NOWELLAÇY [nowe:llaçy], at. Nowella
ýazýan ýazyjy.
NOWGÜL [nowğül], at. 1. Täze gül, täze, ýaňy
açylan gül. 2. Söýgüli ýar, gözel gyz-gelin. Başym
gurban täze gelen nowgüle (Aýdymdan). 3. Gyza
dakylýan at.
NOWHA [nowho], at. Agyly derdinme
görnüşindäki aýdym. Aşyk bolan jandan umydyn üzer,
Gijeler dynmaýyn nowhalar düzer (
Şasenem –
Garyp
).
NOWHANA [nowha:na], at. Derýadan baş, saka
alýan giň uly ýap. Tejen derýasynyň özeni bolan
nowhana örän çuňňurdy (B. Kerbabaýew).
NOWJUWAN [nowjuwa:n], syp. Ýaş ýigit; ýaş
gyz. Eý soltan, bir nowjuwan, Bize otlar saldy gitdi
(
Görogly
). Aýyp kylmaň, eý ýaranlar, nowjuwan
elden gider (Mätäji).
NOWRUZ, at. 1. Käbir Gündogar ýurtlarynyň
hasaby boýunça täze ýyl çalşygy, täze ýyl çalşygynyň
ilkinji güni, täze gün. Nowruzyň garyna bäsdeşlik
edip oturan pagta synym oturmanam durmady (H.
Garabaýew). 2. Oglana dakylýan at.
Nowruz baýramy Alynky Aziýada, Ýakyn we
Orta Gündogarda, Orta Aziýada, şol sanda
Türkmenistanda we Zakawkazýede ýazyň gelmegi
bilen bellenýän baýram.
NOWRUZGÜL [nowruzğül], at. 1. ösüml.d.
Baldagy şahasyz we ýapraksyz, gülleri sary, gülgün,
gyzyl reňkli köpýyllyk ösümlik. 2. Gyza dakylýan at.
NOÝABR [noýa:vyr], at. Milady senenamasy
boýunça ýylyň on birinji aýy.
NOÝBA [no:ývo], at. Uzyn kösükli birýyllyk
ösümlik, şeýle hem onuň süýri däneli hasyly. Noýba
hasylyny ýygnamak.
NOÝBALY [no:ývoly], syp. Noýba goşulan,
noýba atylan, noýba garylyp bişirilen. Noýbaly unaş.
Do'stlaringiz bilan baham: |