Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


OTURYŞYK [oturuşuk], at, ser. Oturylyşyk


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet272/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   268   269   270   271   272   273   274   275   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OTURYŞYK [oturuşuk], at, ser. Oturylyşyk
OTURYW [oturuw]: oturyw ýok elmydama işli, 
dynç alara wagt ýok. Maňa azajyk wagt hem bolsa 
oturyw ýok (A. Gowşudow).
OTUZ, 1san. 30 belginiň ady we onuň aňladýan 
sany. Otuz ýaşa barynça, göýä bir algyr şir sen, 
Dünýä gamy başyňda, göýä ýügrüp alyr sen 
(Magtymguly). 2at. Oglana dakylýan at. 

Otuz ikisini owratmak agzynyň üstüne 
mazaly urmak, ýelmemek, dişini uşatmak. 
OTUZLYK [otuzluk], at. 1. Belli bir ugur 
boýunça gatnaýan awtobusyň, trolleýbusyň 30 belgi 
bilen aňladylýan ady, ýagny: otuzlyk awtobus - 
otuzlykOtuzluga münmek. Otuzluga köp garaşmak. 
2. Käbir zatlarda ölçeg birligi. Gapydan giren 
ýeriňde, otuzlyk ...çyra parlap ýanyp dur (N. 
Pomma).Otuzlyk tigir. 
OTUZYNJY [otuzunjy], san. 30 sanyndan 
ýasalan tertip san. 
OTYRÝER [otuýrýer], at. Adamyň syrty. 
Käýerde otyrýeri bilen süýşüp yz edip gitdi 
(

Görogly

). 
OT-ÝALYN [o:t-ýalyn], 1. at. Ýalynlap ýanýan 
ot; ot hem ýalyn. 2göç.m. Söweş, uruş. Ot-ýalyndan, 
okdan ötüp gelipdir (A. Atajanow).
OWA [owo], at. Gözüň almasynyň ýerleşýän
okarasy. Gözüniň owasyny ýaşdan dolduryp, onuň 
aýagyndan çokaýyny çykardy (O. Ödäýew).
OWADAN [owodon], syp. 1. Sypaty, daş görnüşi 
gelşikli, göze ýakymly, görmegeý. 2. Gyza dakylýan 
at. 
OWADANLAMA 
[owodonlomo], 
iş 
ady. 
Owadanlamak ýagdaýy. 
OWADANLAMAK 
[owodonlomok], 
işl. 
Bezemek, owadan görnüş bermek, gözel etmek, 
gelşikli etmek. Gapysynda täze tam, Owadanlap 
bejerlen (O. Täçnazarow). 


151 
OWADANLAMAKLYK [owodonlomokluk], iş 
ady. Owadanlamak ýagdaýy. 
OWADANLANMAK 
[owodonlonmok], 
işl. 
Owadan bolmak, gelşigine gelmek, görmegeý 
bolmak. 
Häzir 
görseň 
ol 
daýanypdyr, 
owadanlanypdyr (R. Alyýew). 
OWADANLAŞMAK [owodonloşmok], işl. 1
Birine bir zady owadanlamaga kömek etmek. 2
Owadan bolup başlamak, durdugyça gelşikli, 
görmegeý bolup ugramak. Onuň ýaňagy gyzaryp, has 
hem owadanlaşdy (R. Allanazarow). 
OWADANLATDYRMAK [owodonlotdurmok], 
işl. Owadanlamak işini birine etdirtmek. 
OWADANLATMAK 
[owodonlotmok], 
işl. 
Birine bir zady owadan bolar ýaly etdirmek. 
Diwarlaryň ýüzüni owadanlatmak. 
OWADANLAÝYŞ [owodonloýuş], iş ady. 
Owadanlamak ýagdaýy. 
OWADANLYK [owodonluk], at. 1. Daş görnüşi 
bilen özüne çekijilik, daş görnüşi göze ýakymlylyk, 
görmegeýlik, gelşiklilik, görklülik. Onuň syraty 
diýermiň, owadanlygy diýermiň – edil bolsady ekilen 
ýaly (B. Kerbabaýew). Daşdan görüp söýýänim, Ýeke 
owadanlygyň däl (A. Alamyşow). 2. Timarlylyk, 
rejelilik, bezeglilik, gözellik. Tüweleme, köçeleriň 
owadanlygyna gözüň gidýär. 
OWAL [owol], hal, ser. 1. Ozal, öň, ilki. Owal 
aldap biýr sen baly, dünýä heý! (Magtymguly). 2
Geçmiş, köne döwür, gadym zaman. Owalda, ahyrda 
eýäm gözlese, Garyp biçäräniň paýy gözel sen 
(Magtymguly). 

Owaly bilen ozaly bilen, öňi bilen, ilki bilen, 
ilki, başda. Owaly bilen yhlasly zähmet çekmeli. 
OWAL-AHYR [owol-a:hyr], hal. Haçan-da bolsa 
bir wagt, öňde-soňda, heran-haçan, ahyr soňunda. 
Söýgi biziň ýolumyzda gurlup goýlan sessiz gapan
Barmyka, heý, owal-ahyr şol gapana düşmän geçen 
(M. Seýidow). 
OWALKY [owolky], syp., ser. Ozalky
OWALKYLYGYNA 
[owolkuluğno], 
hal. 
Owalky bolşuna, öňki halynda, öňki bolşundan 
üýtgetmän. Owalkylygyna galdyrmak. 
OWALYNDA [owolunno], hal, ser. Ozalynda.  
OWAN, at,gepl.d. Üzümiň gyşa saklanýan 
görnüşi. 

 Owan etmek güýz paslynda ýyglan üzümi uzak 
wagtlap saklamak üçin öýüň, döläniň we ş.m. içki 
diwarlaryndan çekilen ýüpdür çilbirde, simde 
hoşalaýyn asyşdyryp goýmak. Men şu ýylky 
üzümlerimiň ýaryny diýen ýaly gyş üçin owan edip 
goýdum. 
OWARRA [oworro], at. Daş, uzak ýer, uzak 
aralyk, gaty daş aralyk. 

Owarra bol! 

ýok bol, gümüňi çek, gözüme 
görünme

manysyndaky sögünç söz. Owarra git! 
nirä gitseň şoňa git, gözüme görünme. Owarra 
et

ýok et, gümüni çek, göze görünmez ýaly et. 
Owarrasyny tapmak ýok bolup gitmek, güm bolup 
gitmek. 
OWARRAM [oworra:m], hal. Goý, zyýany ýok, 
aýby ýok, bolsa bolsun. Maşyna guýmaga suw ýok, 
maşyn owarram diýseň, içmäge-de suw gutardy (K. 
Berdiýew). 

Owarram etmek näme bolsa, şol bolsun etmek. 
OWAZ [owa:z], at. 1. Bogaz perdeleriniň 
titremegi netijesinde emele gelýän ses. Magtymguly, 
sözüň bilene sözdür, Bilmedik adama gury owazdyr 
(Magtymguly). 2. Aýdym-sazyň ýakymly labzy, sesi. 
Jeren gopuzynyň owazyna görä, kä çalt, kä sadaja 
dem alyp çalýardy (H. Ysmaýylow). 3göç.m. Bir zat 
hakyndaky habar, ses, gep, gürrüň. Elkyssa, bu owaz 
şähere ýaýrady (

Melike – Dilaram

). Öwez jan, 
owazyň tutdy älemi (G. Ezizow). 
OWAZA [owa:za], at. Şöhrat, dabara, at-abraý, 
şan-şöhrat. Owazaň Çyn-Maçyn, daglar aşasy, Seni 
görenleriň akly çaşasy (Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   268   269   270   271   272   273   274   275   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling