi (B. Kerbabaýew).
MÜŇBAŞYLYK [müňmaşylyk], at. Müňbaşynyň 
wezipesi, işi; derejesi. Ol goşunda müňbaşylyk 
edýärdi. 
MÜŇDEBIR [müňdövi:r], san. Doly, bütinleý, 
örän köp. Men senden müňdebir razy. 
MÜŇEDEKLEME [müňödöklömö], iş ady. 
Müňedeklemek ýagdaýy.
MÜŇEDEKLEMEK 
[müňödöklömök], 
işl. 
Ýatan ýeriňden ýa-da eglip süýşeneklemek; bagryňy 
ýere berip, tagaşyksyz öňe omzamak. Ol zat 
müňedekläp-emedekläp baryp, geçiniň aşagyna girdi 
(

Görogly

).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   194   195   196   197   198   199   200   201   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling