gorsamak. 2) birsyhly ok atyp durmak, yzyny
kesmän gülle, ok ýagdyrmak. Ot almak 1) ýanmak,
otlanmak. Ýandak küdesi ot alypdyr. 2) öz garaşyşy
ýaly bolmansoň, sabyr-takatyny ýitirip, gaty
öjükmek, ýüregini eline almak. Ol bu sözleri eşidip,
ot alaýdy (
Edebiýat we sungat
). Ot basylan ýaly
gaty täsirli, galjaňlyk döredýän (duýgy, täsir we ş.m.
hakynda). Olaryň aýagyna edil ot basylan ýalydy (B.
Seýtäkow). Ot bermek 1) bir ýan ujundan otlamak.
2) meçew bermek, öjükdirmek, küşgürmek,
gyzdyrmak. 3) gyzykdyrmak, isleg döretmek;
odukdyrmak. Bu mata gyzlara ot berdi. Ot bilen
ýalyn örän gymmat, nyrhy öte ýokary. Ot bolup
geçmek (ötmek) jasladyp parran geçmek, ýüregiňi
gobsundyrmak; kalbyňa ornamak. Gözleri içimden ot
bolup geçdi, Gözel görki ýüregimde ýer tutdy (A.
Kekilow). Ot-da gara gan bolmak ýetişiksiz gara
günde iki-baka ylgaşlamak, bir işi çalt edip gutarjak,
bitirjek bolmak.Ot-da gara gan bolup, her näçe
haýdasam-da, işimi bolup bilemok. Ot gorsamak 1)
betlik, bezzatlyk, ýakymsyzlyk etmek, ulukjyn
açdyrmak, dek oturmazlyk, guduz açmak. Ol oglan
gaty bet, uzynly gün ot gorsaýdy. 2) alyp-ýolup
barmak, hars urup, işläp gazanç etmek. Iliň seniň ýaly
ýigit ýeten ogullary ot gorsaýarlar (A. Durdyýew).
Ot-elek bolmak gyssagly hereket etmek, gyssanmak,
howlukmak, galagoplyga düşmek. Ýeri, siz ne beýle
aldyranyňyz bar ýaly ot-elek bolýarsyňyz?! Ot
sowurmak 1) ser. Ot açmak 2) ýakymsyzlyk,
bezzatlyk etmek, goh turuzmak. Çagalar iki ýana
ylgaşyp ot sowurýarlar. 3) çendenaşa gyzmak, ýakyp-
ýandyrmak, bişirip barmak. Ýene birki sagatdan soň,
gün ot sowrup başlajak (A. Gowşudow). Otdan alyp,
suwa salmak beterinden beterini etmek. Bu duýgy
ony bir begendirýärdi, bir gynandyrýardy, otdan
alyp, suwa salýardy. Otdan-suwdan gaýtmazlyk her
bir işiň hötdesinden gelip bilmeklik, hiç bir zatdan
heder etmezlik, dogumlylyk. Seniň ýanyňdakylar
seniň üçin otdan-suwdan gaýtmazlar (B. Seýtäkow).
Do'stlaringiz bilan baham: |