Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet244/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   240   241   242   243   244   245   246   247   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OJAGAZ-BUJAGAZ [ojağaz-vujağaz], at, ser. 
Odur-budur. 
OJAK [o:jok], at. 1. Palçykdan, kerpiçden, 
demirden ýasalan ýa-da ýerden gazylyp, içinde ot 
ýakylýan, çaý-nahar taýýarlamak üçin niýetlenen 
hojalyk enjamy. Ojagyň başynda çommalyp oturdy-
da, elini oduň üstüne tutdy (B. Seýtäkow). 2. göç.m. 
Bir zadyň merkezi, dörän, ýüze çykan ýeri; bir zadyň 
ýaýran ýeri. Medeniýet ojagy3gepl.d. Öý, öý-içeri, 
hojalyk. Bir armanym galdy, zürýat diýmedim, 
Ojagyn göç basan, kör Jygaly ogly (

Görogly

). Her 
bir maşgala ojagyna agzybirlik, arzuw edýäris. 
OJAKBAŞY [o:jokbaşy], at. Öýüň duluna, 
aýallaryň oturýan gap böwrüne, ojagyň başyna
düşemek üçin dokalýan kiçiräk haly. Gap dula 
çaklaňrak ojakbaşy şaplaşyp duran bolsa, Zybanyň 
ýanyndan tä Atanyýazyň namaz okap duran ýerine 
çenli 
aralyga 
düýphaly 
görk 
berýär 
(Ý. 
Mämmediýew).
OJAKBAŞYLYK [o:jokbaşylyk], syp. Ojakbaşy 
dokamak üçin gerekli (serişdeler). 
OJAKGÖMME [o:jakgömmö], at, gepl .d., ser. 
Gömme. 


136 
OJAKKILIM [o:jakkilim], at, gepl. d., ser. 
Ojakbaşy
OJAKSA [o:jokso], at,gepl.d. Öýüň içindäki 
ojagyň daşyna aýlanan pessejik aýlaw tagtasy, 
aýmança. 
OJAR [ojor], at. 1. Gumda bitýän, çalymtyl 
reňkli, ownuk pürli sazak, gara sazak. 2. Oglana 
dakylýan at. 
OJARGARAK [ojorğarak], at. Selmeler 
maşgalasyndan bolup, şorlukda ösýän gyrymsy agaç 
ösümligi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   240   241   242   243   244   245   246   247   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling