Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet200/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   196   197   198   199   200   201   202   203   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MÜŇKÜRÇILIK 
[müňkürçülük], 
at, 
ser.MüňkürlikMüňkürçilik etmek. 
MÜŇKÜRLENMEK 
[müňkürlönmök], 
işl. 
Müňkür bolmak, bir zat hakynda gümürtik pikirde 
bolmak, betgümanlyk etmek. Onuň indi özi hem 
hatyň güýjüne müňkürlenip, keýpi bozuldy (N. 
Saryhanow).
MÜŇKÜRLIK 
[müňkürlük], 
at. 
Müňkür 
bolmaklyk, betgümanlyk, şübhelilik. Şol gidip 
baryşlaryna Agaýunusyň göwnüne bir müňkürlik 
gitdi (

Görogly

).
MÜŇLERÇE [müňlörçö], syp. Birnäçe müňden 
ybarat bolan.
MÜŇŇÜRTat. Balygyň bir görnüşi. 
MÜŇÝYLLYK, at. 1000 ýyl aralygyndaky, 
içindäki döwür, wagt, on asyrlyk döwür.
MÜŇZEME [müňzömö], iş ady. Müňzemek 
ýagdaýy. 
MÜŇZEMEK [müňzömök], işl. Güýç bilen öňe 
hereket etmek, öňe omzamak, ümüdigiň öňe tarap 
edip dyzamak. Traktor müňzäp ugrady.
MÜŇZEMEKLIK [müňzömöklük], iş ady. 
Müňzemek ýagdaýy. 
MÜŇZEŞMEK [müňzöşmök], işl. Ýerli-ýerden 
müňzemek, köp bolup omzamak.
MÜŇZETMEK [müňzötmök], işl. Öňe tarap 
omzatmak, uly güýç bilen dyzatmak. Ol ýene traktory 
müňzetdi
MÜŇZEÝIŞ [müňzöýüş], iş ady. Müňzemek 
ýagdaýy. 
MÜRÇE-MIÝAN [mürçö-miýa:n], at, k.d. 
Garynja billi, inçe billi (gelin-gyzlaryň bili hakynda). 
Mürçe-miýan bil.
MÜRÄHET, at. Edilýän hödür, hödür-kerem, 
hormat.

Mürähet etmek teklip etmek, hödürlemek, 
hödür-kerem etmek, hormat etmek. Mürähede 
ýakyn hödür-kerem edilerine mähetdel, suw meýilli, 
çagyrybildigi bes, göwünjeň. 


109 
MÜRÄHETSIZ [mürähessiz], syp. Çagyryşa, 
hödür-kereme, 
hormata 
garaşman; 
mürähet 
edilmezden. Işiginde durdy-da, Mürähetsiz ätlemän, 
Salam berdi ardynyp, Golun gowşuryp durman (O. 
Täçnazarow).
MÜREPBE [müröpbö], at. Şeker goşulyp 
gaýnadylan miwe önümi. Erik mürepbesi. Şetdaly 
mürepbesi
MÜREWWET [müröwwet], at,k.d. Rehim-
şepagat,rehimdarlyk, ýagşylyk; nurbat,aman. Bir 
mürewwet eýläň bize, Köňlümniň armany, gyzlar 
(

Kasym oglan

). Duşmanyň hem düşer bolsa 
goluňa, Owwal başda bir mürewwet gerekdir 
(Magtymguly).
MÜREWWETLI [müröwwetli], syp. Mürewweti 
bolan, mürewwet edýän, rehim-şepagatly. Meni 
mundan alyp gitdi, Mürewwetli jaýa eltdi 
(

Görogly

).
MÜREWWETLILIK 
[müröwwetlilik], 
at. 
Mürewweti, rehim-şepagaty barlyk, mürewwete 
eýelik.
MÜRIT [mürüýt], at, dini. Piriň şägirdi, pire gol 
beren, sopy. Pir azman, mürit azmaz (Nakyl). 
Altmyşymda pire mürit bolmuşam, Pygamber ýaşyny 
ýaşan günlerim (Magtymguly). 
MÜRRELIŞ [mürrölüş], iş ady. Mürrelmek 
ýagdaýy. 
MÜRRELIŞMEK [mürrölüşmök], işl. Kem-
kemden mürrelmek; dura-bara mürrelmek, gysylyp, 
sykylyp mürrük bolmak. Mürrelişen narjagazlar 
heniz hem sallanyşyp dur (G. Kulyýew).
MÜRRELME [mürrölmö], iş ady. Mürrelmek 
ýagdaýy.
 MÜRRELMEK [mürrölmök], işl. 1. Doly 
boýuny alman, mürrük, mürşük bolmak, ýygyrt-
ýygyrt bolmak, mürşermek, mürüşmek, ýüzi ýygyrt-
ýygyrt bolmak. 
MÜRRELMEKLIK [mürrölmöklük], iş ady. 
Mürrelmek ýagdaýy.
MÜRRELTMEK [mürröltmök], işl. Mürrük 
ýagdaýa getirtmek, mürrelmäge mejbur etmek. Uky 
mürreldip barýan bolsa ýatyber
MÜRRÜK, syp. Kadaly ösmändigi sebäpli 
boýuny alman mürrelen, mürşük (gawun-garpyz, 
miwe hakynda). Hem hoz gerek, hem hozuň mürrügi 
(Nakyl).
MÜRŞERIŞ [mürşörüş], iş ady. Mürşermek 
ýagdaýy. 
MÜRŞERIŞMEK [mürşörüşmök], işl. Dura-bara 
mürşermek, birnäçe zat mürşermek.
MÜRŞERME [mürşörmö], iş ady. Mürşermek 
ýagdaýy. 
MÜRŞERMEK 
[mürşörmök], 
işl., 
ser. 
Mürrelmek. Garpyz güldüýbüleriniň bir-iki sanysy 
saralyp, mürşerip başlapdyr (N. Esenmyradow).
MÜRŞERMEKLIK [mürşörmöklük], iş ady. 
Mürşermek ýagdaýy. 
MÜRŞERTMEK [mürşörtmök], işl. Mürşük 
ýagdaýa getirmek. Ol göwnüne deglen ýaly, ýüzüni 
mürşerdip, naýynjarlyk bilen egnini gysdy (N. 
Jumaýew). 
MÜRŞIT [mürşüýt], at. Pirleriň, sopularyň 
ýolbaşçysy. Bir mürşit goluny tutmasam bolmaz 
(

Şasenem – Garyp

).
MÜRŞITLIK [mürşüýtlük], at. Mürşidiň käri, 
wezipesi. 
MÜRŞÜK, syp. Ýygyrt-ýygyrt bolan, gasyn-
gasyn, mürşen. Ýüzi mürşük adam. Mürşük alma.
MÜRT: mürdüni iýmek (çürtmek) iň oňat 
zatlary öz şahsy bähbidiň üçin peýdalanmak, gülüni 
çirtmek.
MÜRTÜKsyp. Göýdük. Mürtük tokly. 
MÜRÜŞGÄR [mürüşğä:r], at. Aw öwredilýän 
guşlaryň seýsi, aw guşlary bilen meşgullanýan. 
Mürüşgärler guş edinjek bolanlarynda, eger olar 
höwürtgeden elguşuň ýumurtgasyny tapaýsalar, ony 
düýe ýüňüne dolap, biline daňýarlar (

Watan

). 
MÜRÜŞDIRMEK [mürüşdürmök], işl. Mürşük 
ýagdaýa getirtmek, mürşük etmek. Ol gelşiksiz ýüzüni 
mürüşdirdi.
MÜRÜŞME [mürüşmö], iş ady. Mürüşmek 
ýagdaýy.
MÜRÜŞMEK [mürüşmök], işl. Ýygyrt-ýygyrt 
bolup mürrelmek, mürşermek, ýygrylmak. Ukynyň 
derdinden ýüzi mürşüpdir, gasyn-gasyn bolupdyr. 
MÜRZE [mürzö], at. 1. Edaranyň ýazuw işlerini 
alyp barýan işgär, kätip. 2. Oglana dakylýan at.
MÜSMINSOKAR [müsmüýnsokor], syp., ser
Misginsokar
MÜSÜR: müsür turmak bol hasyl bermek. 
MÜSÜRLI [müsürlü], at, ser. Müsürliler.
MÜSÜRLILER [müsürlülör], at. Müsüriň esasy 
ilaty. 
MÜŞGILÇILIK [müşğüýlçülük], at, k.d. ser. 
Müşgillik. 
MÜŞGILLIK [müşğüýllük], at, k.d. Müşgil 
ýagdaý, agyr ýagdaý, kynlyk, kynçylyk, müşgilçilik.
MÜŞK [müşük], at, k.d. Keýigiň belli tohumynyň 
göbeginden, şeýle hem käbir ösümlikleriň kökünden, 
tohumyndan alynýan ýiti ysly madda. Saçyna 
sepdigim müşk ile anbar (

Saýatly – Hemra

). Saçy 
müşk ysly ýufar, sünbüli-reýhan, bäri gel! 
(Mollanepes). 
MÜŞKI-ANBAR [müşkü-ammar], at, ser. 
Müşk.Müşki-anbar 
sepilen 
sümmül 
saçyňa 
(Mollanepes). 
MÜTDET [mütdöt], at. 1. ser. Möhlet. Geler 
mütdetinden ötüp baradyr (

Görogly

). 2. Wagt, 
pursat, halat. Ynha, bu mütdet her günde diňe iki 
gezek gaýtalanýardy (H. Derýaýew).  
MÜTGEL 
[mütgöl], 
at, 
gepl.d., 
ser. 
Mytgal.Egnimdäki mütgel köýnegim hem öl-
myžžyk(B. Öwezow). 
MÜTI [mütüý], syp., gepl.d. Özüne berk, 
tutanýerli, ýerlikli, pugta, düşbi. Müti oglan 
MÜTIJE [mütüýjö], syp., gepl.d. Özüne berkje, 
ýerliklije, pugtaja, düşbüje. Mütije çaga göreniňden 
tanadýar.  


110 
MÜTRÜK [mütürük], at. Haýwanlara, guşlara 
düşýän goňrumtyl reňkli sakyrtga görnüşli möjejik. 

Mütrük ýaly ýapyşyp, ýelmeşip ýatan (adam 
hakynda). 
MÜTRÜKLEME 
[mütürüklömö], 
iş ady. 
Mütrüklemek ýagdaýy. 
MÜTRÜKLEMEK [mütürüklömök], işl. Mütrük 
düşmek, mütrük ýapyşmak. Köşek mütrükläpdir. 
MÜTRÜKLEMEZLIK [mütürüklömözlük], iş 
ady. Mütrük düşmezlik. 
MÜTRÜKLETMEK 
[mütürüklötmök], 
işl. 
Mütrük ýapyşmagyna ýol bermek, mütrük düşürmek. 
Wagtynda esewan etmän, köşegi mütrükledipsiň-dä. 
MÜTRÜKLEÝIŞ [mütürüklöýüş], iş ady. 
Mütrüklemek ýagdaýy. 
MÜWESSA [müwössa:] syp., kön.s. 1. Ýerlikli, 
maksadalaýyk, dogry, göwnejaý. Bular oýlap-
ölçerişenlerinden soň ikisi iki ýerden hereket edip
barar ýaly ýere barmaly, nähak işiň bolmagyna ýol 
bermeli däl diýen karara geldiler we gijikdirmän, 
ertir ugruna çykmagy müwessa bildiler (A. 
Gowşudow). 2. syp. Laýyk, amatly. Bu bize tüýs 
müwessa ulag eken. 
MÜÝN,at. 1. Aýyp, ýazyk, etmiş, kemçilik. Ol 
henizem özünde müýn bardyr öýdenok (A. 
Durdyýew). 2. Edilen etmiş sebäpli döreýän utanç, 
çekinjeňlik, ýygralyk. Ýaş ýigidiň ýüzünden müýn 
perdesi syryldy (G. Kulyýew). 
MÜÝNLI [müýnlü], syp. Müýni bar, kemçiligi 
bar bolan, aýyply, ýazykly, etmişli. Nurjan öz 
töwereginde hiç kime gözi ilmänsoň, birhili müýnli 
ýaly daýandy (B. Kerbabaýew).
MÜÝNLÜLIK [müýnlülük], at. Müýni barlyk, 
müýnli bolmaklyk, müýnsüz dällik. Wüşi kel 
müýnlülik bilen gaňrylyp, gapa seretdi (A. 
Gowşudow). 
MÜÝNSÜZ, syp. Müýni bolmadyk, müýni ýok, 
müýnli däl. Bir müýnsüz gözel bolmaz diýen ýaly, 
belki, bir kemçiliksiz adam hem azdyr (B. 
Kerbabaýew). 

Bir müýnsüz bolup özüni bir kemsiz hasaplap. 
Töre geçen aýal maşgala bir müýnsüz bolup, 
töweregine serenjam berýärdi. 
MÜÝNSÜZLIK [müýnsüzlük], at. Müýnsüz 
bolmaklyk, müýnli dällik. 
MÜÝNÜRGEME [müýnürğömö], iş ady. 
Müýnürgemek ýagdaýy. 
MÜÝNÜRGEMEK 
[müýnürğömök], 
işl. 
Ýerliksiz aýdan sözüň, bolgusyz hereketiň we ş.m. 
ýadyňa düşüp, özüňi günäli duýmak.

Müýnürgäýin diýmezlik edenje ýaramaz 
hereketi ýadyna düşüp dursa-da, özüniň günälidigini 
boýun almazlyk, müýnürgejek bolmazlyk. Edeni-hä 
edeni weli, asyl müýnürgäýinem diýenok.  
MÜÝNÜRGEMEKLIK [müýnürğömöklük], iş 
ady. Müýnürgemek ýagdaýy. 
MÜÝNÜRGEMEZLIK 
[müýnürğömözlük],
iş ady. Ýerliksiz aýdan sözüň, bolgusyz hereketiň we 
ş.m. üçin özüňi günäli duýmazlyk. 
MÜÝNÜRGEŞMEK 
[müýnürğöşmök], 
işl. 
Birnäçe bolup müýnürgemek. 
MÜÝNÜRGETMEK 
[müýnürğötmök], 
işl. 
Biriniň özüni müýnli saýmagyna sebäp bolmak, 
müýnürgemäge mejbur etmek. Olar jakgyldaşyp 
gülüşdiler, 
Ogulgözeli 
müýnürgetdiler 
(B. 
Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   196   197   198   199   200   201   202   203   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling