Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet268/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   264   265   266   267   268   269   270   271   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ot ýakdyrmazlyk ynjalyk bermezlik, günüňe 
goýmazlyk, rahatlyk bermezlik. Bu zaňňar ot 
ýakdyrmaýar (

Görogly

). Ot ýaly 1) gaty gyzgyn. 
Ol içi ot ýaly çorbaly tabagy öňüne çekdi. 2) is 
başarjaň, dogumly, edenli. Hawa, oglanlar biri-
birinden kem däldir. Baram ot ýalydyr (

Edebiýat we 
sungat

). Basan ýerinden ot çykmak gaty dogumly 
hereket etmek (serBasmak).
OTABERMEK [ota:vermek], işl.Otap başlamak; 
otamak işini dowam etdirmek. Şu ýerden başla-da, 
aňyrlygyna tarap otaber. 
OTAG [otoğ] I, at. Ýaşalýan jaýdaky birnäçe 
tamyň biri. Iki otagyň arasyndaky gapyda gabsa 
deregine ýaşyl perde asylgydy (

Edebiýat we 
sungat

). 
OTAG [otoğ] II, at. Ekilýän ekinleriň düýbüni 
ýumşadyp, haşal otlardan arassalaýyş işi. Höwes 
bilen bejerýäris pagtany, Yhlas edip, jan çekýäris 
otagda (A. Salyh).
OTAGA [otoğo] , at. Şaýly tahýanyň gupbasyna 
oturdylýan, düýebaşlyklara dakylýan per, jyga. 
Başynda karkara, zerrin otaga, Şasenem sypatly 
gyzlary bardyr (Magrupy). Kümüş gupba güneş nury 
degende, Otagalar oýnar ýeller içinde (R. Seýidow). 
OTAGALY [otoğoly], syp. Otaga dakylan, 
jygaly. 
OTAGÇY [otoğçy], at. Otag edýän adam. 
Aňyrrakda bolsa otagçylar otag otap ýördüler. 
OTALMAK [otolmok], işl. Otag edilmek.. 
Gowaçalaryň içi gaýtadan otaldy. 
OTAMA [otomo], iş ady. Otamak ýagdaýy. Otag 
otaşyn-a otag otamany bilmeýäniňkä meňzeýär
OTAMAK [otomok], işl. Ekinleriň içini haşal 
otlardan arassalamak. Olar atyzda gowaça otaýarlar.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   264   265   266   267   268   269   270   271   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling