Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet260/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   256   257   258   259   260   261   262   263   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ORFOGRAFIÝA [orfogyra:fyýa], at, dil.b. Her 
bir diliň sözleriniň umumy kabul edilen ýazylyş 
kadalar ulgamy, dürs ýazuw. 
ORGAN [o:rğon], at. Jemgyýetçilik durmuşynyň 
aýry-aýry ugurlarynda kesgitli wezipeleri ýerine 
ýetirýän gurama, edara. Türkmenistanda kanun 
çykaryjy organlara yzygiderli geçirilýän saýlawlar 
demokratiýanyň 
berjaý 
edilýändigine 
şübhe 
döretmeýär 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow.
Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek 
bagtdyr). 
ORKESTR 
[arke:stir], 
at
Dürli 
saz 
gurallaryndan düzülen sazandalar topary. 
ORLABERMEK [orla:vermek], işl. Gaty ses 
bilen aglabermek. 
ORLAMA[orlomo], iş ady. Orlamak ýagdaýy. 
ORLAMAK [orlomok], işl. Gaty ses bilen 
aglamak. 
ORLAMAKLYK [orlomokluk], iş ady. Orlamak 
ýagdaýy. 
ORLAŞMAK [orloşmok], işl. 1. Birden köp 
bolup, köpçülik bolup orlamak, bile orlamak. 2
göç.m. Uly goh turuzmak, zenzele etmek. 
ORLAŞYK [orloşuk], at. Köpçülikleýin agy (ýas 
ýerinde). 
ORLAÝYŞ [orloýuş], iş ady. Orlamak ýagdaýy. 
ORMA [ormo], iş ady. Ormak ýagdaýy. 
ORMAÇat,gepl.d. Süýt, ýag salynýan iki ýa-da 
dört gulply küýze; golça. Aýhanym bir görseň süýt 
sagylýan ormajy elinden gaçyrýar, bir görseň suw 
kädisini gaçyrýar (B. Seýtäkow). 
ORMA [ormo], iş ady. Ormak ýagdaýy. Oglankak 
orak ormany hem gördük, ýandak ýatyrmany hem
ORMAK [ormok], işl. Hasylyny almak üçin 
bugdaý, arpa ýaly ak ekinleri orak we ş.m. bilen 
ýygmak. Her kim öz ekenini orar (Nakyl). Ýumruksyz 
ýüzer sen, ýüpsüz asar sen, Oraksyz orar sen, tygsyz 
keser sen (Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   256   257   258   259   260   261   262   263   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling