Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
OÝURGANYŞ [o:ýurğonuş], iş ady. Oýurganmak ýagdaýy. OÝUŞ
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- OÝUŞMAK
- OZALY
- OZUBERMEK [ozuvermek], işl. Ozup ba ş lamak, öňe saýlanybermek, öňe geçibermek. OZUŞ
- ÖÇEŇKIRLEMEK [öçöňkürlömök], işl. 1
- ÖÇGÜNLIK
- ÖÇLI
- ÖÇMEKLIK
OÝURGANYŞ
[o:ýurğonuş], iş ady. Oýurganmak ýagdaýy. OÝUŞ [o:ýuş], iş ady. Oýmak ýagdaýy. OÝUŞDYRMAK [o:ýuşdurmok], işl. Birnäçe ýeri oýup çykmak, köwläp oýuk-oýuk etmek, gazyp çykmak. Oýuşdyryp çykamsoň, Bir-birine sepläber (M. Garryýew). OÝUŞMAK [o:ýuşmok], işl. 1. Oýmaga kömekleşmek. 2. Bir zady bilelikde oýmak. OZA [ozo], syp., kön.s. Çendenaşa, öte, has. Oza saklyk – gorkaklyk (Nakyl). OZAK [ozok], syp. Çapyşykda, ylgaşykda, ýaryşda ozýan, hemişe öňe çykýan. Kimiň galak, kimiň ozakdygyny ýaryş görkezer. OZAKLYK [ozokluk], at. Ozak bolmak ýagdaýy. OZAL [ozol], hal. 1. Birnäçe wagt mundan öň, öňki wagtlar. 2. Ilki, ilki bilen, ilki başda. OZAL-EBET [ozol-evet], ha l. Hemişe. OZALDAN [ozollon], hal. Öňden, su wagta çenli. Okajak bolsa, ozaldan aladasyny etmeli eken. OZALKY [ozolky], syp. Öň bolup geçen, owalky. OZALY [ozoly]: ozaly bilen öňi bilen, ilki, öňürti. OZALYNDA [ozolunno], hal. Aslynda, ilki başda, ozal başda, owal başda. OZAN [ozon], at. Sözlerini, sazyny özi düzüp, özi ýerine ýetirýän aýdymçy, bagşy. Ile döwlet geler bolsa, Bagşy bilen ozan geler (Magtymguly). 159 OZDURMAK [ozzurmok], işl. 1. Öňe geçirmek, öňe geçmäge ýol bermek, öňe düşürmek. Gyzym, ol nähili beýle boldy? Bu gün özüňden ozduraýdyňmy? (G. Gurbansähedow). 2. gepl.d. Güni gelmek, diýeni bolmak, islegi amala asmak. Ol bu wagtlar ozdurandyr, gözi ýer görmez. OZMA [ozmo], iş ady. Ozmak ýagdaýy. OZMAK [ozmok], işl. Işde, ýaryşda we ş.m. ýagdaýlarda birinden öňe geçmek. OZMAKLYK [ozmokluk], iş ady. Ozmak ýagdaýy. OZMAZLYK [ozmozluk], işl. Öňe geçmezlik, ozup geçmezlik. OZUBERMEK [ozuvermek], işl. Ozup başlamak, öňe saýlanybermek, öňe geçibermek. OZUŞ, iş ady. Ozmak ýagdaýy. OZUŞMAK [ozuşmok], işl. Biri-birinden ozmak. Atlar kä ozuşyp, kä galyşyp, gözden ýitdiler. Ö Ö [ö:], Türkmen elipbiýiniň on dokuzynjy harpy. ÖÇ [ö:ç], at. Birinde galan ar, birine bolan ahmyrly gahar-gazap duýgusy. Öç almak birinde köýen aryňy ýerine salmak üçin gazap bilen hereket etmek. Öç etmek öçli etmek. Aralykda bir şum rakyp bar bolsa, Ýagşy dostuň bilen öç eder seni (Magtymguly). ÖÇEŇKIRLEMEK [öçöňkürlömök], işl. 1. Öçmäge, sönmäge ýakynlaşmak, ýanyp gutaraňkyrlamak. Şem öçeňkirläp başlapdyr. 2. Öçüp başlamak, öçmäge ýakynlamak (hat hakynda). Kitabyň kagyzy saralyp, haty öçeňkirläpdir. 3. Nury, şöhlesi azalyp başlamak. ÖÇGÜN [öçğün], syp. Şöhlesi, ýalkymy onçakly ýiti bolmadyk, ölügsi, öçügsi. Häzir onuň gözlerinde ýigitlik çagynyň ýitiligi galmadyk bolsa hem, şöhlesi öçgün däldi (A. Gowşudow). ÖÇGÜNLIK [öçğünlük], syp. Ölügsi, öçügsi ýagdaý. ÖÇGÜNRÄK [öçğünürä:k], syp. Şöhlesi, ýalkymy bolmalysyndan öçgün, ölügsiräk, öçügsiräk. Şemiň öçgünräk şöhlesi ýylpyldap görünýärdi. ÖÇLI [ö:şlü], syp. 1. Birinde ary galan, ahmyrly. 2. Gahar-gazaply, gaharly. Adama erjeşýän ýa-da gündizine aw aňtaýan gaplaň hökman öçli bolarmyş. ÖÇLÜLIK [ö:şlülük], syp. 1. Birinde aryň, ahmyryň bar bolmagy. Ýüregindäki hyjuwly öçlüligi basyp, özüni ýönekeý bir sypatda saklamaga jan edýärdi (A. Gowşudow). 2. Gahar-gazaplylyk, gaharlylyk. ÖÇME [öçmö], iş ady. Öçmek ýagdaýy. Gyzygyp kitap okap otyrkam çyranyň öçmesi keýpimi gaçyrdy. ÖÇMEK [öçmök], işl. 1. Sönüp galmak, ýanyp gutarmak, sönmek. Çyralar bir wagt öçüpdi (B. Pürliýew). 2. Görünmez ýaly bolmak, süpürilip aýrylmak. Ýazylan hat öçüpdir. 3. Motorynyň (hereketlendirijisiniň) işlemesi kesilip, ýatyp galmak, durmak, sönmek (ulag hakynda). Awtobus birden öçüp galdy. 4. Gözüň nury, şöhlesi öçmek, peselmek. Onuň hiç birine-de mejaly ýetmän, gözleriniň şöhlesi öçdi-de gabaklary örtülip galdy (B. Kerbabaýew). 5. gepl.d. Esasan, işligiň buýruk şekilinde ulanylyp, geplemäňi bes et, lal bol, sesiňi kes, sem bol ýaly manyny aňladýar. Öç, gygyrma, aýryl, ýapyşma, gapyňy ýap! (A. Durdyýew). ÖÇMEKLIK [öçmöklük], iş ady. Öçmek ýagdaýy. ÖÇMEZ [öçmöz], syp. Hiç haçan öçmeýän, hemişe ýalkymyny, nuruny saçyp duran, parlak. ÖÇMEZLIK [öçmözlük], işl. Sönmezlik. ÖÇMEZ-ÝITMEZ [öçmöz-ýitmez], syp., ser. Ölmez-ýitmez. Öçmez-ýitmez şöhrat. ÖÇÜBERMEK [öçüvermek], işl. Öçüp başlamak; öçeňkirlemek. Ojakdaky ot öçüberipdir. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling