Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
Neşäň ýetmek mazaly keýplenmek.
NEŞEBENT [neşevent], at, ser. Neşekeş.Tirýekkeş, neşekeş, neşä erkini aldyran adam. NEŞEBENTLIK [neşeventlik], at. Tirýekkeşlik, neşekeşlik. NEŞEKEŞ [neşekeş], at. Tirýek çekmäge endik eden adam, tirýekkeş. 124 NEŞEKEŞLIK [neşekeşlik], at. Tirýekkeşlik, neşebentlik. Neşekeşlik diýilýän zat uly betbagtçylyk ( Türkmenistan ). NEŞELI [neşeli], syp. 1. Neşeden keýp alan, keýpli. Neşeli ýagdaý. 2. Keýpli, gyzykly, lezzetli. 3. göç.m. Özüne çekiji, timar berlen, owadan, kaşaň. Ol hem neşeli köwüşleri geýmegi gowy görýär (N. Pomma). NEŞELILIK [neşelilik], at. Neşeli ýagdaýda bolmaklyk, neşesi barlyk; kaşaňlyk. NEŞIR, at. 1. Çap edilip çykarylan kitaplar, žurnallar we ş.m. gollanmalar. 2. Çap edip çykarmak bilen baglanyşykly. Neşir işleri. 3. Neşir sözünden soň etmek kömekçi işligi gelip, täze manyly düzümli işlik ýasalýar: Neşir etmek çap edip çykarmak. NEŞIRÝAT [neşirýa:t], at. Kitap, kitapça, gazet- žurnal we ş.m.-leri neşir etmek bilen meşgullanýan edara. Ýene iki ýygyndy neşirýata çap etmäge hödürlendi. NEŞIRÝATÇY [neşirýa:tçy], at. Çap edip çykarmak işi bilen meşgullanýan neşirýat senagatynyň işgäri, çap edip çykarýan adam. NETIJE [neti:je], at. 1. Bir mesele, iş we ş.m. boýunça gelinýän iň soňky pikir, çözgüt. 2. Edilen işden gelýän peýda, görülýän haýyr. Islendik işiň jemleri ahyrky netije bilen kesgitlenýär ( Türkmenistan ). 3. Ahyr soňunda, iň soňunda diýen manyly giriş sözi. Netijede, öýleriň ýene-de 50 müňüsine gaz berildi ( Türkmenistan ). Netije çykarmak sapak edinmek, iş üçin belli karara gelmek. NETIJELI [neti:jeli], syp. Netije berýän, netijesi bar bolan. NETIJESIZ [neti:jesiz], syp. Netijesi ýok, netije bermeýän, biderek, boş. Netijesiz iş. NETIKAZA [netikaza:], syp. Özdiýenli, öz diýenini edýän. Netikaza adam. Ol tüýs netikaza eken. NETIKAZALYK [netikaza:lyk], at. Netikaza häsiýetlilik. Netikazalyk halanmaýan gylyk. NEÝLEMEK, işl., gepl.d. Näme etmek?, näme işlemek? manylarynda ulanylýan söz. Bir belasy bolmasa, guýruk munda neýlesin diýip oýlanypdyr ( Türkmen halk ertekileri ). Dost ilinden awaraýam, Gel, gör, meni yşk neýledi (Ýunus Emre). NÄ [nä:], 1. Sözüň öňünden goşulyp, ýoklugy aňladýan goşulma. Meselem: näbelli,nädogry we ş.m. 2. Nähili?, niçik? ýaly sorag çalyşmasynyň manysyny aňladýar. Seniň nä işiň, özi islänini etsin. Nä körüň bar? näme işiň bar, işiň ýok, barmak derkar däl. Olarda nä körüň bar? Öýde bol. NÄBELET [nä:velet], syp. Belet däl, tanyşlygy ýok, nätanyş. Sen maňa näbeletmi? NÄBELETÇILIK [nä:veletçilik], at, ser.Näbeletlik. NÄBELETLIK [nä:veletlik], at. Belet dällik, belet bolmadyk, tanyş dällik, nätanyşlyk. Şähere