Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
MYLAKATLYLYK
[myla:katlylyk], at. Mylakatly bolmaklyk,ýakymlylyk, mylaýymlyk, hoşamaýlyk. MYLAKATSYZ [myla:kassyz], syp. Mylakaty bolmadyk, ýakymsyz, mylaýym däl, hoşamaý däl. MYLAKATSYZLYK [mylakassyzlyk], at. Mylakaty bolmazlyk, mylakaty ýokluk, mylakatly dällik, mylaýym dällik, hoşamaý dällik, ýakymsyzlyk. MYLAÝYM [myla:ýym], syp. 1. Jana hoş ýakýan, göwne ýaramly, ýakymly. Onuň gyýyk gaşlarynyň astynda mylaýym bakyşly, kän gülmezek, dolan Aý ýaly tegelenip duran dury mawy gözleri bardy (T. Gurbanow). 2. Maýyl, salkyn, ne yssy, ne- de sowuk, hoştap, aram. Alabaharyň mylaýym güni Garaguma ölçegsiz nuruny döküp başlady (B. Kerbabaýew). 3. Birneme ýyly, dişi döwlen, ne gyzgyn, ne sowuk. Mylaýym suw. 4. göç.m. Açyk göwünli, hoş gylykly, hoşgylaw, ýakymly, mylakatly, sypaýy. Mylaýym gyz. 5. Gyza dakylýan at. MYLAÝYMLANMAK [myla:ýymlanmak], işl. 1. Mylaýym bolmak, maýlamak, ýylamak. Howa mylaýymlandy. 2. göç.m. Mylaýym häsiýete eýe bolmak.Ol derrew mylaýymlanýardy. MYLAÝYMLAŞMAK [myla:ýymlaşmak], işl., ser. Mylaýymlanmak.Howa ertirden soň mylaýymlaşdy. MYLAÝYMLYK [myla:ýymlyk], at. Mylaýym halda bolmaklyk. MYLAÝYMSYRAMAK [myla:ýymsyramak], işl. Özüňi mylaýym görkezjek bolmak, mylaýym bolan bolmak, mylakatly, sypaýy bolan bolmak. Göz-görtele mylaýymsyramak bilen gyzlaryna uzakdan gep aýlap, maksadyny aňdyrmaga başlady (N. Jumaýew). MYLKARMA, iş ady. Mylkarmak ýagdaýy. MYLKARMAK, işl. Mylkyk bolmak, ýumşap tulkarmak, tultuk bolmak. Üzüm mylkarypdyr. MYLKARMAKLYK, iş ady. Mylkarmak ýagdaýy. MYLKARYŞ, iş ady. Mylkarmak ýagdaýy. MYLKY, syp. Semizlik sebäpli mylkaryp, mylkyldap duran. Ol mylky göwresini zordan tutýardy. MYLKYK, syp. Mylkyldap duran, myltyk. Mylkyk üzüm. MYLKYLDAMA [mylkyllama], iş ady. Mylkyldamak ýagdaýy. MYLKYLDAMAK [mylkyllamak], işl. Ýumşaklyk sebäpli mylkaryp durmak. Ak elleriň mylkyldaýan aýasy gatap ýetişmändir. MYLKYLDY [mylkylly], at. Mylkyldamak netijesinde emele gelýän ýagdaý we onuň ady. MYLLARMA, iş ady. Myllarmak ýagdaýy. MYLLARMAK, işl. Bir zat sebäpli süllermek, gowşamak, ysgynsyzlanmak (adam hakynda). Sen näme beýdip myllaryp otyrsyň , dogumlyrak bolarlar. MYLLARMAKLYK, iş ady. Myllarmak ýagdaýy. MYLLYK, işl. 1. Gowşak, bedeni berkemedik, goram-gowşak. 2. Emelsiz, ebeteýi ýok. MYLLYKLYK, at. 1. Gowşaklyk, bedeni berkemedik ýagdaýda bolmaklyk. 2. Emelsizlik, ebeteýi ýokluk. Myllyklygy bilen-de oňuşsa boljak welin, ol özbaşyna bir hili adam. MYLTYK I, syp. Myssyk, myssaran. Myltyk üzüm. MYLTYK II, syp., gepl.d., ser. Tüpeň. MYLTYKLYK, at. Myssaran şekilde bolmaklyk, myssyklyk. Üzümiň bu myltyklygy bilen ony ýerläp biläýseň ýagşy. MYMAN [my:ýma:n] at, gepl.d., ser. Myhman. Gum iline düşdüm myman, Saçak açdy gumly gelin (K. Gurbannepesow). MYMYJAK [my:ýmyjak], syp., ser. Mymyk. Sen bujagaz mymyjak eliň bilen meniň gulagymy agyrdasyň ýok (B. Pürliýew). MYMYK [my:ýmyk], syp. 1. Örän mylaýym, hoştap, ýakymly. Mymyk şemal öwüsýärdi. 