Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet289/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   285   286   287   288   289   290   291   292   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Öler ada galar at 

diri wagtyň bir gowy,
gerekli iş etmeklik

dýen manyda ulanylýan 
aňlatma. 
Öler 
jany 
(şahs 
goşulmalarynyň 
hemmesini-de kabul edip bilýär) iň gowy görýän 
zady, ölemen gowy görýän zady. Onuň öler jany 
düýe çalydy. Öler ýaly örän gaty, çendenaşa. Öler 
ýaly gorkmak. Öler ýaly ajykmak. Ölüp barmak
1) ölümi golaýlamak. 2) bir zady gaty islemek, gowy 
görmek. Pul diýip ölüp barmak
ÖLMEKLIK [ölmöklük], iş ady. Ölmek 
ýagdaýy. 
ÖLMEZLIK [ölmözlük], işl. 1Diri galmaklyk, 
janyň çykmazlyk, ýogalmazlyk. 2. ser. Ölmezödi
Ýaşajak bolsaň, ölmezlik bir zat garbanmaly-da. 3
Bir işe, bir zada howlukmaklyk, ýüregiňi eliňe 
almazlyk. Ölmesene, oýundan gijä galasymyz ýok-la. 
ÖLMEZÖDI [ölmözö:dü], at. Ölmän saklanar 
ýaly, ölmezlik üçin gerek bolan azajyk iýmit. 
ÖLMEZÖDÜLIK 
[ölmözö:dülük], 
syp. 
Ölmezödi bolar ýaly azajyk (iýmit). 
ÖLMEZ-ÝITMEZ 
[ölmöz-ýitmez], 
syp. 
Adamlaryň aňynda hemişelik galýan, ömürlik 
öçmejek. Ölmez-ýitmez şöhrata eýe bolmak. 
ÖL-MYŽŽYK [ö:l-myžžyk], syp., ser. Öl-suw
Onuň üsti-başy öl-myžžyk bolupdyr. 
ÖL-SUW [ö:l-suw], hal. Üsti-başy gaty öl, gaty 
ezilen, bütinleý öl bolan, öl-myžžyk. Ol dagyň çür 
depesine, şol görünýän oglanyň ýanyna baranynda, 
derden ýaňa endam-jany öl-suwdy (A. Gurbanow).
ÖLŞÜK [ölşük], at. 1. Gandöküşikli uruş, biri-
biriňi öldürmeklik, gyrlyşyk. Ölşük şunuň ýaly zadyň 
üstünde bolýar ahyry (A. Gowşudow). 2. gepl.d. 
Dawa-jenjel, dawalaşyk, basa-baslyk. Dükana gaty 
arzan harytlar goýberilipdir, ýöne golaýyndan barar 
ýaly däl, olaryň üsti ölşük eken. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   285   286   287   288   289   290   291   292   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling