OKABERMEK [oka:vermek], işl. Ýazylan bir
zady sesli ýa-da içiňden okap başlamak.
OKADYLMAK [okodulmok], işl. Okatmak işi
amal edilmek. Çagalar obanyň ilersindäki mekdepde
okadylýar.
OKADYŞ [okoduş], iş ady. Okatmak ýagdaýy.
OKADYŞMAK [okoduşmok], işl. Okatmaga
kömek etmek.
OKALGA [okolğo], at. Kitaplardyr gazet-
žurnallary okamak üçin ýöriteleşdirilen jaý. Bahar
bir gapdaldaky okalga jaýyndan gazet alyp çykdy (A.
Gowşudow). Dolar okalgalar, bolmaz boş ýeri, Her
kim talap eder dürli eseri (A. Kekilow).
OKALMAK [okolmok], işl. Ýazylan, çap edilen
haty, gazeti, eseri we ş.m. sesli ýa-da içiňden okap,
mazmunyna düşünmek.
OKAMA [okomo], iş ady. Okamak ýagdaýy.
Onuň iliň hatyny okamasy birhili.
OKAMAK [okomok], işl. 1. Ýazylan zady sesli
beýan etmek ýa-da içiňden sessiz gözden geçirmek,
tanyşmak. Magtymguly dikelip oturdy-da, ýaňyja
tamamlan setirlerini penjirä bakan tutup,
howlukman dykgat bilen okamaga durdy (G.
Kulyýew). 2. Sowat, bilim almak, ylymly, bilimli
bolmak üçin okuw mekdebinde tälim almak. 3. Dem
salmak, doga sanamak. 4. Aýtmak, diýmek. Biçäre
Dilaram derdini beýan kylyp, bir gazal okady
(
Melike–Dilaram
). Gurhan okamak. Aýat okamak.
5. göç.m. Biri ýa-da bir zat hakynda birine birsyhly
gep bermek.
Namaza durmak namazlygyň üstüne geçip,
namaz okamaga başlamak. Namaz okamak
musulmanlarda: bäş wagt namaz parzyny günde bäş
wagtyna namaza durup, aýat okap eglip-galmak
arkaly berjaý etmek. Ertir namazyny okamak. Öýle
namazyny okamak. Ikindi namazyny okamak. Agşam
namazyny okamak. Ýassy namazyny okamak.
Do'stlaringiz bilan baham: |