Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MYDAMA [myda:ma:], hal, ser. Mydam


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet202/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   198   199   200   201   202   203   204   205   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MYDAMA [myda:ma:], hal, ser. Mydam.  
MYDAMALAÝYN [myda:ma:laýyn], hal, ser. 
Mydamalyk. 
MYDAMALYK [myda:ma:lyk], syp. Hemme 
wagtlaýyn, mydamalaýyn, hemişelik, bakylyk, 
elmydamalyk. Adamlar dutarçylaryň çykyşynyň 
mydamalyk muşdagy. 
MYDAR [myda:r], at. 1. Güýç, kuwwat, gurbat, 
ysgyn-deramat. Şol sapar Wepa agyr ýaralandy, onuň 
ýöremäge mydary galmandy (A. Gowşudow). 2
Sabyr, karar, takat, kanagat. Dat eder men, ýok 
mydarym, Mähribanym, tur ýeriňden! (

Görogly

). 
Aýalsyza mydar bolmaz, Dönseň hökmi-Süleýmana 
(Magtymguly). 3ser. MydaraJapbaklar Doýdugyň 
gapysyny terk edenlerinden soň, olaryň mydary has-
da kynaldy (B. Kerbabaýew).


111 

Mydar etmek ýagdaýa görä gün geçirmek, 
oňşuk etmek, oňňut etmek. 
MYDARA [myda:ra], at. Gün-güzeran, ykdysady 
hal-ýagdaý, oňňut, oňşuk. 
MYDYRDAMA, iş ady. Mydyrdamak ýagdaýy. 
MYDYRDAMAK, işl. Ýuwaşjadan geplemek, 
çala eşidiler ýaly geplemek, gürlemek, mydyr-mydyr 
etmek. Ol kagyzlary birin-birin okap, öz içinden 
mydyrdady. 
MYDYRDAMAKLYK, iş ady. Mydyrdamak 
ýagdaýy. 
MYDYRDAMAZLYK, iş ady. Mydyr-mydyr 
edip geplemezlik. 
MYDYRDAŞMAK, 
işl. 
Ýerli-ýerden
mydyrdamak, birnäçe bolup mydyrdamak. 
MYDYRDAÝYŞ, iş ady. Mydyrdamak ýagdaýy. 
MYDYRDY, at. Mydyrdap geplenende çala 
eşidilýän sesiň ady. 
MYDYR-MYDYR, s.ş.aňl.söz. Ýuwasjadan 
gürlenip otyrka çykýan sesler.
MYDYRT: mydyrt etmek [mydyrt^detmek]biri 
ýa-da bir zat hakynda çala agzaw etmek, agzamak, 
dil ýarmak. Özi ýatlamasa, şol hakda mydyrt hem 
etme.  
MYGYLDY [myğylly], at. 
Köpçülikleýin 
gymyldy, hereket. Hiňňildigiň daşy adamdan 
mygyldy bolup durdy. 
MYH [my:h], at. Atyň toýnagyna nal kakylanda 
ulanylýan ýörite ýasalan çüý. 

 Myh ýaly örän berk, örän pugta. 
MYHAK [my:hak], at. Dänesi derman hökmünde 
ulanylýan, ýakymly ysly, gülli ýabany ösümlik. 
MYHLAMA [my:hlama], işady. Myhlamak 
ýagdaýy. 
MYHLAMAK [my:hlamak], işl. Myh kakyp 
berkitmek, myh urmak, çüýlemek. 
MYHLAMAKLYK [my:hlamaklyk], iş ady. 
Myhlamak ýagdaýy. 
MYHLAŞMAK 
[my:hlaşmak], 
işl. 
1
Myhlamaga kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup myh 
urmak, myh kakmak. 
MYHLATMAK [my:hlatmak], işl. Başga birine 
myh urdurmak, myh kakdyrmak. 
MYHLAÝYŞ [my:hlaýyş], iş ady. Myhlamak 
ýagdaýy. 
MYHMAN [my:hma:n], at. 1. Biriniň öýüne
görme-görşe, gezelenje gelen adam, gonak; bir sebäp 
bilen biriniň öýünde düşlän adam. Mert çykar 
myhmana güler ýüz bile, Namart özün gizlär, 
myhman ýoluksa (Magtymguly). 2. Ýygnaga, 
maslahata we ş.m. başga ýerden çagyrylan adam. 3
Bir ýere seýrek gelip-gidýän adam. Ol hemişe öýüne 
myhmandy, mydama iş saparynda bolýardy. 

Myhman almak 1) başga ýerden gelen bir 
adamy bir-iki günlük onuň haýyşyna görä 
wagtlaýynça öýüňde saklamak. 2) göç.m. ölen adamy 
dürli sebäplere görä ölen güni jaýlaman, ertire çenli 
saklamak. Myhman bolmak biriniň öýünde belli bir 
möhlete çenli galmak, wagtlaýyn düşlemek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   198   199   200   201   202   203   204   205   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling