Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


OWRANMA [owronmo], iş ady. Owranmak  ýagdaýy. Daşyň owranmasy.  OWRANMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet274/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   270   271   272   273   274   275   276   277   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OWRANMA [owronmo], iş ady. Owranmak 
ýagdaýy. Daşyň owranmasy
OWRANMAK [owronmok], işl. 1. Gaty zat 
ownuk böleklere bölünmek, owram-owram bolmak, 
döwülmek, pytramak, kül bolmak. Balalary owranan 
tüýnügini tigirläp, hataryň ikinji çetindäki tama eltip 
urupdy (B. Kerbabaýew). 2. göç.m. Syzlap gaty 
agyrmak. Köp ýöräp, gaty ýadapdyryn öýdýän, 
aýaklarym owranyp barýar.
OWRANMAKLYK [owronmokluk], iş ady. 
Owranmak ýagdaýy. 
OWRANYBERMEK [owronuvermek], işl. Gaty 
zat owranyp ugramak, owram-owram bolubermek. 
OWRANYŞ [owronuş], iş ady. Owranmak 
ýagdaýy. 
OWRATDYRMAK [owrotdurmok], işl. Birine 
gaty zady ownuk böleklere böldürmek. – Gapyňy 
owratdyrmajak bolsaň aç! – diýip gaharlandy (H. 
Derýaýew).  
OWRATMAK [owrotmok], işl. 1. Gaty zady 
ownuk böleklere bölmek, maýdalamak, döwmek, kül 
etmek. Wüşi kel sazak owradyp salmakda Hoşgeldä 
kömek bermäge başlady (A. Gowşudow). Daş 
owratmak. 2. gepl.d.Iri puly bölmek. Ýüzlügi 
owradyp biljekmi? 
OWSAR [owsor], at. Düýäniň kellesine salynýan 
demir dişli nogta.

Owsar salmak erkini eliňe almak, boýun 
egdirmek, tabyn etmek, garaşly etmek.Owsaryny 
başyna atmak (oramak) näme bolsaň şol diýip, erk-
ygtyýaryny özüne bermek.  
OWSARLAMA 
[owsorlomo], 
iş 
ady. 
Owsarlamak ýagdaýy. 
OWSARLAMAK [owsorlomok], işl. 1. Düýä 
owsar salmak. Şanyýaz üsti howutly düýeleriň 
ýanyna geldi-de, olary bir ýandan owsarlady (Ý. 
Mämmediýew). 2göç.m. Biriniň ygtyýaryny öz eliňe 
almak, boýun egdirmek, tabyn etmek, garaşly etmek.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   270   271   272   273   274   275   276   277   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling