Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet220/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   216   217   218   219   220   221   222   223   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NEBISJEŇLIK [nevisjeňlik], at. Nebisjeň 
bolmaklyk, betnebislik, nebsewürlik. Nebisjeňlik 
etmek 
NEBISLI [nevisli], syp. Nebsi bar, nebsini bilýän. 
NEBISLILIK [nevislilik], at. Nebsi barlyk, 
nebisli 
bolmaklyk, 
nebsiňi 
ileri 
tutmaklyk, 
nebisjeňlik. 
NEBISSIZ [nevissiz], syp. Nebsi bolmadyk
nebsi ýok, nebsini çäklendirip bilýän. 
NEBISSIZLIK [nevissizlik], at. Nebsi ýokluk, 
nebisli dällik, nebissiz bolmaklyk, nebsi öňüne 
düşmezlik, nebsiňe buýrup bilmeklik. 
NEBIT [nevit], at. 1. Ýeriň çökündi gatlagynda 
ýaýran gazylyp alynýan möhüm baýlyklaryň biri; çig 
mal hökmünde dürli önümler (kerosin, benzin, 
wazelin, parafin we ş.m.) almak üçin peýdalanylýan 
garamtyl-goňur ýa-da gara reňkli, ysly ýanyjy 
ýagjymak suwuklyk. 2. Nebitiň gaýtadan işlenmegi 
esasynda alynýan suwuk ýangyç. Çyranyň nebiti 
gutarypdyr. 
NEBITÇI [nevitçi], at. Nebit senagatynyň işgäri, 
nebit boýunça hünärmen.
NEBITÇILIK [nevitçilik], at. Nebitçiniň hünäri, 
käri, wezipesi. Ol ençeme ýyl bäri nebitçilik edýär. 
NEBITDAKYL [nevitdakyl], at, min. Ýag, çalgy 
ýagy we ş.m. taýýarlamak üçin ulanylýan, dürli agyr 
molekulaly parafinleriň garyşyp gatamagyndan emele 
gelen madda, dag mumy.
NEBSAGYRYJYLYK [nebsa:ğyryjylyk], at. Bir 
zada gynanyjylyk, nebsiň agyrmaklyk ýagdaýy. Ol 
ýigdekçä nebsagyryjylyk bilen garady.
NEBSEWÜR [nevsöwür], syp. 1. ser. Nebisjeň
2. Işdämen, iýmekde uly islegi bolan, işdäli, işdäsi 
oýanan, halys iýesi gelip duran. Ol nahara nebsewür 
garady. 
NEBSEWÜRLIK [nevsöwürlük], at. 1. ser. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   216   217   218   219   220   221   222   223   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling