Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
OWAZLANDYRMAK [owa:zlannyrmak], işl.
Owaz çykarmak. OWAZLANMA [owa:zlanma], iş ady. Owazlanmak ýagdaýy. OWAZLANMAK [owa:zlanmak], işl. Owazly ses çykmak, ýaňlanmak. Märekäniň gopgun-gowgasy çar tarapa owazlanyp gidýär (G. Kulyýew). OWAZLANMAKLYK [owa:zlanmaklyk], iş ady. Owazlanmak ýagdaýy. OWAZLANYŞ [owa:zlanyş], iş ady. Owazlanmak ýagdaýy. OWAZLATMAK [owa:zlatmak], işl., ser. Owazlandyrmak.Murtlak pyýada goşa kirşi başardygyça sazlaşykly owazladyp, üç-dört heň gaçyrdy (G. Kulyýew). OWAZLY [owa:zly], syp. Owazy bar bolan, hoş ýakýan sesli, ýakymly, mylaýym, şirin sesli, labyzly. Hoş owazly bilbilimden, şirin güftardan aýryldym (Magtymguly). OWAZLYLYK [owa:zlylyk], at. Owazy barlyk, owazly bolmaklyk. Bu dutaryň owazlylygy beýlekiden gowy eken. OWDURMAK [owdurmok], işl. Birine bir zady owkalap, mynçgalap ýumşatdyrmak. Gurt owdurmak. OWF, üml.1. Bir zatdan allaniçigsi bolup, howpurganyňda aýdylýar. Owf, heý beýle-de bir yssy bolarmy? 2. Agyryny, ýadawlygy, darykmagy, ynjalyksyzlygy we ş.m. aňladýar. OWGAN [owğa:n], ser. Owganlar. OWGANLAR [owğa:nlar], at. Owganystanyň ýerli ilaty. OWHAL [owha:l], at, gepl.d. Hal, ýagdaý. Ýatsam, sen-sen owhalym, Tursam golumda sazym, Köýen dertli ýürekden Çyksyn otly beýazym (Mollanepes). OWJUN, at. Boýuntyrygyň aşagyndan goýulýan keçe. Owjun goýmasaň, öküziň boýnuny boýunturuk ýara edýär. Owjun ýüp azalyň okuny boýuntyryga daňmak, berkitmek üçin ýüp. OWKALABERMEK [owkola:vermek], işl. Owkalap başlamak; eliň bilen gysyşdyryp owubermek. 152 OWKALAMA [owkolomo], iş ady. Owkalamak ýagdaýy. OWKALAMAK [owkolomok], işl. 1. Bedeniň bir ýerini el bilen gysyşdyryp basyşdyrmak. Enebaý eje bu goh-galmaga oýanyp, ýorganlarynyň üstünde oýaly-ukuly gözlerini owkalap oturan Aba bilen Ýusupberdä: – Balalam, ogul jigiňiz boldy – diýip, lak atdy-da, täze dogan çaganyň sesi çasly çykýan tama tarap döndi (Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 10 s.). Elleri bilen ýüzüni owkalap pallady-da, hak-ýeý toba diýip, ýerinden turup, tamyna ýüzlendi (A. Durdyýew). 2. Bir zady eliň aýasyna salyp mynjyratmak, eliň bilen gysyşdyryp owratmak, owmak. 3. Eýini ýetirmek üçin çekişdirip ýumşatmak, el bilen owmak (eýlenýän deri hakynda). OWKALAMAKLYK [owkolomokluk], iş ady. Owkalamak ýagdaýy. OWKALANMAK [owkolonmok], işl. Biri tarapyndan mynçgalanmak. El-aýagy kemsiz owkalanan syrkawyň jany aram tapdy. OWKALAŞDYRMAK [owkoloşdurmok], işl. Owkalap çykmak, öwran-öwran owkalamak. Tumar agyran goşarlaryny taýly sapar owkalaşdyrdy-da, haýdap ýola düşdi (T. Gurbanow). OWKALAŞMAK [owkoloşmok], işl. 1. Owkalamaga kömek etmek. 2. Birnäçe bolup owkalamak. OWKALATDYRMAK [owkolotdurmok], işl. Başga birine owkalatmak. Eýlenen derini owkalatdyrmak. OWKALATMAK [owkolotmok], işl. Owkalamak işini başga birine etdirmek, owkalamaga mejbur etmek; owkalamaga ýol bermek. Arkaňy maňa owkaladaý. OWKAT [owka:t], at. 1. Gün-güzeran, eklenç. Meni öňki owkadymdan aýrarsyň ( Görogly ). 3. gepl.d.Nahar. Olar owkady dadanlaryndan soň, pälwan ýigit topraga elini urup, ýüzüne sylýardy ( Edebiýat we sungat ). Gün-owkat bermezlik ser. Gün bermezlik. OWLAK [owlok], at. 1. Geçiniň, keýigiň entek alty aý ýaşamadyk çagasy. Bir jeren aldyrsa elden owlagyn, Mäleý-mäleý gözlemeýen bolarmy? (Magtymguly). 2. Gyza dakylýan at. OWLAK-GUZY [owlok-guzy], at. Owlak hem guzy, ownuk mal, dowar. Meniň owlak-guzy bakýan oglan wagtymdy (B. Kerbabaýew). OWLAKLAMA [owloklomo], iş ady. Owlaklamak ýagdaýy. OWLAKLAMAK [owloklomok], işl. Guzlamak (geçi, keýik hakynda). OWLAKLAMAKLYK [owloklomokluk], iş ady. Owlaklamak ýagdaýy. OWLAKLAÝYŞ [owlokloýuş], iş ady. Owlaklamak ýagdaýy. OWMA [owmo], iş ady. Owmak ýagdaýy. OWMAÇ [owmoç], at. Ýaňy bişen gyzgyn çörek dogralyp, üstüne ýag guýlup, owlup, mynçgalyp taýýarlanylýan iýmit. Unumy tükeden unaş, ýagymy tükeden – owmaç (Aýtgy). OWMAÇLABERMEK [owmoşla:vermek], işl. Mynjyradybermek, mum-helim edibermek, owubermek. OWMAÇLAMA [owmoşlomo], iş ady. Owmaçlamak ýagdaýy. OWMAÇLAMAK [owmoşlomok], işl. Owmak, mynjyratmak, mum-helim etmek. OWMAÇLAMAKLYK [owmoşlomokluk], iş ady. Owmaçlamak ýagdaýy. OWMAÇLANMAK [owmoşlonmok], işl. Owulmak, mynjyradylmak, mum-helim edilmek. Bir ýandan ýag bilen owmaçlanan gyzgyn çöregiň ysy geldi. OWMAÇLATMAK [owmoşlotmok], işl. Owmaçlamagy başga birine etdirmek. OWMAÇLAÝYŞ [owmoşloýuş], iş ady. Owmaçlamak ýagdaýy. OWMAK [owmok], işl. 1. Gurdy owkalap ezmek, ýumşadyp ýazmak. – Hawa, tagsyr, sen gurduňy owup ýetişdirseň, men köjäni döwüp ýetişerin – diýýär (Kemine). 2. gepl.d. Mazaly urmak, ýençmek, endam-janyny kül etmek. 3. Keçe bişirilen mahalynda ony ezip, aýak bilen iki ýana itelemek, düýrleşdirip basmak. OWMAKLYK [owmokluk], iş ady. Owmak ýagdaýy. OWNABERMEK [owna:vermek], işl. Ownap başlamak, ownuk bolup başlamak. OWNAMA [ownomo], iş ady. Ownamak ýagdaýy. OWNAMAK [ownomok], işl. 1. Ownuk böleklere bölünmek, owranmak, maýdalanmak, külke bolmak. 2. Kiçelip galmak, kiçelmek. 3. göç.m. Gylyk-häsiýet taýdan jinnekçi bolmak, ownukçyl bolmak. Men näme üçin beýle ownadymkam? (B. Seýtäkow). 4. göç.m. Ähmiýeti gaçmak, ugry bolmazlyk. Pahaý, gürrüňimiz-ä juda ownad-ow (A. Gowşudow). OWNAMAKLYK [ownomokluk], iş ady. Ownamak ýagdaýy. OWNAŞMAK [ownoşmok], işl. 1. Gylyk-häsiýet taýdan kem-kemden maýdaçyl bolup başlamak. 2. Kiçelip, ownuk bolup başlamak. Adamlar gitdigiçe ownaşýan ýaly. OWNATDYRMAK [ownotdurmok], işl. Ownar ýaly etdirmek, böleklere böldürtmek, külkeletdirmek. OWNATMAK [ownotmok], işl. Ownar ýaly etmek, böldürmek, külkeletmek. OWNAÝYŞ [ownoýuş], iş ady. Ownamak ýagdaýy. OWNUK, syp. 1.Gabarasy, müçesi iri bolmadyk, uly däl. 2. Maýda, uşak, kiçi. Aýsoltanyň näzik dodaklary bolsa, endigan ownuk dişlerini güjeňläp, näz ediji, özüne çekiji bir ýagdaýda ýylgyrýar (B. Kerbabaýew). 3. Düzümindäki sany köp bolmadyk, kiçi. 4. göç.m. Möhüm, wajyp bolmadyk, ähmiýetsiz; bolgusyz, ugursyz. Ownuk adam ownukçyl, jinnekçi, bolgusyz adam. Ownuk mal goýun, geçi ýaly mallar, dowar. 153 OWNUKÇYL [ownukçul], syp. Sähelçe zada üns berýän, ownuk zatlara baş agyrdýan, maýdaçyl, jinnekçi. Men seniň ownukçyl, diňe öz peýdasyna çapyp ýören adam däldigiňi bilýärin (B. Seýtäkow). OWNUKÇYLLYK [ownukçulluk], at. Sähelçe zada üns berijilik, maýdaçyllyk, jinnekçilik. Söwdada ownukçyllyk edip durmazlar. OWNUKLAMA [ownuklomo], iş ady. Ownuklamak ýagdaýy. OWNUKLAMAK [ownuklomok], işl. 1. Ownap başlamak, maýdalanmak, kiçelmek. Iri damjalar barha ownuklap, hakyky siňňitli ýagşa öwrüldi. 2. göç.m. Ownukçyl bolmak, jinnekçi, bolgusyz, maýdaçyl bolmak, ownuk-uşak zada üns bermek. OWNUKLAÝYŞ [ownukloýuş], iş ady. Ownuklamak ýagdaýy. OWNUKLY-IRILI [ownukl(y)-i:rili], syp. 1. Uly we kiçi gatyşyk, ululy-kiçili, beýikli-pesli. Şol mahal hem ownukly-irili keýik sürüsi ökje göterip, gözden ýitip gidýär (A. Gowşudow). 2. göç.m. Uly ähmiýeti bolmadyk, ownuk-uşak ähmiýetli, ownuk häsiýetli, uly bolmadyk. Ownukly-irili kemçilik bolsa, günübirin düzetmeli. OWNUKLYK [ownukluk], at. 1. Iri dällik, maýdalyk, külkelik. Tüwiniň ownuklygy hiç. 2. ser. Ownukçyllyk. OWNUK-UŞAK [ownuğ-uşok], syp. 1. Her hili, uly bolmadyk, bölek-büçek, maýda-çüýde. Ownuk- uşak agaç ýonuşgalaryny, çöp-çalamlary bir ýere ýygnaşdyran bolýardy (B. Seýtäkow). 2. Kiçi ýaşly. Ownuk-uşak çaga görmedim-le!? Onçakly ähmiýeti bolmadyk, kiçi-kirim, ikinji derejeli. Ownuk-uşak meseläňiz bolsa aýdyberiň. OWRADYLMAK [owrodulmok], işl. Biri tarapyndan ownuk böleklere bölünmek. Odun owradylyp goýlupdyr. OWRADYŞDYRMAK [owroduşdurmok], işl. Bir ýan ujundan owradyp çykmak, döwüşdirmek. Ol sazaklary owradyşdyryp goýdy. OWRADYŞMAK [owroduşmok], işl. 1. Bir zady owratmaga kömek etmek. 2. Bilelikde owratmak. OWRAM [owrom]: kül-owram bolmak döwlüp çym-pytrak bolmak. Ümmülmez ýogyn agaçlar gara ört bolup küle dönüpdir, kül-owram bolup pytrapdyr (A. Gowşudow). OWRAM-OWRAM [owrom-owrom], hal. Birnäçe bölek, köp bölek. Agajy owram-owram etmek. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling