MÜŇEDEKLEMEKLIK [müňödöklömöklük],
iş ady. Müňedeklemek ýagdaýy.
MÜŇEDEKLEŞMEK [müňödöklöşmök], işl.
Ýerli-ýerden
müňedeklemek,
köp
bolup
müňedeklemek. Iki sany pyşbaga müňedekleşip ýör.
MÜŇEDEKLEÝIŞ [müňödöklöýüş], iş ady.
Müňedeklemek ýagdaýy.
MÜŇEDEKLÄBERMEK [müňödöklä:vermek],
işl. Müňedekläp başlamak, müňedek-müňedek edip
ugramak.
MÜŇK-MÜŇK: müňk-müňk etmek. ser. Müň-
küldemek. Onuň ýüregi müňk-müňk edýärdi.
MÜŇKÜLDEME
[müňküllömö],
iş
ady.
Müňküldemek ýagdaýy.
MÜŇKÜLDEMEK [müňküllömök], işl. Müňk-
müňk etmek, gymyldamak, tirpildemek. Aýgülüň
näzik dodaklary müňküldedi (B. Kerbabaýew).
MÜŇKÜLDEMEKLIK [müňküllömöklük], iş
ady. Müňküldemek ýagdaýy.
MÜŇKÜLDETMEK
[müňküllötmök],
işl.Herekete getirmek, gymyldatmak, tirpildetmek
(dodak hakynda). Men kepäp barýan dodaklarymy
müňküldedip, bir zat diýmek isledim (Ý. Durdyýew).
MÜŇKÜLDEÝIŞ
[müňküllöýüş],
iş
ady.
Müňküldemek ýagdaýy.
MÜŇKÜLDI [müňküllü], at. Häsiýete täsir ediji
käbir ýagdaý sebäpli emele gelýän hereket, tirpildi,
gymyldy. Onuň gyzgylt ýaňaklary, ujy çowlurak
burny rahat bolsa-da, çala çöwrülýän dodaklarynda
biraz müňküldi syzylýardy (B. Kerbabaýew). 2.
göç.m. Bir ýagdaý sebäpli döreýän tolgunma, iňkis,
alada, ünji. Şol habardan soň kalbyma bir müňküldi
aralaşdy.
MÜŇKÜR, syp. Bir zada ýa-da birine doly ynam
etmeýän, şübhelenip ýören, göwni iňkisli, betgüman.
Müňküriň köňlünden gitmez gümany (
Saýatly –
Hemra
). Telbe bolup, düşdi halkyň gözünden, Bez-
bez boldum müňkürleriň sözünden (Seýdi).
Do'stlaringiz bilan baham: |