Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet285/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   281   282   283   284   285   286   287   288   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖKJE [ökjö] II, at. Gazy-haşar işiniň gutaran 
ýeri, aýagujy. 
ÖKMEK [ökmök], at, zergärç. Aýallaryň 
gursagyna dakynýan şaý-sepi. 
ÖKÜNÇ, at. Edilen iş, hereket üçin çekilýän 
ahmyr, puşman, bildirilýän gynanç. Olaryň kimsi 
ökünç bilen, kimsi gahar bilen biri-biriniň ýüzlerine 
seredişdiler (Ý. Mämmediýew). 
ÖKÜNÇLI [ökünüşlü], syp. Ahmyrly, puşman 
edijilikli. Ussanyň sesi ökünçli çykdy (H. 
Garabaýew).
ÖKÜNÇLILIK [ökünüşlülük], at. Ahmyrlylyk, 
puşman edijilik. 
ÖKÜNDIRMEK [ökünnürmök], işl. Birini eden 
nädogry hereketi, işi üçin ökünmäge mejbur etmek
ahmyr etdirmek. 
ÖKÜNIBERMEK [ökünüvermek], işl. Edilen 
nädogry iş, hereket üçin ökünip başlamak, ahmyr 
edibermek, puşman edip başlamak. 
ÖKÜNILMEK [ökünülmök], işl. Nädogry edilen 
işe, herekete puşman edilmek. Inim, indi näler 
ökünilýändir, yzyndan ýetip bilemok (A. Durdyýew). 
ÖKÜNIŞ [ökünüş], iş ady. Ökünmek ýagdaýy. 
Eden ýalňyş işine onuň ökünişi ýaly ökünene gabat 
gelmändim. 
ÖKÜNIŞMEK [ökünüşmök], işl. Nädogry edilen 
işe, herekete birnäçe bolup ökünmek, puşman etmek. 
ÖKÜNME [ökünmö], iş ady. Ökünmek ýagdaýy. 
Ökünme näme işlesin, ol-a özüni günäkärdirinem 
öýdenok. 
ÖKÜNMEK [ökünmök], işl. Nädogry eden işiň, 
hereketiň üçin ahmyr, puşman etmek, gynanmak. 
Men ulagsyz gaýdanyma ökünýän (G. Kulyýew).
ÖKÜNMEKLIK 
[ökünmöklük], 
iş 
ady. 
Ökünmek ýagdaýy. 
ÖKÜNMEZLIK [ökünmözlük], iş ady. Eden 
işiň, hereketiň üçin ahmyr çekmezlik, puşman 
etmezlik, gynanmazlyk.
ÖKÜZat. Iri şahly gara malyň erkegi. Ýer gaty 
bolsa, öküz öküzden görer (Nakyl). Ýatan öküze iým
ýok (Nakyl). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   281   282   283   284   285   286   287   288   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling