MYHMANSÖÝÜJILIK [my:hma:nsöýüjülük],
at, ser. Myhmansöýerlik. Biz ähli ýerlerde
myhmansöýüjiligi, mähremligi, ýürekdeşligi gördük
(
Edebiýat we sungat
).
MYJABAT [myja:vat], at. Nähak ýere ýöňkelen
günä, töhmet, şyltak.
MYJABATÇY [myja:vatçy], at. Töhmet atyjy,
şyltakçy, ýersiz ýere birine aýyp ýöňkeýji.
MYJABATÇYLYK [myja:vatçylyk], at. Töhmet
atyjylyk, şyltakçylyk, aýyp ýöňkeýjilik.
MYŽŽARMA, iş ady. Myžžarmak ýagdaýy.
MYŽŽARMAK, işl. Suwy, şiresi çykyp durmak,
ezilip, owlup, zaýalanyp myžžyk bolmak. Çelekdäki
üzümler birnäçe gün geçenden soň myžžaryp başlady,
MYŽŽARTMAK, işl. 1. Myžžyk etmek, ezip,
basyp, suwuny, şiresini çykarmak. Erän gurşun ýaly
ürgün çäge onuň dabanynyň astynda myžžaryp,
yzynda
hatara
çukanak
galdyrýardy
(B.
112
Kerbabaýew). 2. göç.m. Myžžygyny çykarmak,
mynjyratmak.
MYŽŽYK, syp. Suwa mazaly ezilen, öl bolan, öl-
suw, sykybermeli . Derlemekden ýaňa onuň köýnegi
myžž yk boldy (N. Jumaýew).
Myžžygyny çykarmak birini mazaly urmak,
suwasalma edip urmak, gaty urmak.
MYKRAZ [mykyra:z], at. Sakgal, murt bejermek
üçin ulanylýan kiçijikgaýçy. Meret mykraz haltany
alyp, tamyň güneş ýüzüne çykdy (A. Durdyýew).
MYLAKAT
[myla:kat],
at.
Hoşamaýlyk,
mylaýymlyk, ýakymlylyk, mähir, ýüzi açyklyk. Är
öýüne är ger, mylakat görse, Ýüz tapmasa, gelmez
çagyrmak bilen (Zelili).
MYLAKATLY [myla:katly], syp. Mylakaty bar
bolan, mylaýym, ýakymly, hoşamaý. Müdir pessaý
ses bilen mylakatly sözledi (B. Kerbabaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |