OÝNATMAK [oýnotmok], işl. 1. Oýna
güýmemek, oýun etdirmek, oýnamaga mümkinçilik
bermek. Bir pyýada at üstünde çagajygyny oýnadyp,
onuň eýjejik ýüzüni mähir bilen synlaýardy (G.
Kulyýew). 2. Bir zady hereket etdirmek. Garry
bagşy barmaklaryny näçe oýnatdygyça, mukam
şonça ýakymly ýaňlanýar (A. Gowşudow).3.
Üstüňden güldürmek. Men özümi oýnadýan däldirin.
OÝNAWAÇ [oýnowa:ç], at. 1. Çagalar oýnamak
üçin ýasalan gurjak we ş.m. her dürli zatlar. Dürli
oýnawaçlar oýnap öz-özi, Käte bir zat diýip kesýärdi
sözi (A. Kekilow). 2. göç.m. Başga biriniň erki
boýunça hereket edýän adam, oýnatgy adam. Meni
oýnawaç hasaplaýarmyka? (A. Nazarow).
OÝNAÝYŞ [oýnoýuş], iş ady. Oýnamak
ýagdaýy.
OÝ-PIKIR [o:ý-pikir], at. Pikir, paýhas, küý,
paýhaslanyş; oý-hyýal. Berdi şol oturan ýerinden
ullakan oý-pikire gitdi (H. Derýaýew).
OÝTAK [o:ýtok], syp. 1. Birneme pesräk, oýrak,
çökedräk (ýer hakynda). Myrat öz güjügini iň
soňunda gür ýandagyň içindäki oýtak bir ýerden
tapdy (B. Kerbabaýew). 2. at.Sil, ýagyş suwy bilen
doldurylyp, tagta gelensoň sürlüp, düme gawun
ekilýän oý ýer. Oýtak gawuny süýji bolýar.
OÝTAKLYK [o:ýtokluk], at, ser. Oýtak 2.
OÝTARMA [o:ýtormo], iş ady. Oýtarmak
ýagdaýy.
OÝTARMAK [o:ýtormok], işl. 1. Oý bolup
durmak, pesräk, çukurrak bolup durmak. 2. göç.m.
Üşerilmek, töweregiňe diň salyp, ýaltak-ýultak
etmek,
garanjaklamak,
oýturaklamak
(ser.
Oýlukmak).
OÝTARMAKLYK [o:ýtormokluk], iş ady.
Oýtarmak ýagdaýy.
Do'stlaringiz bilan baham: |