Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet254/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   250   251   252   253   254   255   256   257   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OMAÇ [omoç], at. 1. Ýer sürülýän ýönekeýje 
azalyň ýerdemir geýdirilýän bölegi, ýogyn agaç. 
Jykyr bilen suw çekýän, omaç bilen ýer ekýän beşir 
daýhany dälmidi? (

Edebiýat we sungat

). 2göç.m. 
Ujy tommaýly taýak. 
OMAÇA [omoço], at. But ýa-da gol süňküniň 
bişirilen bir bölegi. Ýüz tomaşadan bir omaça 
(Nakyl). Men hem şol toýdan bir okara palaw bilen 
ullakan bir omaça alyp gelýärdim (Halk 
ertekisinden). 
OMADAKLAMA [omodoklomo], iş ady, gepl.d.
Omadaklamak ýagdaýy. 
OMADAKLAMAK 
[omodoklomok], 
işl., 
gepl.d. Elleriňi ýere berip, dört aýak bolup ýöremek, 
emedeklemek. Eňňitden omadaklap gelmek. 
OMÇA [omço], at. Sazagyň, ojaryň ýogyn ýeri, 
düýbi. 
OMMUGRAK [ommuğra:k], syp. Biraz, sähel 
ommuk. 
OMMUK, syp. Başy, ujy, jüründigi döwlüp 
aýrylan, omruk. Küýzegär ommukdan suw içer 
(Nakyl). Ommuk çäýnek. 
OMONIM [omo:ni:m], dil.b. Sözleriň aýdylyşy 
we ýazylyşy meňzeş bolan aýry-aýry manyly sesdeş 
sözler. (meselem: çal [ça:l]
1
reňk ady, çal [ça:l]
2
içilýän süýt önümi).
OMPA [ompo]: ompa oturmak 1) otyrýeriňi ýere 
birden goýberip oturmak. Ilarasynda 

aw öňüňde 
ompa otursa, ýaragyňy taşlamalymyş

diýen gürrüň 
bar. 2) başaşak, aşagy ýokaryk, ýokarsy aşak bolup 
durmak, oturmak. Atylan dört aşygyň biri ompa 
oturdy. Ompa oturtmak birini gepde, sözde, jedelde 
we ş.m. basmak, ýeňmek. –...Goçmyradyň öýünde bir 
maýor bilen duşuşdym, şol ýigit gaty ylymly bolara 
çemeli, asyl menem ompa oturtdy – diýip gürledi (A. 
Gowşudow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   250   251   252   253   254   255   256   257   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling