NAGYŞLANMAK [nağyşlanmak], işl. Nagyş
edilmek. Onuň çokaýy nagyşlanypdy (B. Seýtäkow).
NAGYŞLATMAK [nağyşlatmak], işl. Nagyş
saldyrmak, nagyş etdirmek. Köýnegiň ýakasyny
nagyşlatmak.
NAGYŞLAŞMAK[nağyşlaşmak], işl. Nagyş
edişmek, nagyş etmäge kömekleşmek.
NAGYŞLY [nağyşly], syp. Nagyş bilen bezelen,
nagyş çekilen, nagyş salnan, nagyş bilen bejerilen.
Diwarlaryň, haýatlaryň ýüzleri halyçalar, dürli
nagyşly el senetleri bilen bezelgidi (
Edebiýat we
sungat
).
NAH, syp. Pagta süýüminden edilýän (ýüplük,
mata). Nah mata. Nah sapak.
NAHAL, at. Erik, alma we ş.m. agaçlaryň ekmek
üçin ýörite ösdürilip ýetişdirilen kökli çybygy. Olar
nahal oturtmaga girişdiler.
NAHALHANA [nahalha:na], at. Agaç nahallary
ösdürilip ýetişdirilýän ýörite ýer. Sanly günlerde
mekdebiň ýanynda kiçeňräk nahalhana emele geldi.
NAHAR,
at.
Dürli
görnüşde
bişirilip
taýýarlanylýan etli ýa etsiz, süýtli, ýagly iýmit,
damak. Nahar iýlip bolandan soň, Hanguly iki sany
ýassygy goltugynyň aşagyna dykyp gyşardy (Ö.
Abdyllaýew).
Nahar duzy iýmite atylýan ýörite duz.
NAHARÇYL, syp. Nahary işdämenlik bilen
iýýän, iýermen, naharsow.
NAHARHANA [naharha:na], at. Köpçülik üçin
nahar taýýarlanylýan we nahar iýilýän stolly, enjamly
ýörite jaý.
NAHARLAMA, iş ady. Naharlamak ýagdaýy.
NAHARLAMAK, işl. Nahar, damak bermek,
nahar iýdirmek (adam hakynda). Ussalary çaýlap,
naharlap işe sal (B. Seýtäkow).
NAHARLAMAKLYK, iş ady. Naharlamak
ýagdaýy.
NAHARLANMAK, işl. Nahar edinmek, nahar
iýmek. Gijöýlänler gerk-gäbe naharlanypdym-da,
agşam şamynyň idegine-de çykmandym (T.
Gurbanow).
Do'stlaringiz bilan baham: |