Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÖGEMEKLIK [ö:ğömöklük], iş ady. Ögemek  ýagdaýy.  ÖGEŞMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet284/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   280   281   282   283   284   285   286   287   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖGEMEKLIK [ö:ğömöklük], iş ady. Ögemek 
ýagdaýy. 
ÖGEŞMEK [ö:ğöşmök], işl. Birnäçe adam
ögemek (şol şekildäki sözüň soňundan durmak, 
oturmak, käbir ýagdaýda hem ýörmek kömekçi 
islikleri gelýär). Ogeşip oturmak
ÖGETMEK [ö:ğötmök], işl. Ögemäge mejbur 
etmek, ögemegine sebäp bolmak.Ýakymsyz ys 
adamlaryň burnuna urup, salymyny bermän ögedip 
başlady. 
ÖGEÝIŞ [ö:ğöýüş], iş ady. Ögemek ýagdaýy. 
ÖGÄBERMEK [ö:ğä:vermek], işl. Ögäp 
başlamak. Ol ýakymsyz ysa ögäberýän bolarly
ÖGI [ö:ğü], at. Ýüregiň bulanyp, gaýtarasyň 
gelmeklik, ögemek islegi peýda bolan ýagdaý. 

Ögiň tutmak ögäsiň gelmek. 
ÖJEME [ö:jömö], iş ady. Öjemek ýagdaýy. 
ÖJEMEK [ö:jömök], işl., ser. Öjükmek. Emma 
aýalynyň gitdigiçe öjemegi ony ýatyrmady (R. 
Gelenow). 
ÖJEŞDIRMEK 
[ö:jöşdürmök], 
işl., 
ser. 
Öjükdirmek
ÖJEŞMEK [ö:jöşmök], işl., ser. Öjükmek
ÖJÜGIBERMEK [ö:jüğüvermek], işl. Birine ýa-
da bir zada gahar-gazaby artyp, öjügip başlamak. 
ÖJÜGIŞ [ö:jüğüş], iş ady. Öjükmek ýagdaýy. 
ÖJÜGIŞMEK [ö:jüğüşmök], işl. Biri-biriňe öçli 
bolmak. Siz hem bular bilen öjügişmäň, eger 
öjügişseňiz, olary özüňizden daşlaşdyrarsyňyz (A. 
Durdyýew). 
ÖJÜKDIRMEK [ö:jükdürmök], işl. 1. Birini 
başga 
birine 
küşgürmek, 
biriniň 
garşysyna 
gižželemek. Görogly köne duşmanlaryny onuň 
garşysyna öjükdirmegi maslahat berýär (

Görogly

). 
2. Gaharyny getirmek.
ÖJÜKME [ö:jükmö], iş ady. Öjükmek ýagdaýy. 
ÖJÜKMEK [ö:jükmök], işl. Birine ýa-da bir 
zada, gahar-gazabyň güýjemek, öjeşmek. Beýle 
gyjytlara çydaman, Maman aglardy, joralary bolsa 
öjügerdiler (T. Gurbanow). 
ÖJÜKMEKLIK [ö:jükmöklük], iş ady. Öjükmek 
ýagdaýy. 
ÖKDE [ökdö], syp. Bir käriň, işiň, oýnuň we ş.m. 
tärini, syryny ele alan, gowy bilýän, ussat. Görogly 
ok atmaga şeýle bir ökdedi (

Görogly

). Mylly aga 
ökde sazanda bolan adam (

Nesil

). 

Ökde gelmek üstün çykmak, ýeňmek. 
Aýsoltanyň oňa sussy ökde geldi (B. Kerbabaýew).
ÖKDELEME [ökdölömö], iş ady. Ökdelemek 
ýagdaýy. 
ÖKDELEMEK [ökdölömök], işl. Ökde bolmak, 
bir käriň, işiň, oýnuň we ş.m. tärini, syryny ele 
almak, bir zady gowy bilmek, ussat bolmak, 
türgenleşmek. Ol oglan at münmäge örän ezber 
bolupdyr, birnäçe ululardan hem ökdeläpdir (A. 
Gowşudow).  


161 
ÖKDELEMEKLIK [ökdölömöklük], iş ady
Ökdelemek ýagdaýy. 
ÖKDELEMEZLIK [ökdölömözlük], iş ady.  Bir 
käriň, işiň, oýnuň we ş.m. tärini, syryny ele alyp 
bilmezlik. 
ÖKDELEŞMEK [ökdölöşmök], işl. Birneme 
ökdelemek, bir käriň, işiň, oýnuň we ş.m. tärini, 
syryny ele alyp başlamak, gowy bilip başlamak, 
türgenleşip başlamak. Ol şeýdip, keşde çekmäge 
ökdeleşip gitdi. 
ÖKDELETMEK [ökdölötmök], işl. Biriniň bir 
käre, işe, okuwa, oýna ökdeläp gitmegine kömek 
etmek, tärini, syryny ele aldyrmak. 
ÖKDELEÝIŞ [ökdölöýüş], iş ady. Ökdelemek 
ýagdaýy.
ÖKDELÄBERMEK [ökdölävermek], işl. Bir 
käre, işe, oýna ökdeläp başlamak, tärini, syryny ele 
alyp ugramak. Ol kem-kemden işine ökdeläberdi. 
ÖKDELIK [ökdölük], at. Ökde bolmaklyk, gowy 
bilijilik, türgenlik, ussatlyk. 
ÖKDEM [ökdöm], syp. Tekepbir, rüstem. Ökdem 
ýürek ganly eder (Nakyl). 
ÖKDEMSIREMEK 
[ökdömsürömök], 
işl., 
ser.Ökdesiremek
ÖKDESIREMEK [ökdösürömök], işl. Ilden 
ökde bolan bolmak, özüňi esassyz ýere ökde saýmak. 
ÖKJE [ökjö] I, at. 1. Dabanyň yzky tarapy, 
dabanyň topukdan aşaky etlek, ýumşak bölegi. Bir 
ýodada ökjämi tiken sypjyrdy diýip, men indi başga 
ýollary terk edäýmelimi? (B. Kerbabaýew). 2
Aýakgabyň yz tarapyny beýgeltmek üçin onuň 
aşagyna berkidilýän teletin ýa-da rezin bölekleri. Men 
ýaş wagtymda oňat eşikler we ökjesi beýik köwüşler 
geýip işe giderdim (N. Pomma). Ädigiň ökjesine nal 
kakdyrdym.

Ökje götermek gaçyp gitmek, aýagaldygyna 
gaçmak. Çory şol ýerden yzyna bakan ökjäni göterdi 
(

Nejep oglan

). Ökje ogurlamak birinden ýörite 
yza galyp başlamak, ýuwaş-ýuwaşdan yza galmak. 
Wüşi kel ädim ätmegini haýalladyp, ökje ogurlamaga 
jan edýär (A. Gowşudow).Ökjesine düşmek 
(münmek) yzyndan kowalamak. Ökjesine sabyn 
urmak eglenmezlik. Ökje sydyrtmak biriniň 
yzyndan galman ýöremek. Ökjesi ýeňlemek 1) çalt 
ýöremek, çalasyn hereket etmek. 2) aýak üstünde 
gezip ýörkä şähdi açyk görünmek, keýpi kökelmek. 
Onuň ökjesi ýeňläpdir, bir gowulygyň üstünden 
bardymyka diýýänÖkjesi ýere degmezlik (ilmezlik) 
bir zada begenip, şadyýan bolmaklyk, çalasyn hereket 
etmeklik. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   280   281   282   283   284   285   286   287   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling