Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


  Näme?,  nähili?  diýen sorag  çalyşmasynyň gysgalan görnüşi (ser. Nä


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet219/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   215   216   217   218   219   220   221   222   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

3
Näme?, 
nähili? 
diýen sorag 
çalyşmasynyň gysgalan görnüşi (ser. ). Eý 
mähribanym, saňa ne boldy? 
NEBELA [nevela:], syp. Nätüýsli, nähili, 
neneňsi. Bohow, sesi nebela eken-ow! (

Görogly

). 
Bu yssy nebela? 
NEBERE [nevere], at. Bir ata-babadan önenler, 
kowum-garyndaş; maşgala. Günbe-günden örňäp 
barýar neberäň (A. Atabaýew).
NEBI [nebi:], at. Pygamber. Niçe resul gitdi, niçe 
müň nebi (Magtymguly). 
NEBIR [nevir], syp. Nähili ajaýyp, nähili oňat,ne 
gözel, birgeňsi.
NEBIS [nevis], at. Maddy üpjünçilige ymtylyş, 
köp zada eýe boljak bolmak islegi, islegi 
kanagatlandyrmak meýli, şahsy peýdaňy bilmek 
islegi.

 Nebse çapmak nebsewürlik, açgözlülik etmek, 
öz hususy bähbidiňi aramak, zat diýip çarp urmak. 
Nebsiň agyrmak ýüregiň awamak, rehimiň inmek, 
haýpyň gelmek. Nebsiňe buýurmak öz islegiňi, 
arzuwyňy çäklendirip bilmek, özüňe erk edip bilmek, 
nebsiňe haý diýmek. Nebsiňe haý diýmek ser. 
Nebsiňe buýurmak. Nebsiň guly bolmak ýeke öz 
peýdaň üçin ýaşamak, diňe öz haýryňy gözlemek, 
nebsiň 
ugruna 
gitmek. 
Nebsiňi 
şaglatmak 
nebsewürlik etmek, nebsiňe haý diýip bilmezlik, 
nebsiň guly bolmak, nebsiň öňüne böwet bolup 
bilmezlik. Japbaklar nebsini şagladýanlardan, köpi 
gözläp, 
azdan 
galýanlardan 
däldirler 
(B. 
Kerbabaýew). Nebsiň oýanmak (otukmak) bir zada 
islegiň, höwesiň artmak, öz peýdaňy bilmek.  
NEBISJEŇ [nevisjeň], syp. Nebsi gereginden 
artyk, nebsi üçin ylgaýan, nebsewür, betnebis. 
Nebisjeň dünýäni ýuwutsa-da doýmaz (G. Kulyýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   215   216   217   218   219   220   221   222   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling