NESIHAT [nesi:hat], at. Birine bir mesele, iş
hakynda berilýän öwüt-ündew, maslahat.
NESIHATÇY [nesi:hatçy], at. Nesihat, öwüt
berýän adam, maslahatçy. Men seni nesihatçy bagşy
diýip eşitdim (
Görogly
).
NESIHATLY [nesi:hatly], syp. Öwüt-ündewli,
maslahatly.
NESTEREN, at, kön.s. Ýabany bägül; itburun.
Ýa reb, ol gülgün ýaňagyň gülmüdir ýa nesteren (Şah
Ysmaýyl).
NESÝE, at. Belli bir möhlete çenli bahasy, puly
berilmän alnan, puly nagt berilmedik, nyrhy
tölenmedik. Myraly goýunlaryny nesýe satjagyny
aýdypdyr (
Myraly
).
Nesýä geçmek nesýe almak, ynamyny ödemek,
nagt tölemän almaga mynasyp bolmak; alyş-berişde
ygtybarly hasaplanmak.
NESÝE-NOWGAN [nesýe-nowğa:n], hal, ser.
Nesýe. Çykarman ol hem sesini, Nesýe-nowgan
kömek etdi (Ç. Aşyrow).
NEŞDER, at. 1. Ujy ýiti dilkaw pyçajyk, gan
almak üçin ulanylýan pyçajyk. Ol tenine neşder urlan
ýaly tisgindi. 2. gepl.d.Ary, möý ýaly käbir mör-
möjekleriň çakýan ýiti iňňesi. Şol zarbada bat alyp,
Çakdy neşderin dürtüp (B. Kerbabaýew). 3. göç.m.
Şöhle. Günüň neşderleri depäňi deşip barýar (B.
Hudaýnazarow).
NEŞE, at. 1. Tirýek, meň ýaly saglyk üçin
zyýanly bolan humarlandyryjy jisimleriň umumy ady.
Hemmeler neşe nogsanyna garşy aýaga galmaly
(
Türkmenistan
). 2. Tirýek, meň çekmek, arak,
çakyr içmek we ş.m. zatlar netijesinde adamda ýüze
çykýan ýelgin, keýp. Biz olaryň ýanynda maşyny
sakga durzup, olaryň neşesini uçurdyk (N. Pomma).3.
göç.m. Ýykgyn edilýän zat, ýoň, nysak, ýörelge.
Soňky döwurde gaty kop maşynly gelin getirmek neşe
bolupdyr.
Neşe bilmek bir zady dereje hasaplamak, öz
artykmaçlygyňy görkezýän alamatdyr öýtmek,
mertebe saýmak. Öňde-de biri sapançasynyň boş
gabynyň içine daş hem aňry-bäri dykyp, biline
guşanar eken, şony hem özüne neşe biler eken (A.
Gowşudow). Neşäň gaçmak (uçmak) keýpiň
bozulmak, keýpiň gaçmak. Waheý, bar neşämi
gaçyrdyň-la, gyz (G. Muhtarow, G. Seýitliýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |