NÄMÄLIMLIK [nä:mä:limlik], at.1. Mälim,
belli dällik, aýan bolmazlyk, gümürtiklik. Ýüreginde
turan howsala, gorky, nämälimlik barha güýjeýärdi
(B. Seýtäkow). 2. Tanyş dällik, nätanyşlyk.
NÄNE [nä:ne], at. Ýapragy we baldagy
gyzylymtyl, ýiti narpyz ysly, iýilýän ot.
NÄRAHAT
[nä:ra:hat],
syp.
Rahat däl,
ynjalyksyz, rahady ýok, rahatsyz, galagop. Närahat
ýürek. Närahat orun.
NÄRAHATLYK [nä:ra:hatlyk], at. Rahat dällik,
ynjalyksyzlyk,
rahady
ýokluk,
rahatsyzlyk;
galagoplyk. Onuň derde dözümli kalby närahatlyk
bilen urýardy (G. Kulyýew).
NÄRAZY [nä:ra:zy / nä:ra:zy:], syp. Birinden ýa-
da bir zatdan razy bolmadyk, razy däl.
NÄRAZYÇYLYK
[nä:ra:zyçylyk
/
nä:ra:zy:çylyk], at, ser. Närazylyk. Iki tarapda hem
närazyçylyk bolmasyn..
NÄRAZYLYK [nä:ra:zylyk / nä:ra:zy:lyk], at.
Birinden ýa-da bir zatdan razy bolmazlyk, razy
dällik,
makul
bilmezlik,
göwnejaý
dällik.
Ýoldaşlarynyň ýüzüne närazylyk bilen seretdi.
NÄRSE [nä:rse], ser. Zat. Ol ne gözdür, kirpigi
ýok, gaşy ýok? Gözlülerden ýagşy närseler görmüş
(Magtymguly).
NÄSAG [nä:sağ], syp. Sag däl, kesele duçar
bolan, nähoş, syrkaw. Hekim näsagyň ýagdaýyny
bilenden soň, uludan demini aldy.
NÄSAGÇYLYK
[nä:sağçylyk],
at,
ser.
Näsaglyk. Onuň gürrüň bermegine görä, näsagçylyk
ilerki obalara-da ýaýrapdyr (G. Kulyýew).
NÄSAGLAMA
[nä:sağlama],
iş
ady.
Näsaglamak, ýarawsyzlyk ýagdaýy.
NÄSAGLAMAK [nä:sağlamak], işl. Kesele
duçar bolmak, ýarawsyz bolmak, syrkawlamak,
hassalamak, nähoşlamak. Birhili, bagrym sançýar,
ýüregimiň ugry ýok, näsaglap ýörün öýdýän
(
Edebiýat we sungat
).
Do'stlaringiz bilan baham: |