2. Pagta ýaly ýumşak; näzik. Mymyk el. MYMYLDAMA [my:ýmyllama], iş ady. Mymyldamak ýagdaýy. MYMYLDAMAK [my:ýmyllamak], işl. Endigan yrgyldap durmak, emaý bilen gymyldamak, assaja ýaýkanmak. MYMYLDAŞMAK [my:ýmyllaşmak], işl. Birnäçe bolup ýerli-ýerden mymyldamak. MYMYLDAÝYŞ [my:ýmyllaýyş], iş ady. Mymyldamak ýagdaýy. MYMYLDY [my:ýmylly], at. Endigan yrgyldyly hereket, birsydyrgyn siňňin gymyldy we onuň ady. MYNAJAT [myna:jat], at. Ýekelikde hudaýa ýalbaryp, doga okap edilýän dileg. Mejnun, gul sen, haka eýle mynajat, Derdiň aýdyp ýygla, dilegil hajat ( Leýli – Mejnun Şasenem atasyny tanap, utanyp, hudaýa mynajat edip, bir gazal aýtdy ( Şasenem – Garyp ). MYNASYBET [myna:sy:vet], at. Bir zat bilen bolan baglanyşyk; bir zada bolan gatnaşyk. Özige hiç munus tapmaý ýörer erdi, keýikler birle mynasybeti ýok erdi ( Ýusup Hoja ). 113 MYNASYBETLI [myna:sy:vetli], hal. Bir zadyň hormatyna bagyşlanan, bir sene, waka bilen baglanyşygy bolan. MYNASYP [myna:sy:p], syp. 1. Biri-birine laýyk, deň, barabar, taý. Men seniň özüňe mynasyp ýigide miýesser bolmagyňy isleýän (B. Kerbabaýew). 2.Bir zada degişli, gelşikli; degerli, laýyk. Mynasyp bolmak biri-birine laýyk bolmak. MYNASYPLYK [myna:sy:plyk], at. Mynasyp bolmaklyk, laýyk, taý gelmeklik. MYNÇGALAMA [mynçğalama], iş ady. Mynçgalamak ýagdaýy. MYNÇGALAMAK [mynçğalamak], işl. Yzly- yzyna mynçgamak, mynjamak. Akjagül ýene-de ýogyn saçynyň tarlaryny mynçgalap başlady (B. Seýtäkow). MYNÇGALAMAKLYK [mynçğalamaklyk], iş ady. Mynçgalamak ýagdaýy. MYNÇGALANMAK [mynçğalanmak], işl. Eliň içi bilen yzly-yzyna mynçgalmak, mynjalmak, mynjyradylmak. Mynçgalanan möhürli kagyz şahyryň elinden gaçdy ( Edebiýat we sungat ). MYNÇGALAÝYŞ [mynçğalaýyş], iş ady. Mynçgalamak ýagdaýy. MYNÇGAMA [mynçğama], iş ady. Mynçgamak ýagdaýy. MYNÇGAMAK [mynçğamak], işl. Bir zady eliň içi bilen mynjamak, owkalamak, owmak, mynçgalamak, mynçgalap mynjyratmak. Ol elindäki gazeti gahar bilen mynçgap gysdy, onuň gözünde gazap uçgunlary ýalpyldady (N. Jumaýew). MYNÇGAMAKLYK [mynçğamaklyk], iş ady. Mynçgamak ýagdaýy. MYNÇGAÝYŞ [mynçğaýyş], iş ady. Mynçgamak ýagdaýy. MYNDY-MYNDY [mynny-mynny]: myndy- myndy etmek pert bir zat diýmän, agzy gowuşmaýan ýaly, manysyz bir zatlar aýdyp oturmak. – Näme diýjek bolsaň, düşnükliräk aýt, ýöne myndy-myndy edip otyrsyň?! MYNJAMA, iş ady., gepl.d. Mynjamak ýagdaýy. MYNJAMAK, işl., gepl.d. ser. Mynçgamak. MYNJYRAMA, iş ady. Mynjyramak ýagdaýy. MYNJYRAMAK, işl. Daşky güýjüň güýçli täsiri netijesinde üstünden basylyp owulmak, pytramak, ezilmek. Erik mynjyrapdyr. MYNJYRATMAK, işl. Agyr zat üstünden düşüp owmak, pytratmak, ezmek. MYŇK: myňk etmek biri ýa-da bir zat hakynda dil ýarmak, gürrüň etmek, sesiňi çykarmak, hyňk- myňk etmek. Şu günki gören zatlaryň hakynda myňk edäýseň, özüňe-de gowy bolmaz. MYŇŇYLDAMAK [myňňyllamak], işl. 1. Burnuňa salyp geplemek, myňňy-myňňy edip geplemek, maňňyldamak. Myňňyldama-da, düşnükliräk edip aýtsana! 2. Semizlikden ýaňa tenesi ýup-ýumşak bolup durmak, tulkuldap durmak. Myňňyldap duran goýun. MYŇŇYLDY [myňňylly], at. Burna salyp geplenende çykýan ses. MYRAT [myra:t], at. 1. Ýürekde beslenen arzuw, isleg, niýet, maksat. Ýigidiň myrady atdyr ( Görogly ). 2. Oglana dakylýan at. MYRLAMA, iş ady. Myrlamak ýagdaýy. MYRLAMAK, işl. 1. Myrryldyly ses çykarmak, myr-myr etmek (pişik hakynda). Pişik maňa ýakynlaşyp myrlap başlady. 2. Çalaja hor çekip, süýji ukuda ýatmak. Çagajyk ylgap ýadan bolsa gerek, şol myrlap ýatyşy. MYRLAŞMAK, işl. Birnäçe adam myrlamak. Myhmanlar myrlaşyp ýatyrdylar (B. Kerbabaýew). MYRLAÝYŞ,iş ady. Myrlamak ýagdaýy. MYRRYH [myrry:h] I, at. Nejis, haramzada, ýigrenji, ýaramaz; şer araýan. Myrryhyň atlanmak gaty gaharyň gelmek, jynyň atlanmak. Myrryhyň tutmak ser. Myrryhyň atlanmak. MYRRYH [myrry:h] II, at. asman j. Göwrümi Ýeriň gowrüminiň altydan birine we agramy Ýeriň agramynyň dokuzdan birine golaý bolan, Günden uzaklygyna görä dördünji orunda ýerleşýän, seýrek atmosferaly Mars planetasy (saýýara). Aý-Gün batyp, gökde Myrryh göründi, Bulutlar boldular baran, Çowdur han (Magtymguly). MYRRYHLYK [myrry:hlyk], at. Şer gözleýän ýagdaýda bolmaklyk, ýigrenji häsiýetlilik. Onuň henizem şol myrryhlygy eken. MYRRYLDAMAK [myrryllamak], işl., ser. Myrlamak. MYRRYLDAŞMAK [myrryllaşmak], işl. Ýerli- ýerden birnäçe bolup myrryldamak. MYRRYLDY [myrrylly], at. Pişik myrlanda ýa- da adam süýji uka gidende agyz-burun boşlugyndan çykýan sesiň ady. Pişigiň myrryldysy. MYRTAR [myrta:r], syp. Erbet, ýaramaz, murdar. Zelili, sygyn Jepbara, Uýma her ýeten myrtara (Zelili). Sen, myrtar gyrnak, it aýagyny iýen ýaly ygýarsyň! (B. Kerbabaýew). Myrtaryňy aşyrmak betgelşik görnüşde bolmak, pisiňi aşyrmak, ýaramaz, nejis görünmek, mysalaňy üýtgetmek. Näme myrtaryňy aşyryp ýatyrsyň, tur-da gazanyň astyna ot ýak (A. Gowşudow). MYRTARLANMAK [myrta:rlanmak], işl. Myrtar bolmak, ýaramaz bolmak, erbetleşmek, pis bolmak. MYRTARLYK [myrta:rlyk], at. Myrtar gylyk- häsiýetlilik, ýaramazlyk, erbetlik, pislik. MYRTARLAŞMAK [myrta:rlaşmak], işl., ser. Myrtarlanmak. MYSAL [mysa:l], at. 1. Bir zat düşündirilende, tassyklanjak bolnanda, subut edilende getirilýän delil, subutnama, tassyklaýjy nusga, meselem. 2. mat. Sanlar bilen işlenýän matematiki aňlatma, gönükme. Mysal işlemek. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling