Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
OWSARLAMAZLYK [owsorlomozluk], iş ady.
Düýä owsar salmazlyk. OWSARLANMAK [owsorlonmok], işl. 1. Düýä owsar salynmak. Düýeler owsarlandy. 2. göç.m. Biri tarapyndan boýun egdirilmek, tabyn edilmek. OWSARLAŞMAK [owsorloşmok], işl. 1. Düýäni owsarlamaga kömek etmek. Men ýoldaşymyň adamçy düýesini owsarlaşdym. 2. Birnäçe bolup owsarlamak. Oglanlar düýelerini owsarlaşyp durdular. OWSARLATMAK [owsorlotmok], işl. Owsarlamak işini başga birine etdirmek; owsarlamaga mümkinçilik döretmek, mümkinçilik bermek. – Kaka, şu düýäni maňa owsarladaýsana! – Näbileýin-dä saňa owsarladaýsa. OWSARLAÝYŞ [owsorloýuş], iş ady. Owsarlajak bolmak ýagdaýy. Düýäni owsarlaýşyň maňzyma batanok. OWSUN, at. 1. Möý, ýylan-içýan we ş.m. çakanda okalýan doga. 2. göç.m. Biriniň ýa-da bir zadyň özüne çekiji güýji, jadysy, gudraty, täsiri. Mehinliniň owsuny şol niýetini bir bada gowşatdy (B. Kerbabaýew). Owsun atmak möwç almak, batlanmak, haýbatlanmak. Dag, dereler lerzan urar, Owsun atyp, sil biläni (Magtymguly). OWSUNÇY, at. Owsun atyjy, owsun bilen özüne çekiji, bendi ediji. Örüm-örüm saçlaryň owsunçy mara ogşar, Nagt bereýin puluňy, bir-birden sana zülpüň (Kemine). Ylgadym görmäge gözel ýarymy, Ak ýüzde owsunçy zülpi-tarymy (A. Kekilow). OWSUNLAMA [owsunlomo], iş ady. Owsunlamak ýagdaýy. 154 OWSUNLAMAK [owsunlomok], işl. Owsun atmak, möwç almak, batlanmak, haýbatlanmak, galkynmak. Şol oýunçy gözler ony özüne bakan owsunlaýardy (B. Kerbabaýew). OWSUNLANMAK [owsunlonmok], işl. Owsuna düşmek, owsuna uçramak. OWSUNLATMAK [owsunlotmok], işl. Owsuna düşürmek, jadylap özüne çekmek. Ol ony özüne bakan owsunladýardy. OWSUNLAÝYŞ [owsunloýuş], iş ady. Owsunlamak ýagdaýy. OWSUNLY, syp. Özüne çekiji, jadylaýjy, täsirli. Bagşy bir gulakdan düzülen üç dutaryň owazyna özüniň owsunly sesini goşup aýdyp başlady ( Edebiýat we sungat ). OWSUNMA [owsunmo], iş ady. Owsunmak ýagdaýy. OWSUNMAK [owsunmok], işl. 1. Möwç almak, batlanmak, haýbatlanmak, güýçlenmek. Deňiz tolkunlary owsunyp, kenara urulýardy. 2. Galkynmak, islemek, höwes etmek. Çaga kakasyna barjak bolup owsunýar. OWSUNMAKLYK [owsunmokluk], iş ady. Owsunmak ýagdaýy. OWSUNYBERMEK [owsunuvermek], işl. Owsunup ugramak, batlanybermek; galkynybermek. OWSUNYŞ [owsunuş], iş ady. Owsunmak ýagdaýy. OWŞANAKLAMA [owşonoklomo], iş ady. Owşanaklamak ýagdaýy. OWŞANAKLAMAK [owşonoklomok], işl. Aýaklaryň arasyny giň açyp hereket etmek, ýöremek. Ileri tarapdan bir adam owşanaklap gelýärdi. OWŞANAKLATMAK [owşonoklotmok], işl. Owşanak-owşanak edip ýöretmek. OWŞANAKLAÝYŞ [owşonokloýuş], iş ady. Owşanaklamak ýagdaýy. OWUÇ, at, ser. Ýanowuç. Aslyň owuç gumdur, dem bir nepesdir, Özüňe bir dolan, işiň hebesdir (Magtymguly). Bir owuç däne. OWUÇLABERMEK [owuşla:vermek], işl. Owujyňy dolduryp alybermek. OWUÇLAMA [owuşlomo], iş ady. Owuçlamak ýagdaýy. OWUÇLAMAK [owuşlomok], işl. 1. Owujyňy dolduryp almak ýa-da bermek. Owuçlap duz almak. 2. Owujyň bilen bir zady, mysal üçin, sakgaly gysymlamak. OWUÇLANMAK [owuşlonmok], işl. Owujyň doldurylyp alynmak, berilmek. OWUÇLATMAK [owuşlotmok], işl. Owuç bilen aldyrmak, berdirmek. OWUÇLAÝYŞ [owuşloýuş], iş ady. Owuçlamak ýagdaýy. OWULMAK [owulmok], işl. Owkalanyp, mynçgylanyp ezilmek, ýenjilen ýaly bolmak. Saçlary dagynykdy, tozan siňen solgun ýüzi çytykdy, gamçy degen, symsyklanan göwresi owlupdy (B. Kerbabaýew). OWUNJAK [owunjok], syp. Örän ownuk. OWUNTYK [owuntuk], at. Bir zadyň ownuk bölejigi. Bir damja suwy, bir owuntyk iýmiti şol ölçelen ryskdan artyk-da, kem-de iýibem bolmaz, içibem (H. Derýaýew). OWURT, at. 1. Iki ýaňagyň iç we daş ýüzi. Owurtlary içine gidip, çekgeleri tümmeripdir (R. Gelenow). 2. Agyz boşlugy, agyz. Siz küýzäni göterip, ilki owurtlanyňyzda el ýaly gaýmak owurdyňyzy doldurar (H. Ysmaýylow). Owurdyna suw alan ýaly gürlemän, geplemän oturan (adam hakynda). OWURTLABERMEK [owurtla:vermek], işl. Suwy, suwuk zady owurtlap içip başlamak. OWURTLAMA [owurtlomo], iş ady. Owurtlamak ýagdaýy. OWURTLAMAK [owurtlomok], işl. Suwy, suwuk zady owurdyňa alyp içmek. Ol iki owurtlanda, içi çally käsäni boşatdy. OWURTLANMAK [owurtlonmok], işl. Owurdyňa suwuklyk alnyp içilmek. OWURTLATMAK [owurtlotmok], işl. Birine bir zady owurtlap içmäge mümkinçilik bermek. OWURTLAÝYŞ [owurtloýuş], iş ady. Owurtlamak ýagdaýy. OWUŞ, iş ady. Owmak ýagdaýy. OWUŞMAK [owuşmok], işl. 1. Birine owmaga kömek etmek. Gurt owuşmak. 2. Köpçülik bolup owup oturmak. OWUZ, at. Täze guzlan malyň ilkinji sagymynyň süýdünden bişirilen iýmit. Owuz süýdi täze guzlan malyň ilkinji sagymynyň süýdi. Owuz süýdüni halaýar, Garagolja gölejik (M. Garryýew). OÝ [o:ý] I, at. Pes ýer, çöket, çöketlik, peslik. Marynyň golaýynda, Amaşanyň oýunda, Murgabyň boýunda mydama göge bürenip oturan bir uly oba bar (H. Ysmaýylow). OÝ [o:ý] II, at. Biri ýa-da bir zat hakynda edilýän pikir, küý. Bu gaflat ukusyna gidip baky dynçlyga batan guburlar adamyny oýa gark edýär (T. Gurbanow). Oýa batmak çuň pikire gitmek, biri ýa-da bir zat hakynda köp pikir etmek. Oýa çümmek ser. Oýa batmak. Çuňňur oýa çümdi Çoýan, Bir ýagty ýyldyza bakyp (R. Seýidow). Oýa gitmek ser. Oýa batmak. – Şeýle diýsene – diýip, Öwezmyrat batyr oýa gitdi (A. Gowşudow). Oý kölüne batmak (gark bolmak) pikir kölüne gark bolmak, bar zatdan bihabar pikir edip oturmak. OÝA [oýo], syp. Ukuda däl, uka gitmedik, uklaman ýatan. – Oýa nämişlesin, samraýa-la – diýip, kakasy bilmediksirän boldy (A. Durdyýew). OÝ-ALADA [o:ý-alada], at. Oý-pikir, ünji. Ýa-da başga aýratyn oý-aladasy barmydy? (B. Kerbabaýew). OÝALYK [oýoluk], at. Ukuda dällik, oýa halda bolmaklyk, uklaman ýatmaklyk. Bilmen oýalykda, bilmen düýşümde, Pereňde Gyratyň owazy geldi ( Görogly ). 155 OÝALY-UKULY [oýol(y)-ukuly], hal. Alasarmyk ýagdaýda, ýarym ukuda, kä oýa, kä ukuly. Öýüň gapysynda Gurban oýaly-ukuly ýatyr (A. Durdyýew). OÝAN-BUÝAN [oýa:n-muýa:n], hal. 1. Eýläk- beýläk, ol tarapa, bu tarapa, iki ýana. Oýan-buýan urunýar, Dözmeýärdi malyna (A. Alamyşow). Şol ýerde biraz durup, Oýan-buýan garadym (A. Kekilow). 2. Eýle-beýle, ol zat-bu zat, ol-bu. Bir salym oýan-buýan, durmuş-dünýä gürrüňinden söz açyp, gürleşip oturdylar (A. Gowşudow). OÝANDYRMAK [oýonnurmok], işl. 1. ser. Oýarmak.Horazlaryň sesi olary ir oýandyrdy. 2. göç.m. Gözüni açmak, janlandyrmak, döretmek, oýarmak. Şol duşuşyk Aýsoltanyň kalbynyň näzik ýerinde bir duýgy oýandyrdy (B. Kerbabaýew). OÝANMA [oýonmo], iş ady. Oýanmak ýagdaýy. OÝANMAK [oýonmok], işl. 1. Ukudan açylmak. Waka şu ýere ýetende, Göwher hopugyp oýandy (T. Taganow). 2. göç.m. Ýüze çykmak, peýda bolmak, janlanmak, döremek. OÝANMAKLYK [oýonmokluk], iş ady. Oýanmak ýagdaýy. OÝANYŞ [oýonuş], iş ady. Oýanmak ýagdaýy. OÝANYŞMAK [oýonuşmok], işl. Birnäçe adam oýanmak. Adamlar oýanyşdy öýdýän. OÝARMA [oýormo], iş ady. Oýarmak ýagdaýy. OÝARMAK [oýormok], işl. 1. Ukudan açmak, turuzmak. Näzli ýar erkin ýatandyr, Oýarmaga gyýmaz gözüm (Magtymguly). 2. göç.m. Ýüze çykarmak, janlandyrmak, döretmek. Bu ýeňiş adamlarda täze zähmet joşgunyny oýardy. 3. göç.m. Janlandyrmak, oýandyrmak. Gara gyşyň sowlup, ýazyň gelmegi dumly-duşy oýardy. OÝARMAKLYK [oýormokluk], iş ady. Oýarmak ýagdaýy. OÝARYBERMEK [oýoruvermek], işl. Uklap ýatanlary oýaryp başlamak. OÝARYŞ [oýoruş], iş ady. Oýarmak ýagdaýy. Ýatan adamy ukusyndan oýaryşyň gaty gödek-le, eliň bilen egnine eliňi degrip, çalaja yralaýmazlarmy?! OÝATDYRMAK [oýotdurmok], işl., ser. Oýartmak. Otla ýetişäýer ýaly edip oýatdyraryn ( Edebiýat we sungat ). OÝATMAK [oýotmok], işl., ser. Oýarmak 1, 2. Süýji ukuda ýatany oýatmaga ýürek edip bilmedi (B. Seýtäkow). Ah, juwan gyz, onuň yşkyn oýadan, Sen dälmidiň bagryn gana boýadan? (M. Seýidow). OÝDURMAK [o:ýdurmok], işl. Oýular ýaly, oý bolup durar ýaly etdirmek. OÝ-HYÝAL [o:ý-hyýa:l], at, ser. Oý-pikir. OÝJARYLMAK [o:ýjorulmok], işl. Hondanbärsi bolup, ornaşykly oturmak (köplenç, aýallar hakynda). Bossan mürähede mähetdel, öýüň oňaýly ýerine geçdi, oýjarylyp oturdy (B. Kerbabaýew). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling