Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÖŇI-SOŇY
- ÖŇKI-SOŇKY [öňkü-soňky]: öňki-soňky görmedigini görkezmek
- ÖŇKÜLIK
- ÖŇŇIL
Öňi-ardy gelmezlik bir işiň gutarýan wagty,
netijesi belli bolmazlyk. Seniň bu başlan işiň öňi- ardy gelmedi-le. ÖŇINÇÄ [öňüýnçä:], hal. 1. Öňi bilen, ilki, öň, öňürti. Öňinçä jaý salynjak ýere kerpiç çekeliň. 2. Öň ýany, biraz öň, öňüsyrasy. Ol ýygnak başlanmazdan öňinçä geldi. ÖŇI-SOŇY [öňü-soňy], hal. 1. ser. Öňde-soňda. 2. ser. Öňi-ardy. 167 ÖŇKI [öňkü], syp. 1. Öten döwürdäki, geçenki, owalky, ozalky. Öňki adamlar sada bolupdyrlar. 2. Öňde barýan, öňde gelýän, öňde duran, öňdäki. Goşunyň öňki hatary baýdaklydy. 3. Öten agşam, öten gije däl-de, ondan aňyrdaky (agşam, gije). Bagşy aga, seniň täze düzen aýdymyňy höwes bilen diňlänimiz öňki agşam dälmidi?! (B. Kerbabaýew). ÖŇKI-ÖŇKÜLIK [öňk(ü)-öňkülük], at. Üýtgän zat ýok,şol bir ýagdaý, öňki ýagdaý, öňküsi ýaly, hemişekisi ýaly, öňkülik. Birnäçe wagt geçenden soň, ýene-de öwrenişip gitdiler, ýene-de öňki-öňkülik boldy (B. Seýtäkow). ÖŇKI-SOŇKY [öňkü-soňky]: öňki-soňky görmedigini görkezmek kynçylyklara sezewar etmek, kösemek. Wagtlaýyn başlyk diýip bellediler weli, başlyksyrap, işgärlerine öňki-soňky görmedigini görkezdi. ÖŇKÜLIK [öňkülük], at. 1. Biriniň özüni öňki duýuşýagdaýy.Onuň öňküligi bolmady, ...gaşlary çytyldy (B. Gurbanow). 2. ser. Öňki-öňkülik. ÖŇKÜSI [öňküsü] I: öňküsi gün geçenbelli bir günüň öňünden gelýän gün. Ol şäherden öňňun däl- de, öňküsi gün geldi. ÖŇKÜSI [öňküsü] II, çal. 1.Öň nähili bolsaň, şonuň ýaly boluş (I, II, III şahslaryň goşulmasyny kabul eden halatynda ulanylýar: öňkim, öňkiň, öňküsi we ş.m.). Öňküsi ýaly bolsun-da gezibersin. 2. gepl.d. Biriniň öňki aýaly ýa-da adamsy. Onuň öňküsi biziň obadaşymyzdy. ÖŇLI-SOŇLY [öňlü-soňly], hal. 1. Başdan-aýak, öňde-soňda, jikme-jik, takyk. Dilewarlyk edip-etmän, biziň hem öňli-soňly bilýän zadymyz ýok! (G. Kulyýew). 2. Ymykly, hemişelik. Don biçerler ýeňli- ýanly, dost tutarlar öňli-soňly (Nakyl). ÖŇLIN-SOŇLYN [öňlin-soňlyn], hal. Birde öňünden, bir-de soňundan, käwagt biri, ygym-sagym. Çakylyga öňlüýn-soňluýn gelmek bu obanyň adamlarynyň endik eden gylygydy. ÖŇLÜK, at. Geýen eşigiň öň ýüzüni hapadan goramak üçin öňe tutulýan ýörite tikilen eşiklik. Sähragül elini öňlügine süpürip, bärki otaga girip gelşine seslendi (N. Jumaýew). ÖŇLÜKLIK [öňlüklük], syp. Öňlük eder ýaly (mata we ş.m.). ÖŇŇE [öňňö], çal., ser. Özge. Birniçe adam bar, ýygar teňňäni, Özüne taý görmän, gezer öňňäni (Magtymguly).Gün düşende ýalkym salýar maňlaýynyň egmesi, Bir seni gördüm jahanda, sençe ýokdur öňňesi (Baýly şahyr). Ertir oýansam, öýümdäkileriň birinden öňňesi işe giden eken (H. Garabaýew). ÖŇŇEREKLEMEK [öňňöröklömök] işl.,gepl.d. 1. ser. Öňürdiklemek. Eşek öňňerekläp çapyp barýardy. 2. göç.m.Ýaranjak bolup, biriniň öňünde iki-baka ylgaşlamak, selpemek, ylgamanyň bäri ýany gaty-gaty ýöräp, hyzmatyny etmek. ÖŇŇIL [öňňüýl / öňňüýyl], hal. Geçen ýyl däl- de, ondan öňki ýyl.Biziň öňňil gyssananymyz ýadyňda barmy? (B. Kerbabaýew). ÖŇŇILKI [öňňüýlkü / öňňüýylky], hal.Geçen ýylky däl-de, ondan öňki ýylky. Onsoň-a mallarymyz sowukda öňňilki ýaly heläk bolaýmasa gerek (N. Pomma). ÖŇŇIN [öňňüýn / öňňu:n], hal. Düýn däl-de, ondan öňki gün. Bilýämiň, meni düýn däl, öňňin goşunçylyga çagyrdylar (A. Durdyýew). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling