Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Öndürijiliklilik. ÖNDÜMSIZ [ö:nnümsüz], syp , ser. Öndürijiliksiz . ÖNDÜRIBERMEK
- ÖNDÜRIJILIKLI
- ÖNDÜRILMEK
- ÖNDÜRIŞ
- ÖNDÜRMEKLIK
- ÖNDÜRTMEK
- ÖNJEÝLI
- ÖNME
- ÖNMEKLIK
ÖNDÜM [ö:nnüm], at. Iş öndürijiligi, işi öndürip
biliş derejesi. Yhlasly, tutanýerli işlense,öndümi köp bolýar. ÖNDÜMLI [ö:nnümlü], hal, ser. Öndürijilikli. Maldarçylygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de öndümli işläris. ÖNDÜMLILIK [ö:nnümlülük], syp., ser. Öndürijiliklilik. ÖNDÜMSIZ [ö:nnümsüz], syp, ser. Öndürijiliksiz. ÖNDÜRIBERMEK [ö:nnürüvermek], işl. 1. Önüm öndürip başlamak; önüm öndürmegi dowam etdirmek. – Siz köpräk pagta öndüriberiň – diýdi ( Nesil ). 2. Çaga ösdürip ýetişdiribermek. ÖNDÜRIJI [ö:nnürüjü], syp. Önüm işläp çykaryjy, önüm beriji. Öndüriji güýçler. ÖNDÜRIJILIK [ö:nnürüjülük], at. Belli mukdarda önüm işläp çykaryjylyk, önüm berijilik, öndümlilik. Kärhananyň öndürijiligi pes ýagdaýda. ÖNDÜRIJILIKLI [ö:nnürüjülüklü], syp. Önüm köp işläp çykarýan, köp önüm berýän, öndümli. Öndürijilikli işlemek. ÖNDÜRIJILIKSIZ [ö:nnürüjülüksüz], syp. Gerekli mukdarda önüm işläp çykarmazlyk, öndümsiz. Öndürijiliksiz işlemek. ÖNDÜRILMEK [ö:nnürülmök], işl. Haýsydyr bir önüm ýasalmak, taýýarlanmak. Öndürilen galla önümleri. ÖNDÜRIP-ÖSDÜRMEK [ö:nnürüv-össürmök], işl. Dünýä indirip, ekläp-saklamak, terbiýeläp ýetişdirmek, bakyp-bejerip ulaltmak. Ony öz süýdi, maňlaýynyň deri bilen öndürip-ösdüren mähriban ene hany? (B. Kerbabaýew). ÖNDÜRIŞ [ö:nnürüş], iş ady. Öndürmek ýagdaýy. ÖNDÜRIŞMEK [ö:nnürüşmök], işl. Birine önümi işläp çykarmaga, hasyl almaga kömekleşmek. ÖNDÜRME [ö:nnürmö], iş ady. Öndürmek ýagdaýy. ÖNDÜRMEK [ö:nnürmök], işl. 1. Önüm işläp çykarmak, önüm bermek, hasyl almak. Önüm öndürýänler we telekeçiler yzygiderli höweslendiriler (Gurbanguly Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). 2. Çaga dogurmak, dünýä indirmek. Ýöne, her zadam bolsa, olam ene-dä, garabagyr, öndüripdir, ekläpdir- saklapdyr, onsoň oňa-da maslahat salaýaly diýýäs-dä (H. Derýaýew). ÖNDÜRMEKLIK [ö:nnürmöklük], iş ady. Öndürmek ýagdaýy. Ilki bilen, kärhanada gant öndürmekligi ýola goýmaly. ÖNDÜRMEZLIK [ö:nnürmözlük], iş ady. Önüm öndürmek işi amal edilmezlik, ýerine ýetirilmezlik. ÖNDÜRTMEK [ö:nnürtmök], işl. Önümi işläp çykarmak işini başga birine etdirmek. ÖNELGE [ö:nölğö], at. 1. Çaga öndürip bilijilik. 2. Ene-atasyndan önen çaga. ÖNELGELI [ö:nölğölü], syp. Önelgesi bolan. ÖNELGESIZ [ö:nölğösüz], syp. Çaga öndürip bilmeýän, göwresinde çaga galmaýan. Önelgesiz aýallaryň 50-60 % jyns organlarynyň sowuklamasyndan ejir çekýär (M. Annamow). ÖNELGESIZLIK [ö:nölğösüzlük], syp. Önelgesi ýokluk, önelgesi bolmazlyk. Ol bir ýa birnäçe keseliň organizme ýetiren zeperi (M. Annamow). ÖNJEÝLI [ö:njöýlü], syp. Esli, ep-esli, netijeli, degerli, ugurly. Durmuşymyzyň öňe gitmegine önjeýli goşant goşmaly. ÖNJEÝLILIK [ö:njöýlülük], at. Netijelilik. Meniň häzirki iş önjeýliligimize göwnüm ýetenok (A. Gowşudow). 166 ÖNME [ö:nmö], iş ady. Önmek ýagdaýy. ÖNMEK [ö:nmök], işl. 1. Iş kadaly barmak, iş ýöremek, iş bitmek, edilýän işiň netijesi görnüp durmak. Iş önýän bolsa, oňa ýetesi näme bar?! 2. Hasyl bermek, önüm bermek, bitmek. Mele suwdan ganan ýerden egsilmez ak pagta önýär. 3. Nesil döremek, perzent bolmak, dogmak. Ondan öňde- soňda ýeke perzent öndi. Her kim özünden önen çaganyň ýamanlygyny görmek islemeýär. ÖNMEKLIK [ö:nmöklük], iş ady. Önmek ýagdaýy. ÖNMEZLIK [ö:nmözlük], işl. Önüp durmazlyk. ÖNÜBERMEK [ö:nüvermek], işl. Önüp başlamak, köpelibermek. ÖNÜM [ö:nüm], at. 1. Belli bir wagt içinde kärhananyň, senagatyň belli bir pudagynyň ýa-da ýurduň halk hojalygy tarapyndan öndürilýän zatlaryň jemi, önümçilikde öndürilýän zatlar. 2. Akyl zähmetiniň döredýän zatlary. Ýazyjy öz önümini halkyň arasynda giňden ýaýradýar. ÖNÜMÇILIK [ö:nümçülük], at. 1. Senagatyň, oba hojalygyň önüm öndürilýän pudagy. Şunda diňe biriçerki islegiň üpjün edilmegi we eksportyň artdyrylmagy däl, eýsem täze nebit-himiýa önümçiliklerini ösdürmegiň ugurlary hem nazarda tutulýar ( Türkmenistan ). 2. Jemgyýetiň ýaşamagy we ösmegi üçin zerur maddy baýlyklary döretmek işi. Önümçilik ösdügiçe, adamlaryň islegleri artýar ( Edebiýat we sungat ). ÖNÜMÇILIKÇI [ö:nümçülükçü], at. Önümçilige gönüden göni gatnaşýan, önümçilikde işleýän adam. Gowy önümçilikçi, janypkeş, zamanabap, ak ýürekli adamlar gerek ( Edebiýat we sungat ). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling