Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Öten zaman dil b.gymyldy-hereketiň geplenip  durlan wagtyndan öň bolup geçendigini bildirýän,  aňladýan işlik zamany.  ÖTEN-GEÇENLER


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet304/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   300   301   302   303   304   305   306   307   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Öten zaman dil b.gymyldy-hereketiň geplenip 
durlan wagtyndan öň bolup geçendigini bildirýän, 
aňladýan işlik zamany. 
ÖTEN-GEÇENLER [ötön-ğeçenler], at. Bu 
dünýäden öten adamlar, ata-babalar. 
ÖTÄGITMEK [ötä:ğitmek / ötä:ýtmek], işl.1
Gidibermek; yzyňa gitmek, gaýtmak. Ýer taýyn 
edildi, 
ýatyň-da 
ertir 
irden 
ötägidiň 
(B. 
Kerbabaýew). 2. Kömekçi işlik hyzmatynda ulanyp, 
baglanyp gelýän işligi bilen birlikde hereketiň bada-
bat berjaý bolýandygyny aňladýar. Halk aýdymlaryny 
aýdanda welin, şaplaşýar ötägidýär (

Edebiýat we 
sungat

). 
ÖTÄÝTMEK [ötä:ýtmek], işl., serÖtägitmek
ÖTGÜN [ötgün], syp1. Güýçli, çasly, batly, gaty 
(ses hakynda). Dor alaşa ötgün bir ses bilen kişňedi. 
2. göç.m. Gaty ýiti, görgür. Onuň müji ýaly kiçijik 
kellesiniň çowly gulaklary, uçganakly ötgün gözleri 
onda aýratyn bir gujur bardygyny mälim edýärdi (B. 
Kerbabaýew). 3. göç.m. Berk, täsirli. Ol belki, 
ötgünräk jogap gaýtarardy (B. Kerbabaýew). 4
göç.m. Ýiti, güýçli, ýakyp barýan. Güneşiň ötgün 
şöhlesi
ÖTGÜR [ötgür], syp. 1. Gowy kesýän, ýiti,
kütek däl. Daglardan kuwwatly, derýa haýbatly, 
Ötgür almaz dişli, näheň sypatly (Magtymguly). 2. 
göç.m. Batly, gaty, çasly, ötgün. Onuň sesi nähili 
pessaý bolsa-da, Aýna ol bir hili ötgür, bir hili 
kuwwatly bolup eşidildi (B. Kerbabaýew). 3. göç.m. 
Berk, kesgitli, hiç hili sypaýyçylyk etmän.Ol ýene-de 
bir zatlar aýtmak isledi, emma has ötgür jogap berler 
öýdüp gorkdy (G. Kulyýew). 4. göç.m. Içiňden geçip 
barýan ýiti, täsirli. Ol ötgür gözleri bilen garady. 5. 
göç.m. Gowy eşidýän, sähelçe sesi syzýan, aňşyrýan, 
ýiti. Ol şemalsyz, gymyldysyz, asuda garaňkynyň 
içinde näçe diňirgese-de, onuň ötgür gulagyna ses-de 
gelmedi, çybşyldy-da eşidilmedi (B. Kerbabaýew). 6. 
göç.m. Ýaman azar çekdirýän, awundyryjy, agyryly. 
Odum ötgür, derdim köp, Hoş wagt bolup gülmez 
men (Magtymguly). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   300   301   302   303   304   305   306   307   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling