Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÖÇÜGRÄK [öçüğrä:k], syp. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet282/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   278   279   280   281   282   283   284   285   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖÇÜGRÄK [öçüğrä:k], syp. 1. Yşygy, şöhlesi 
bolmalysyndan pesräk. 2. Reňki pesräk. Onuň 
egninde öçügräk reňkli köýnegi bardy. 
ÖÇÜGSI [öçüğsü], syp. 1. Nury, şöhlesi az bolan, 
çala yşyk, ýagty berýän. Öçügsi köz. 2Soluk, solgun, 
reňki gaçan. Ýapraklar adatdaky ýaly göwün göteriji 
ýaşyl reňkli däldi, olaryň öçügsi kül reňki bardy, 
soluk görünýärdi (B. Seýtäkow). 
ÖÇÜGSILENDIRMEK [öçüğsülönnürmök], işl. 
Ýitiligini gaçyrtmak, ähmiýetini peseltmek. 
ÖÇÜGSILENMEK [öçüğsülönmök], işl.1. Nury, 
şöhlesi gaçmak, öçügsi bolmak. 2. Ýitiligi, ähmiýeti 
peselmek. 
ÖÇÜGSILIK [öçüğsülük], at. 1. Nury, şöhlesi 
azlyk, ýagtylygy peslik. 2. Soluklyk, solgunlyk, reňki 
gaçan halda bolmaklyk. Maňa matanyň öçügsiligi 
ýaramady. 3. Ýitiligi, ähmiýeti peslik. 
ÖÇÜGSIRÄK [öçüğsürä:k], syp. Nury, şöhlesi 
azrak, ýagtysy, yşygy pesräk. 
ÖÇÜKsyp. 1. Öçen, sönen; yşygy, şöhlesi ýiten. 
Içki jaýdaky çyra öçük duran eken. 2. Reňki solgun, 
ýiti reňkli däl. Bu matanyň reňki öçük. 3. göç.m. 
Reňki gaçan, gany giden, gan-pet galmadyk.Onuň 
ozaldan öçük ýüzi öňküsinden-de agardy. 
ÖÇÜKLIK [öçüklük], syp. 1. Öçük ýagdaýda 
bolmaklyk, yşygy, şöhlesi ýiten ýagdaýda bolmaklyk. 
2. Reňki soluklyk, solgunlyk. 
ÖÇÜRIBERMEK [öçürüvermek], işl. Bir 
ýanyndan oçürip başlamak.Indi çyralary öçüriber. 
ÖÇÜRILMEK [öçürülmök], işl. 1. Öçer ýaly 
edilmek, öçmek derejesine ýetirilmek, söndürilmek. 
Çyralar öçürildi. 2. Bozulyp aýrylmak, üstünden 
çyzylmak. Bu goşgynyň soňky iki setiri öçürilipdir. 3
Togtadylmak, ýatyrylmak (işläp duran ulag hakynda). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   278   279   280   281   282   283   284   285   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling