MÜÝNÜRGEÝIŞ [müýnürğöýüş], iş ady.
Müýnürgemek ýagdaýy.
MÜZZERILMEK [müzzörülmök], işl., ser.
Müzzermek. Bu sözi eşidip, ol müzzerildi.
MÜZZERIŞ [müzzörüş], iş ady. Müzzermek
ýagdaýy.
MÜZZERIŞMEK [müzzörüşmök], işl. Iki ýa
birnäçe bolup müzzermek. Näme, müzzerişip
dursuňyz!
MÜZZERME [müzzörmö], iş ady. Müzzermek
ýagdaýy.
MÜZZERMEK [müzzörmök], işl. 1. Müýnürgäp
ýygryljyramak, egniňi gysmak, kiçelmek. Ol bäş
minut geçenden soň, müzzermesini bütinleý taşlady-
da, ýakymsyzlyk etmäge başlady (A. Durdyýew). 2.
Bir zatdan basylyp namartlamak, sussupeslik etmek;
ejizlik etmek. Owadan müzzerdi, ejizledi (Ý.
Durdyýew).
MÜZZERMEKLIK [müzzörmöklük], iş ady.
Müzzermek ýagdaýy. Onda müzzermeklikden nam-
nyşan galmady.
MÜZZERTMEK [müzzörtmök], işl. Birini
müzzermäge mejbur etmek. Ýeňine ak matadan
ýama ýamalan don, baglary süýnüp giden
şalkyldawuk çepek ony ýygrykdyrýan we müzzerdýän
ýaly görkezýärdi (N. Saryhanow).
MYÇMAK, işl., gepl.d. 1. Gaty tizlik bilen
gitmek, çalt ýöremek (maşyn, otly we ş.m. hakynda).
Tep-tekiz gara ýollarda dürli maşynlar iki ýana
myçýardy. 2.Nyşana çenemän atmak, nyşana alman,
mäşäni gysyp goýbermek. Mergen tisginip, tüpeňini
myçyp goýberipdir (
Türkmen halk ertekileri
). 3.
göç.m. Gara-ýapa degirmän ýalan sözlemek,
çypdyrmak,
ýalan-ýaşryk
toslamak.
Ýalan
sözlemäniňem bir çeni-çaky bar, ýöne myçyp
oturmasana!
MYDAM [myda:m], hal. Hemme wagt, hemişe,
elmydam, mydama. Iş-pişesiz mydam bürenip
ýatmak, Bir bidert sagat jana ýaraşmaz (Baýly
şahyr).
Do'stlaringiz bilan baham: |