gulagy göründen ýaňa).
ÖLÇEGAGAÇ [ölçöğağaç], at. Ýer ölçemekde
ulanylýan esbap, atanak.
ÖLÇEGDEŞ [ölçöğdöş], syp. Ölçegi deň bolan,
bir ölçegde bolan, ölçegi boýunça bir-birine deň
gelýän.
ÖLÇEGDEŞLIK [ölçöğdöşlük], at. Ölçegdeş
bolmaklyk, bir ölçegde bolmaklyk, ölçegi boýunça
biri-birine laýyk gelmeklik.
ÖLÇEGIÇ [ölçöğüç], at. Tizligi ölçemek üçin
gural, ölçeýji enjam.
ÖLÇEGLI [ölçöğlü], syp. 1. Belli ölçegi bar
bolan, ölçegi kesgitlenen. Ölçegli mata. 2. Çäkli.
Biziň wagtymyz ölçegli.
ÖLÇEGLIJE [ölçöğlüjö], syp. Sähelçe, azajyk,
çäklije. Şonuň üçin, oglanlaryň hukuklarynyň serhedi
bolman,
gyzlaryňky
örän
ölçeglijedi
(B.
Kerbabaýew).
ÖLÇEGLILIK [ölçöğlülük], at. 1. Belli ölçegi
bar bolmaklyk, ölçegi kesgitlenen ýagdaýda
bolmaklyk, ölçegi barlyk. 2. Çäklilik. Wagtymyň
ölçegliligi bilenem öwrenişip gidipdirin.
ÖLÇEGSIZ [ölçöğsüz], syp. 1. Belli ölçegi
bolmadyk, ölçegi kesgitlenmedik. Ölçegsiz baýlyk. 2.
Çendenaşa güýçli, çensiz-çaksyz, çäksiz. Meniň
diýenim bolýan bolsa, siziň ýüregiňizde meni
söýmäge ölçegsiz söýgi dörederdim (H. Derýaýew).
ÖLÇEGSIZLIK [ölçöğsüzlük], syp. Belli ölçegi
bolmazlyk, ölçegsiz bolmaklyk, ölçegi ýokluk,
ölçegli dällik.
ÖLÇELIP-BIÇILMEK [ölçölüp-biçilmek], işl.
Hertaraplaýyn pikirlenilip, oýlanylyp görülmek, öňli-
soňly ölçerilip görülmek.
ÖLÇELMEK [ölçölmök], işl. Bir zadyň
gabarasy, agramy, uzynlygy kesgitlenmek.
ÖLÇEME [ölçömö], iş ady. Ölçemek ýagdaýy.
ÖLÇEMEK [ölçömök], işl. 1. Ölçegini almak,
agramyny, gabarasyny, uzynlygyny we ş.m. kesgitläp
bilmek, çekmek. Onuň agramyny ölçemäge şu älemiň
daglarynyň daşlary-da ýetmejek ýalydy (A.
Gowşudow). 2. göç.m. Bir zat hakynda pikirlenip,
oýlanyp görmek, kelläňde aýlap görmek. Men bir
düzme ýazdym durmuş barada, Gymmatyn ölçemek
wezipäň seniň (G. Ezizow).
Do'stlaringiz bilan baham: |