näbeletlik. NÄBELETSIREMEK [nä:velessiremek], işl. Belet bolmadyksyramak, bilmediksiremek; nätanyşsyramak, näbelet bolan bolmak. NÄBELLI [nä:velli], syp. Belli däl, açyk, anyk bilinmeýän; nätanyş. Tokaýdan näbelli guşlaryň hüwwüldili owazy gelýärdi (N. Jumaýew). NÄBELLILIK [nä:vellilik], at. Belli dällik, belli bolmadyk, açyk bilinmezlik, açyk dällik; nätanyşlyk. NÄÇE [nä:çe], çal.1. Bir zadyň bahasyny, sanyny, mukdaryny we ş.m. bilmek üçin ulanylýan sorag çalyşmasy. Onuň näçe ýaşanyny bilýän adam ýokdy (B. Seýtäkow). 2. Köp, köp gezek; isledigiňçe. Gowaça şeýle bir ösümlik, şeýle bir ekin, muny näçe taryplasaň, ýene az (B. Kerbabaýew). NÄÇENJI [nä:çenji / nä:çinji], çal. Soralýan zadyň tertip boýunça ornuny görkezmäge hyzmat edýän sorag çalyşmasy. Sen pellehana näçenji bolup geldiň? Näçenji sahypany okap gutardyň? NÄDOGRULYK [nä:doğruluk], at.1. Hakykata dogry gelmezlik, dogry dällik, ýalanlyk. 2. Ýalňyşlyk, hakyky dällik. Meseläniň goýluşynyň nädogrulygy ýüze çykdy. NÄDOGRY [nä:doğry], syp. 1. Hakykata dogry gelmeýän, dogry däl, dürs däl, ýalan, galp. 2. Ýalňyş. Biz meseläni nädogry çözüpdiris. NÄGEHAN [nä:ğeha:n], hal. 1. kön.s. Duýdansyz, birden, birdenkä, tötänden. Bir kerwen gelerdi Müsürden Şama, Nägehan geldiler üşbu mekana (Magtymguly). Nägehandan gelen betbagtçylyk ol maşgalanyň süýji durmuşyny bulady (B. Soltannyýazow). 2. göç.m. Garaşylmazdan inen bela, betbagtlyk, abanan howp. Beýle nägehan ynsanyň başyna inmesin. NÄGILE [nä:ği:le], syp. Bir zatdan ýa-da birinden göwni galan, närazy bolan, nadyl. Men siziň hiç biriňizden hiç wagtda nägile bolmadym (B. Kerbabaýew). NÄGILEÇILIK [nä:ği:leçilik], at, ser. Nägilelik. NÄGILELIK [nä:ği:lelik], at. Birinden ýa-da bir zatdan göwnüň galmaklyk, närazy bolmaklyk, nadyllyk, razy dällik. NÄHAJAT [näha:jat], at. Nämä geregi bar, nämä gerek, nämä derkar, geregi, hajaty ýok, ne hajat. Ederini bilmeze ýagy nähajat! (Nakyl). NÄHAK , syp. 1. Dogry däl, nädogry, hak däl. Adama nähak gara sürtmeli däl.2. Hiç bir sebäpsiz, biderek, ýerliksiz. NÄHEŇ, at, k.d. Kit, akula. Jeýhun derýasynyň Nili-näheňi (Magtymguly). NÄHILI [nä:hi:li], çal. Neneňsi, nätüýsli, niçik ýaly manydaky sorag çalyşmasy. Sen bagt diýen zada nähili düşünýärsiň? NÄHOŞ [nä:hoş], syp., ser. Näsag. NÄHOŞLAMAK [nä:hoşlomok], işl., ser. Näsaglamak. Ol ýaman nähoşlany üçin hassahana düşdi. NÄHOŞLUK [nä:hoşluk], ser. Näsaglyk. Enesiniň nähoşlugy hakynda telegramma aldy. NÄJÜRE [nä:jürö], çal., ýerli g., ser. Nähili. NÄKES [nä:kes], syp. Ugursyz, bolgusyz (adam). Sözüň parhyny bilmez bir näkes üçin bizden öýkelemäň! ( Edebiýat we sungat ). 125 NÄKESLIK [nä:keslik], at. Hiç zadyň alnyndan dällik, binamyslyk, sansyzlyk, bihepbelik. NÄLAÝYK [nä:la:ýyk], syp. 1. Mynasyp däl, deň gelmeýän, taý gelmeýän, laýyk däl. 2. göç.m. Nädogry, ýalňyş. Nälaýyk hereketler. NÄLAÝYKLYK [nä:la:ýyklyk], at. 1. Laýyk dällik, mynasyp bolmazlyk, deň gelmezlik. 2. göç.m. Nädogrulyk, ýalňyşlyk. Edilýän hereketleriň nälaýyklygy. Işde bolýan nälaýyklyklar. NÄLER [nä:ler] I, çal., gepl.d. Nämeler sözüniň (çalyşmasynyň) gysgalan görnüşi. Seýil edeliň bu jahana, Jahanda näler görüner (Magtymguly). NÄLER [nä:ler] II, çal. Her näçe, şunça, köp gezek, her edip, hesip edip. Men näler çydajak boldum-la. NÄLET [nä:let], at.1. Ýüzügaralyk, býabraýlyk, lagnat. 2. Gargyş, sögünç aňladýan söz. Patyşa kiçi gyzyna nälet aýdyp, bir gatyrhana saldyrdy (Halk ertekisinden). Nälet getirmek ýüzügara etmek, biabraý etmek. Nälet okamak gargyş etmek, gargamak. NÄLETI [nä:leti], syp., ser. Näletkerde. NÄLETKERDE [nä:letkerde], syp. Nälet, ysnat getirýän, näleti. Sen-ä näletkerde oglan bolduň. NÄLETLEME [nä:letleme], iş ady. Näletlemek ýagdaýy. NÄLETLEMEK [nä:letlemek], işl. Nälet aýtmak, pislemek; gargyş etmek. Ähli halklar näletleýär urşy (A. Kowusow). NÄLETLEMEKLIK [nä:letlemeklik], iş ady. Näletlemek ýagdaýy. NÄLETLENMEK [nä:letlenmek], işl. Biri ýa köpçülik tarapyndan nälet okalmak, gargyş edilmek. Erbet hereketler üçin näletlenmek. NÄLETLI [nä:letli], syp. Nälet siňen, nälet aýdylan, näletlenen, nälet eýesi bolan. NÄMAKUL [nä:ma:ku:l], hal. Makul däl, maksada laýyk däl, göwnejaý däl, makullanmaýan. Onuň çykyşyna dogry diýenem tapyldy, ony nämakul bilenem tapyldy. Siziň şu maslahatyňyz nämakul däl. NÄME [nä:me], çal. Atlaryň ornuna gelýän sorag çalyşmasy. – Näme beýle gijä galdyň? – diýip, söze başlady (H. Derýaýew). Nämäň alnyndan pylany kimmişin, ol hiç kim, elinden geljek zat bolmaz diýen manyda ulanylýan aňlatma. O nämäň alnyndan, ondan hiç kim gorkanok. NÄMEJAL [nä:meja:l], syp. Mejalsyz, ysgynsyz. Açyk gapydan içeri giren nämejal, ejiz göwreli, ýigrimi iki-ýigrimi bir ýaşlaryndaky ýigitdi (A. Gowşudow). NÄMEJALLYK [nä:meja:llyk], at. Ysgynsyzlyk, mejaly, kuwwaty, güýji ýokluk. NÄMÄHREM [nä:mährem], syp. 1. Ýat, keseki. Magtymguly, dostdan syryň gizleme, Biwepadyr, nämähremi gözleme (Magtymguly). 2. Mähirsiz, rehimsiz, yzgytsyz. O şol hatyn ki, nämährem nazardyr (Sopy Allaýar). NÄMÄHREMLIK [nä:mähremlik], at. Mähirli gatnaşykda dällik, kesekilik. Onuň garaýşynda nämähremlik duýulýardy. NÄMÄLIM [nä:mä:lim], syp. 1. Mälim däl, belli, aýan bolmadyk, gümürtik; düşnüksiz. 2. Tanyş däl, tanalmaýan, nätanyş. Nämälim çalyşma dil b. Biri, pylany, neme ýaly sözlerden ybarat bolup, köplenç atlaryň ýerine ulanylýan sözler. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling