Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- OTUKMA
- OTUKMAKLYK [otukmokluk], iş ady. Otukmak ýagdaýy. OTUR
- OTURDAŞ
- OTURGYÇ
- Gülüp oturmak
OTSÖNDÜRGIÇ [o:ssönnürğüç], at. Ýangyn
söndürilýän ýörite enjam. OTUGYBERMEK [otuğuvermek], işl. Otugyp başlamak, özbaşdak ot iýip başlamak. OTUGYŞ [otuğuş], iş ady. Otukmak ýagdaýy. OTUKDYRMAK [otukdurmok], işl. Otlamagy öwretmek, ot-iým iýmegi öwretmek. Täze bolan göläni otukdyrmak. OTUKMA [otukmo], iş ady. Otukmak ýagdaýy. OTUKMAK [otukmok], işl. Otlamagy öwrenmek, ot-iým iýmegi öwrenmek, ot-iým iýip başlamak. Oglum, tanaň otugandyr ( Görogly ). OTUKMAKLYK [otukmokluk], iş ady. Otukmak ýagdaýy. OTUR,at. Belli bir kada boýunça sözlemdäki sözleriň arasynda goýulýan dyngy belgi (,). OTURA [oturo], syp. Aýagy ysmaz, şel bolup ýerinden galyp bilmeýän, maýyp. Ol onuň otura bolanlygyny bileninden soň, öz-özünden derdinmäge oturdy (N. Saryhanow). Goja kyn düşse-de ýöremäge çalyşýardy, ýöremese, aýakdan galyp, otura bolaryn öýdýärdi. OTURAN [oturon], at, gepl.d. Neşekeş bolan adam. Gynançly ýeri, olam oturanyň biri. 150 OTURDAŞ [oturdoş], at. Kazyýetde raýat ýa-da jenaýat işlerine garamaklyga gatnaşmak üçin kanun boýunça saýlanan wekil. OTURDAŞLYK [oturdoşluk], at. Oturdaşyň wezipesi, ýagdaýy. OTURDYLMAK [oturdulmok], işl. 1. Nahal, agaç ekilmek. Tohum sepilmeli we nahal oturdylmaly ýerler çuň sürüldi, tekizlenildi. 2. Bir zat nirädir bir ýere dykylmak, gurulmak, goýulmak. Gülýakany owadanlaýan esasy serişde bolsa oňa oturdylýan gaşlardyr ( Edebiýat we sungat ). OTURGYÇ [oturğuç] I, at. Oturmak üçin agaçdan, demirden we ş.m. ýasalýan enjam. OTURGYÇ [oturğuç] II, at, dokm. Küjini göterip, saklap durmak üçin toýun palçykdan galdyrgyç. OTURMA [oturmo], iş ady. Oturmak ýagdaýy. OTURMAK [oturmok], işl. 1. Iki dyzyňy epip, bir ýerde ornaşmak, bir ýerde ýerleşmek. Wepa bilen Kelje bolup duran wakany synlap, bir gapdalda oturdylar (A. Gowşudow). 2. Bir ýerde ýerleşip ýaşamak. Olar Garagöl obasynda oturýardylar (B. Kerbabaýew). 3. gepl.d.Neşä özüňi aldyrmak, barypýatan neşekeş bolmak. 4. Ýerleşmek. Galanyň ileri günbatar gapdalynda bir garaja oraça otyrdy(A. Gowşudow). 5. Hal işligiň -yp, -ip, -up, -üp, -p goşulmasyny kabul eden işlikden soň oturmak kömekçi işligi gelip, täze manyly düzümli işlikler ýasalýar: Gülüp oturmak oturan ýerinden dowamly gülmek. Gidip oturmak gitmegini dowam etdirmek. OTURMAKLYK [oturmokluk], iş ady. Oturmak ýagdaýy. OTURSA-TURSA [oturso-turso], hal. Hemişe, elmydama, häli-şindi, birsyhly. Enäniň otursa- tursa bar aladasy ogludy. OTURTMA [oturtmo], 1. iş ady. Oturtmak ýagdaýy. Ony ýeňsede oturtmaň-a birhili. 2. syp. Düýbi oturdylyp ekilen. Oturtma sogan. OTURTMAK [oturtmok], işl. 1. Oturmagyny haýyş etmek, oturmaga kömek etmek ýa-da mejbur etmek. 2. Ösümligi köki, düýbi bilen ýere ekmek, sançmak, dürtmek. 3. Bir zady bir ýerde berkidip, gurup goýmak. Jaýyň üstünde çanak antenna oturtmak. OTUR-TUR,at. Ownuk is, içeriniň hysyrdyly ojuk-bujuk işi. Ol girdi-çykdy, otur-tur bilen özüni ýadatdy (B. Soltannyýazow). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling