139
OLDURYKLATMAK [olluruklotmok],
işl.
Birine aýakgabyň içine olduryk saldyrmak.
Çokaýy
olduryklatmak.
OLDURYKLYK [ollurukluk],
at. Olduryk
etmäge ýaramly keçe, deri bölegi, peteklik.
Ata köne
keçeden olduryklyk kesindi.
OLIMPIA [olimpiý:a],
at. kön.s. Olimpiadanyň
ilkinji geçirilen şäheriniň ady.
OLIMPIADA [olimpiýa:da],
at. 1.Gadymy
greklerde Olimpiýa şäherinde geçirilen
sport
ýaryşlary.
2. Olimpiýa oýunlarynyň dört ýyldan bir
gezek geçirilýän halkara sport ýaryşy.
OLJA [oljo],
at. 1. Duşmandan üstün çykylanda
ýa-da bir oba, ýurt talananda alynýan zatlar.
2.
göç.m. Aňsatlyk bilen düşen zat, gazanç, ýeňil
düşewünt. –
Bu oljany bize hudaý berdi, Görogly –
diýip, Köse zaňňar telpegini atyp-atyp ýere urýar
(
Görogly
).
Molla Kemine, sen-ä bir oljanyň
üstünden barypsyň öýdýän (Keminäniň adyna
aýdylýan şorta sözlerden).
Oljasy oňmak oňat düşewünt düşmek,
bir zady
ele salmak; işiň bitip, keýpiň kök bolmak.
Onuň
aýdym sesini eşidenler: – Sary körüň oljasy
oňupdyr-ow! – diýşerdiler (A. Gowşudow).
Do'stlaringiz bilan baham: