OTURYBERMEK [oturuvermek], işl. Iki
dyzyňy epip, bir ýerde ornaşybermek.
OTURYLMAK [oturulmok], işl. 1. Belli bir
ýerde ýerleşip ýaşalmak, mesgen tutulmak. Öňler bu
ýerlerde-de oturylýardy. 2. Uzak oturmak, bir ýerde
oturyp galmak, köp bolmak. Myhmançylykda köp
oturylaýypdyr.
OTURYLYŞYK [oturulşuk], at. Ýygnanyşyk,
üýşmeleň, kiçeňräk toý, oturyşma. Biz baranymyzda
oturylyşyk mazaly gyzan eken (G. Kulyýew).
OTURYMLY [oturumly], syp. Göçüp-gonup
ýörmeýän, hemişe bir ýerde ýaşaýan, ýerli. Oturymly
ilat.
OTURYMLYLYK [oturumluluk], at. Hemişe bir
ýerde ýaşamaklyk, oturymly bolmaklyk, ýerlilik.
OTURYP-TURMAK [oturup-turmok], işl. 1. Ilki
aýagyňy epip, soňundan dik durmak. 2. Gymyldydan
galmazlyk, adam üçin zerur herekleri edip bilmek. Bu
ýaşdan soň oturyp-turmaga ýarasam oňýan-la.
OTURYŞ [oturuş], iş ady. Oturmak ýagdaýy.
Onuň oturyşy gaty arkaýyn görünýär.
OTURYŞMAK [oturuşmok], işl. 1. Kem-kemden
oturmak, ýerleşişmek. Goçmyrat we başgalar geçip
oturyşdylar (A. Gowşudow). 2. Oturylyşyk etmek,
üýşmeleň, ýygnanyşyk etmek, kiçeňräk toý etmek,
gellebäri (gelbäri) etmek.
OTURYP-TURUŞ [oturup-turuş], at. Edep-
ekram, özüňi alyp baryş. Bir ýigidiň aslyn bileý
diýseňiz,
Märekede
oturup-turuşyn
görüň
(Magtymguly). Onuň häsiýeti, oturyp-turşy edil
atasyna çekipdir.
OTURYP-TURUŞMAK [oturşup-turuşmok],işl.
Biri bilen baryş-geliş etmek, ýakyn aragatnaşyk
saklamak, biri-biriň bilen gatnaşmak. Onuň atasy
atly-abraýly adamlar bilen oturyp-turşan adam.
Do'stlaringiz bilan baham: |