NEMLEME, iş ady. Nemlemek ýagdaýy.
NEMLEMEK, işl. Yzgar çekmek, çyg çekmek,
öl çekmek, nemli bolmak.
NEMLENMEK, işl. Yzgar almak, yzgarlamak,
öllenmek. Ýagyş suwundan kemsiz nemlenen meýdan
ýaşyl mahmal bürendi.
NEMLI, syp. Çyg çeken, yzgar alan, yzgarly,
çygly. Niredendir bir ýerden üstüne ýagyş sepelän
gury syzanyň, şor garaganyň şorumtyk nemli ysy
şemala aralaşyp gelýärdi (A. Gowşudow).
NEMLILIK, at. Çyg, yzgar alanlyk, yzgarlylyk,
çyglylyk.
NEMSIZ, syp. Yzgarsyz, çygsyz, nem çekmedik,
gury.
NEMSIZLIK, at. Yzgarsyzlyk, çygsyzlyk, öl
dällik, gurulyk.
NEMUNA [nemu:no], at, k.d. Nusga.
NENEŇ,
Nähili, nätüýsli, neneňsi
ýaly
manylary aňladýan sorag çalyşmasy. Berdi aga, şol
ogluň üçin gelmäge ýüzüň-gözüň neneň çydaýar? (A.
Durdyýew).
NENEŇ-NIÇIK: neneň-niçik bolmak belli
bolmak, bir ýaňalyk bolmak, belli netijä gelinmek.
Men neneň-niçik bolandygyny düşündirdim.
NENEŇSI, çal.,ser. Neneň. Begenjimden neneňsi
öýe gelenimi hem bilmedim (R. Gelenow).
NENES [ne:nes], at, ser. Nenesler.
NENESLER [ne:nesler], at. Russiýada Kola
ýarym adasyndan Ýeniseý derýasyna çenli aralykda
ýaşaýan halk.
NEOLIT [neýoli:t], at, arheol. Daş asyrynyň has
soňky döwri, täze daş asyry.
NEP, at. Peýda, haýyr. Şu dermanyň nepi
degäýdi.
NEPAGA [nepağa], at, kön.s. Nep. Munuň içki,
aýratyn-da aşgazan agyrysyna nepagasy kän
(
Saglyk
).
NEPES, at, kön.s. 1. Dem. Ellerinden dür
dökülýän baharyň, Nepesi durlady çygly howasy (G.
Ezizow). 2. Oglana dakylýan at.
Do'stlaringiz bilan baham: |