Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet206/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   202   203   204   205   206   207   208   209   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Mysal almak görelde, tälim almak, öwrenmek 
üçin nusga getirmek. Mysal üçin bir zat 
düşündirilenden soň 

mysal bolar ýaly, mysal 
hökmünde, meselem

diýen manyda aýdylýan giriş 
sözi. 


114 
MYSALA [mysa:la], at. Daşky görnüş, sypat, 
görk-görmek, keşp; ýüz. Dogrusy, mysalasyny görüp, 
inim jümşüldäp gitdi (

Edebiýat we sungat

). 
MYSALY [mysa:ly], 1. Ýaly, kimin, dek, misli, 
göýä kömekçileriniň manysynda gelip, deňeşdirmegi 
aňladýan sözsoňy kömekçi. Söýgüsi ýoguň ýüregi 
mysaly daşa meňzär (Aýdymdan). Baba hem ýap 
gazýar jahyl mysaly (N. Pomma). 2Nusga bolarlyk, 
takmyny. Okuw ýylynyň mysaly meýilnamasy 
taýýarlandy. 
MYSAPYR [mysa:pyr], syp. 1. Başga ýerden, 
ýurtdan gelen. 2. Garyp, pukara, biçäre, goldawsyz, 
kömege mätäç, ejiz.Köp gallaçlyk çekdim mysapyr 
bolup (Kerim Garaja). 
MYSAPYRÇYLYK [mysa:pyrçylyk], at, ser. 
Mysapyrlyk
MYSAPYRLYK [mysa:pyrlyk], at. 1. Mysapyr 
ýagdaýynda bolmaklyk. Ýat illerde mysapyrlyk 
çekenden, Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy 
(Magtymguly). 2. Garyplyk, pukaralyk, biçärelik, 
goldawsyzlyk. Mysapyrlykda göwün açyşmak üçin 
men olar bilen gürrüňdeş boldum (B. Kerbabaýew). 
MYSAPYRSYRAMAK [mysa:pyrsyramak], işl.  
Özüňi mysapyr görkezmäge, mysapyra meňzemäge 
çalyşmak, mysapyr bolan bolmak. Sen hem 
mysapyrsyran bolma (B. Seýtäkow). 
MYSGAL [mysğa:l], at1. 4,26 grama deň bolan 
agyrlyk ölçegi. 2. göç.m. Sähelçe, dynnym ýaly, az 
mukdarda, ujypsyzja. Tüýs kelpeň ekeni, munuň kel- 
lesinde bir mysgal-da akyly ýok eken (A. Durdyýew). 

Bir mysgal bolmak gaty bezenmek, kaşaň 
geýinmek.
MYSGALLYK [mysğa:llyk], syp. Mysgala deň, 
mysgala barabar. Seniň kelläňde mysgallygam akyl 
ýok. 
MYSGALLAMAK [mysğa:llamak], işl. Mysgal-
mysgal edip çekmek, bölmek, mysgallara deň etmek. 
Olar alan zatlaryny mysgallap böldüler. 
MYS-MYS: mys-mys gülmek ýuwaşja, sessiz, 
mylaýym gülmek. 
MYSSA: 
myssa 
ýylgyrmak 
mylaýym 
ýylgyrmak, birden ýuwaşja ýyrşarmak. Altyn myssa 
ýylgyryp, dyzynyň üstünden işini aýryp, gapdalynda 
goýdy (A. Durdyýew).
MYSSARMAiş ady. Myssarmak ýagdaýy. 
MYSSARMAK, işl. 1. Myssyk bolmak, terligi 
gitmek, ýumşamak (ir-iýmiş, miwe hakynda). Güne 
ýatan gawunlar myssarypdyr. 2. Içi howadan, 
suwuklykdan doly zatlar gowzamak, dykyzlygy 
gaçmak, ýelini goýberip ýumşamak. 3. göç.m. 
Solgun we öçgün görünmek, peti gaçmak, durulygy 
gitmek, süllermek. Gözi ýaşly ýellenipdir gabaklar, 
Ýygyrt atyp, myssarypdyr ýaňaklar (A. Kekilow).
MYSSARMAKLYK
iş 
ady. 
Myssarmak 
ýagdaýy. 
MYSSARTMAKişl. Myssyk ýagdaýa getirmek,
terligini gidermek. 
MYSSARYŞiş ady. Myssarmak ýagdaýy. 
MYSSARYŞMAK, işl. Myssaryp, ýumşaşyp 
başlamak, terligi gaçyşmak (ir-iýmişler, miweler 
hakynda). 
MYSSYK, syp. 1. Terligi giden, myssaran, 
ýumşan. Myssyk gawun2. Ýaňy bişen, täze, ýumşak, 
içi öýjük-öýjük (çörek hakynda). Pagta ýaly myssyk 
bişen çörekde, Juwan gelniň ussat golnuň zory bar 
(M. Myşşyýew). 3. göç.m. Näzik, ýumşajyk, enaýy, 
ýakymly. Jelilow öz adyny aýdyp, onuň pamyk ýaly 
myssyk elini gysdy (N. Jumaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   202   203   204   205   206   207   208   209   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling