Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet277/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   273   274   275   276   277   278   279   280   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Oýkanyp oturmak oýkanjyrap ýeriňden 
galman oturmak. Näme oýkanyp otyrsyň, tur-da, işiň 
bilen bol! 
OÝKANMAKLYK [oýkonmokluk], iş ady. 
Oýkanmak ýagdaýy. 
OÝKANYŞ [oýkonuş], iş ady. Oýkanmak 
ýagdaýy. 
OÝKANYŞMAK [oýkonuşmok], işl. Köp bolup, 
birnäçe bolup oýkanyp oturmak. Oýkanyşyp 
oturmalyň-da, işli-işimize başlalyň! 
OÝKATMAK [oýkotmok], işl. Birini bir zady 
oýkamaga mejbur etmek, oýkamaga ýol bermek, 
mümkinçilik bermek. 
OÝKAÝYŞ [oýkoýuş], iş ady. Oýkamak 
ýagdaýy. 
OÝLAMA [o:ýlomo], iş ady. Oýlamak ýagdaýy. 
OÝLAMAK [o:ýlomok], işl. 1. Pikir etmek, 
oýuňda aýlamak, bir zada ünsüňi gönükdirmek, 
pikirlenmek. Ol ep-esli oýlap, sowan çaýyny 


156 
owurtlandan soň, dostuna sowal berdi (B. 
Kerbabaýew). 2. Çak etmek, çaklamak, güman 
etmek. Şol arzuwyma ýetdim diýip oýlady (B. 
Kerbabaýew).  

Oýlap tapmak döredijilikli işläp, täze bir zat 
döretmek, oýlap çykarmak, täzelik girizmek.  
OÝLAMAKLYK 
[o:ýlomokluk], 
iş 
ady. 
Oýlamak ýagdaýy. 
OÝLANDYRMAK [o:ýlonnurmok], işl. Birini 
oýlanmaga mejbur etmek, oýa batyrmak. Şol çakylyk 
ony, elbetde, oýlandyrypdy (B. Kerbabaýew). 
OÝLANJYRAMAK 
[o:ýlonjuromok], 
işl. 
Oýlanyp sagynyp durmak, ýaýdanyp durmak. 
Myhman oýlanjyrap biraz durdy. 
OÝLANMA [o:ýlonmo], iş ady. 1. Oýlanmak 
ýagdaýy. 2. Kyssa bilen ýazylan şygyr. Liriki 
oýlanma
OÝLANMAK [o:ýlonmok], işl. Öz ýanyňdan bir 
zat hakynda pikirlenmek, pikir ýöretmek, bir zadyň 
pikirini etmek (ser. Oýlamak 1.)
OÝLANMAKLYK [o:ýlonmokluk], iş ady. 
Oýlanmak ýagdaýy. 
OÝLANYBERMEK [o:ýlonuvermek], işl. Pikir 
edibermek, oýuňda aýlabermek, pikirlenibermek. 
OÝLANYLMAK [o:ýlonulmok], işl. Pikir 
edilmek, oý edilmek. 
OÝLANYŞ [o:ýlonuş], iş ady. Oýlanmak 
ýagdaýy. Bu sowal welin oýlanyşa-da, agtaryşa-da, 
gözlege-de mätäç däl (

Edebiýat we sungat

). 
OÝLANYŞMAK [o:ýlonuşmok], işl. 1. Birnäçe 
bolup oýlanmak. Olar etmeli işleri hakynda 
oýlanyşyp otyrdylar. 2. Birsellem oýlap, ölçerip 
görmek. Seniň eden teklibiň hakynda az-kem 
oýlanyşyp göreýin.
OÝLANYŞYKLY [o:ýlonşukly], syp. Oýlanylyp 
ölçerilen, mazaly we hertaraplaýyn pikirlenilen. 
Oýlanyşykly hereket etmek. 
OÝLANYŞYKLYLYK [o:ýlonşukluluk], at. 
Oýlanyp ölçerilen, pikirlenilen ýagdaýda bolmaklyk.
OÝLANYŞYKSYZ 
[o:ýlonşuksuz], 
hal. 
Oýlanylyp 
ölçerilmedik, 
hertaraplaýyn 
pikirlenilmedik.
OÝLANYŞYLMAK [o:ýlonşulmok], işl., ser. 
Oýlanyşmak.
OÝLAP-ÇENLEMEK [o:ýla:p-çenlemek], işl. 
Jikme-jigine çenli oýlanyp, pikirlenip görmek. Ol 
näme etmelidigini oýlap-çenläp kän pikir etdi. 
OÝLAÝYŞ [o:ýloýuş], iş ady. Oýlamak 
ýagdaýy.
OÝLUK [o:ýluk] I, at. Oý ýer, pes ýer, çöket 
ýer, peslik, çöketlik. Onýança bir belentlige 
çykanymyzda, aşakda günüň şöhlesi düşüp, agaryp 
ýatan bir oýluga gözüm düşdi (Ş. Borjakow). 
OÝLUK [o:ýluk] II, at. Çopan-çoluklaryň 
sowukdan goranmak üçin egne atynýan, keçeden 
edilen ýapynjasy. Ol çadyryň içinde çopanlaryň 
oýlugyna girip gyşaryp uklapdyr (A. Gowşudow). 
OÝLUKMAK [o:ýlukmok], işl. Bir zatdan 
çekinýän ýaly üşerilmek, çeke durmak. Gapyda 
oýlugyp durma-da, giriber. 
OÝMA [o:ýmo], iş ady. Oýmak ýagdaýy. 
OÝMAK [o:ýmok] Iişl1Gazyp, köwüp çukur 
etmek, oýuk etmek.
OÝMAK [o:ýmok], at. Tikin tikilende iňňe 
barmaga çümmez ýaly, süýem barmaga geýdirilýän 
metal esbap, enjam. Körpe gelin otursyn, eline 
oýmak ötürsin (Halk döredijiliginden). 
OÝMUDYKLABERMEK 
[oýmudukla:vermek], işl. Oýmudyklap ugramak. 
OÝMUDYKLAMAK [oýmuduklomok], işl., 
ser. Oýmuldamak. Düýe derrew oýmudyklap, 
çökmek bilen boldy (H. Ysmaýylow).
OÝMUDYKLAŞMAK [oýmudukloşmok], işl. 
Birnäçe bolup oýmudyklamak. Oýmudyklaşyp ýöräp 
gitmek. 
OÝMULDABERMEK [oýmulla:vermek], işl. 
Oýmul-oýmul edip ýöräbermek, oýmudyklabermek. 
OÝMULDAMA 
[oýmullomo], 
iş 
ady. 
Oýmuldamak ýagdaýy. 
OÝMULDAMAK [oýmullomok], işl. Oýmul-
oýmul edip ýöremek, oýmudyklap, çaýkanjyrap 
hereket etmek (ser. Moýmuldamak). Oýmuldap 
bardy-da, aýnanyň akja tutusyny birýana syryp, 
jyklap, daşaryk seretdi (N. Pomma).
OÝMULDAMAKLYK [oýmullomokluk], iş ady. 
Oýmuldamak ýagdaýy. 
OÝMULDAŞMAK [oýmulloşmok], işl. Birnäçe 
bolup oýmuldamak (ser. Moýmuldaşmak). Semiz-
semiz gazlar oýmuldaşyp ýör (

Edebiýat we sungat

). 
OÝMULDAÝYŞ 
[oýmulloýuş], 
iş 
ady. 
Oýmuldamak ýagdaýy. 
OÝMUL-OÝMUL: oýmul-oýmul etmek ser. 
Oýmuldamak. Ol edil ördek ýaly, petekesini 
gaýşardyp, oýmul-oýmul edip, gaýynymyň öýüne girdi 
(A. Durdyýew). 
OÝMUR-OÝMUR [o:ýmur-o:ýmur], at. Oý 
bolup duran, oýulyp duran, çukanak-çukanak bolup 
duran. Keçeleriň-de haýsy döwrüňkidigi mälim 
bolman, diňe oýmur-oýmur deşikleri, tüýjeren ýüňleri 
saýgarylýardy (B. Kerbabaýew). 
OÝNABERMEK [oýna:vermek], işl. Oýnap 
ugramak; oýnamagy dowam etdirmek. Çagalar, 
topuňyzy şu giňçilikde oýnaberiň
OÝNAG [oýnoğ], at. 1. Edilýän iş, pişe, iş 
salşylýan hünär. Şondan soň meniň-ä oýnagym gyjak 
boldy (

Edebiýat we sungat

). 2. Güýmenje, 
oýnalýan zat. Elenen ak çäge bolsun oýnagyň 
(Aýdym). 3göç.m.Oýnalyp ýörlen, oýnatga öwrülen 
adam, çaga. Olaryň oýnaglary men boldum 
OÝNAKLADYBERMEK [oýnokloduvermek], 
işl. Gözüni her hili hereketler etdirip oýnadybermek, 
gözüňi oýnadyp, yşarat etmek. 
OÝNAKLAMA 
[oýnoklomo], 
iş 
ady. 
Oýnaklamak ýagdaýy. 
OÝNAKLAMAK [oýnoklomok], işl. 1. Her hili 
oýunlar edip bökjekläp durmak, oýun etmek. Ýaby 
wagtal-wagtal oýnaklap, öňňürdikläp barýardy. 2
Çalt hereket etmek, möwç alyp hereket etmek. 
Tolkunlar yzly-yzyna oýnaklap, düýrlenip kenara 
gelýär3göç.m. Eýläk-beýläk hereket edip durmak, 


157 
her tarapa hereket etmek (göz hakynda). Onuň gözleri 
şatlyk bilen oýnaklaýardy. 
OÝNAKLAŞMAK [oýnokloşmok], işl. Birnäçe 
bolup, köpçülikleýin, bilelikde oýnaklamak. Owadan 
tohum atlar boýunlaryny talawladyşyp, kellelerini dik 
tutuşyp, oýnaklaşyp barýardylar (A. Gowşudow). 
OÝNAKLATMAK [oýnoklotmok], işl. 1. Her 
hili hereketler etdirmek, bökjekletmek, oýunlar 
etdirmek. Ýaşajyk taýçanagy oýnaklatmak. 2. Eýläk-
beýläk hereket etdirmek, her tarapa aýlamak. 
Gözlerini mekirlik bilen oýnakladyp, oňa ýiti-ýiti 
garady (G. Kulyýew). 
OÝNAKLAÝYŞ 
[oýnokloýuş], 
iş 
ady. 
Oýnaklamak ýagdaýy. 
OÝNALMAK [oýnolmok], işl. 1. Oýun 
geçirilmek; sahnada goýulmak, ýerine ýetirilmek. Bu 
oýun köp gezek oýnaldy. 2. Birine deglip, üstünden 
gülünmek. Öz oýnalandygyna jany ýansa-da, ony 
bilmezlige saldy (

Edebiýat we sungat

). 
OÝNAM [oýnom], san. 1. Dört. Aklym alan şol 
gaýtarma, Ini-boýy oýnam sere, Tilki baýyň 
keýwanysyn, Aýlap-aýlap çaldy ýere (K. 
Gurbannepesow). 2. Dört sany. Oýnam çaga. Oýnam 
aşyk. 

Iki oýnam sekiz, sekiz sany. Iki oýnam pişme
OÝNAMA [oýnomo], iş ady. Oýnamak ýagdaýy, 
hereketi. 
OÝNAMAK [oýnomok], işl. 1. Her hili oýun 
bilen meşgullanmak. Ýaňyja oýnap ýadadyk-da, 
goýry kölegede bir salym seleňläýin diýip otyryn (B. 
Kerbabaýew). 2. Bir roly ýerine ýetirmek. 
Artistleriniň oýnaýan rollary. 3. Birine degip, 
bälçiräp üstünden gülmek, birini aldap,oýnap 
gülüşmek. Näme, adamyny oýnajak bolýarmyň? – 
diýip, Suhan gaty gaharlandy (H. Derýaýew). 4
Eýläk-beýläk hereket etmek, iki-baka garamak (göz 
hakynda). Wepa entek kiçijikdi, onuň gözleri oýnap 
durýardy (A. Gowşudow). 5sport. Lotereýa we ş.m. 
oýunlara gatnaşmak.
OÝNAMAKLYK 
[oýnomokluk], 
iş 
ady. 
Oýnamak ýagdaýy. 
OÝNAMLAMA 
[oýnomlomo], 
iş 
ady. 
Oýnamlamak ýagdaýy. 
OÝNAMLAMAK [oýnomlomok], işl. Oýnam 
bilen sanamak, ölçemek, oýnam-oýnam edip 
sanamak, dört-dörtden sanamak. 
OÝNAMLAMAKLYK [oýnomlomokluk], iş 
ady. Oýnamlamak ýagdaýy. 
OÝNAMLANMAK 
[oýnomlonmok], 
işl. 
Oýnamlap sanalmak.. 
OÝNAMLATMAK 
[oýnomlotmok], 
işl. 
Oýnamlap sanatmak. Aşyklary oýnamladypsanatmak 
OÝNAMLAÝYŞ 
[oýnomloýuş], 
iş 
ady. 
Oýnamlamak ýagdaýy. 
OÝNAŞ [oýnoş], at. Aýal bilen nikasyz ýaşaýan 
erkek adam ýa-da erkek bilen nikasyz ýaşaýan aýal. 
OÝNAŞDYRMAK [oýnoşdurmok], işl. Eliňe 
alyp oýnap oturmak. Artyk Aýnanyň zülmaýy 
barmaklaryny oýnaşdyryp, haşylaşyp dem aldylar 
(B. Kerbabaýew).
OÝNAŞLYK [oýnoşluk], at. Oýnaş bolmaklyk, 
oýnaşyň ýagdaýy, pişesi. 
OÝNAŞMAK [oýnoşmok], işl. Köp bolup oýnap 
ýörmek. Belent çynarlaryň öňüne üýşüp, Şadyýan 
çagalar oýnaşyp ýörler (A. Atajanow). 
OÝNATGY [oýnotgy], syp. Özüni oýnadyp 
ýören, üstünden gülünýän, oýnalýan adam. Saňa 
oýnatgy akmak diýerler (A. Gowşudow). Toba 
tagsyr, sen-ä oýna-çyna düşünmeýän tüýs bir 
oýnatgy ekeniň (N. Pomma). 
OÝNATGYLYK [oýnotguluk], at. Oýnatgy 
bolmaklyk, oýnatgynyň ýagdaýy, bolşy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   273   274   275   276   277   278   279   280   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling