Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NAMART [na:ma:rt], syp. Mert bolmadyk,  bigaýrat. Namart duşman görse, gussadan öler  (Magtymguly). NAMARTAÝ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet212/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   208   209   210   211   212   213   214   215   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NAMART [na:ma:rt], syp. Mert bolmadyk
bigaýrat. Namart duşman görse, gussadan öler 
(Magtymguly).
NAMARTAÝ, at. Uly ýaşly adamlaryň biriniň 
hereketine nägilelik bildirip aýdýan sözi. Goýup otur, 
namartaý, oba baryny berer welin, ony alyp geler (N. 
Saryhanow). 
NAMARTÇYLYK 
[na:ma:rtçylyk], 
at, 
ser.Namartlyk
NAMARTLAMA 
[na:ma:rtlama], 
iş 
ady. 
Namartlamak ýagdaýy. 
NAMARTLAMAK [na:ma:rtlamak], işl. 1
Namart bolmak, namartlyk etmek, bigaýratlap 
başlamak. 
2
Sözüňden 
dänmek, 
sözüňde 
tapylmazlyk, sözüňde durmazlyk. Ol ilki söz berdi, 
soň namartlap başlady. 
NAMARTLAMAKLYK [na:ma:rtlamaklyk], iş 
ady. Namartlamak ýagdaýy. 
NAMARTLAMAZLYK [na:ma:rtlamazlyk], iş 
ady. Namart ýaly hereket etmezlik; ejizlemezlik.
NAMARTLARÇA 
[na:ma:rtlarça], 
hal. 
Namartlaryň edişi ýaly, namartlaryň edähedine görä. 
NAMARTLAŞMAK 
[na:ma:rtlaşmak], 
işl. 
Namart 
bolubermek, 
kem-kemden, 
barha 
namartlamak, namarda öwrülip başlamak. 
NAMARTLAÝYŞ [na:ma:rtlaýyş], iş ady. 
Namartlamak ýagdaýy. 
NAMARTLYK [na:ma:rtlyk], at. 1. Namart 
bolmaklyk, mert dällik, bigaýratlyk. 2. Sözüňden 
dänmeklik, 
sözüňde 
tapylmazlyk, 
sözüňde 
durmazlyk. Ol beren sözünde tapylmady, namartlyk 
etdi. 
NAMAZ [nama:z], at. Musulmanlaryň günde bäş 
wagtyna doga okap edýän ybadaty.

Namaz arka kyblanyň garşysyndaky tarap. 
Yzlar iki ýabyň birigen ýerinden çykyp, namaz arka 
bakan gitdi (B. Kerbabaýew). 
NAMAZHON 
[nama:zho:n], 
syp. 
Şerigat
ýoluny tutmak maksady bilen günde bäş wagt
namazyny sypdyrman okaýan, namaz okamaga endik 
eden (adam).
NAMAZHONLYK 
[nama:zho:nluk], 
at. 
Namazhon adamyň ýagdaýy, sypdyrman namaz 
okamaklyk.
NAMAZLYK [nama:zlyk], at. Ak ýüňden 
basylan, ýüzi nagyşly, üstünde diňe namaz okalýan, 
bir tarapy ýarym aýlawly keçe ýa-da halyça. Haýatyň 
ýüzüne namazlyk halyça gerilgi durdy (

Edebiýat we 
sungat

). Namazlyk tapmasa garryja eneň, Çabdyny 
özüne namazlyk edýär (K. Gurbannepesow). 
NAMAZLYKLYK [nama:zlyklyk], syp. Namaz 
okamaga ýarar ýaly, namazlyk edip ulanar ýaly (don, 
çäkmen, mata we ş.m.). Namazlyklyk mata. 
NAMAZLY-TÄRETLI [nama:zly-tä:retli], syp. 
Namaz okaýan, päkize bedenli.  
NAM-NYŞAN [na:m-nyşa:n], at. Bir zatdan 
galan alamat, derek, yz, at-sor. Olarda tukatlykdan 
nam-nyşan ýok.
NAM-NYŞANSYZ 
[na:m-nyşa:nsyz], 
syp. 
Atsyz-sorsuz, dereksiz, hiç hili alamatsyz. Geçen 
uruşda nam-nyşansyz ýiten adamlaryň sany ýokdur. 
NAMUT [na:mu:t], syp. Umydy üzülen, näumyt, 
tamasyz; boş. Namut etme, şepagatdan, rähmetden 
(Magtymguly).
NAMYRAT [na:myra:t], hal. Maksat-myradyna 
ýetmedik, maksady hasyl bolmadyk, armanly. 
Namyradam neýleýin men, namys-ar elden gider 
(Mätäji). Şol gyz bolmanda-da, namyrat geçesiň ýok 
(Ý. Mämmediýew).
NAMYS [na:mys], at. 1. Şahsyýetiň borçlulyk 
düşünjesi bilen baglylykda ýüze çykýan duýgusy, 
ýokary mertebä eýe bolan ahlaklylyk, wyždanlylyk 
duýgusy. Ol öz namysyny gorap bilýän aýal 
(

Edebiýat we sungat

). 2. Ar, utanç, haýa-şerim 
bilen baglanyşykly duýgy, mertebe. Namysdan ýaňa 
ýere giräýjek boldum (

Türkmenistan

).


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   208   209   210   211   212   213   214   215   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling