Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÖWDAÝ [öwda:ý], at, ser. Öwzaý
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ÖWDAÝ [öwda:ý], at, ser. Öwzaý. Myrat jan,
gaty seresap bolaweri, onuň öwdaýy bozukmyş (B. Seýtäkow). ÖWDÜRMEK [öwdürmök], işl. Öwmäge mejbur etmek, başga biriniň öwmegini gazanmak, magtatmak. ÖWEÇ [öwöç], at. Üç ýaşyna giden, üç ýaşyň içindäki goýun. Men seniň üçin iki sany semiz öweç daňyp goýdum (T. Taganow). ÖWEÇLEDILMEK [öwöşlödülmök], işl., gepl.d. Dowaryň art aýagy galdyrylyp, iki öň aýagynyň üstünde ýöredilip alnyp gidilmek. ÖWEÇLEME [öwöşlömö], iş ady. Öweçlemek ýagdaýy. 174 ÖWEÇLEMEK [öwöşlömök], işl., gepl.d. Dowary art aýagyny galdyryp, ony iki öň aýaklarynyň üstünde ýöredip alyp gitmek. Işşegi öweçläp alyp gitmek. ÖWEÇLETMEK [öwöşlötmök], işl. Öweçlemek işini birine etdirmek. Ol goýunlary öweçledip alyp gitdi. ÖWEÇLEÝIŞ [öwöşlöýüş], iş ady. Öweçlemek ýagdaýy. ÖWELEK [öwölök], syp. 1. Agzyny öweldip ýören. Öwelek oglan. 2. Oglana dakylýan at. ÖWELIBERMEK [öwölüvermek], işl. Öwelip başlamak. ÖWELIŞ [öwölüş], iş ady. Öwelmek ýagdaýy. ÖWELIŞMEK [öwölüşmök], işl. Birnäçe bolup, bilelikde öwelmek. Maşynyň töwereginde öwelişip duranlar bize bir laý göz gezdirdi (R. Gelenow). ÖWELME [öwölmö], iş ady. Öwelmek ýagdaýy. ÖWELMEK [öwölmök], işl. Geňirgenmek bilen birine ýa-da bir zada aňkarylyp durmak. Owelip durmaň nämäň alamaty? ÖWELMEZLIK [öwölmözlük] iş ady. Aňkarylyp seretmezlik. ÖWELTMEK [öwöltmök]: agzyňy öweltmek haýran galmak, aňkarmak. Ol çaga ýaly agzyny öweldýärdi (N. Jumaýew). ÖWERLI [öwörlü], syp., ser. Öwerlik. Haçan berseňem bolardy welin, şu mahal meniňem ýagdaýym öwerli däl (T. Gurbanow). ÖWERLIK [öwörlük], syp. Öwgä mynasyp, taryp ederlik, öwerlikli, öwerli, öwer ýaly. Onuň ýüzüniň hyýrsyz bolşy ýaly, häsiýeti hem öwerlik däldi (G. Gurbansähedow). ÖWERLIKLI [öwörlüklü], syp. Öwerlik, öwer ýaly, öwgä mynasyp. Sen öwerlikli iş ýazmansyň. ÖWEÝ [öwöý], syp. 1. Hakyky enesi, atasy däl- de, enelik, atalyk edýän. Men sowugy bilmedim, yssyny bilmedim, enesi öweý diýdirmejek bolup, ody özüme basdym (B. Kerbabaýew). 2. Ogullyga, gyzlyga alnan. Öweý ogul. Öweý dogan.. ÖWEÝLIK [öwöýlük], syp. Maşgala gatnaşygynda öweýiň ýagdaýy. ÖWEZ [öwöz], hal. 1. ser. Öwezine. 2. Oglana dakylýan at. Öwezini dolmakalan zadyň ýerine şonça gymmaty bolan başga zat bermek, ýerinde goýmak. Näsazlyklary aradan aýyrmak üçin, çykdajylaryň öwezini dolmak boýunça borçnamany öz üstüne alýar ( Türkmenistan ). Öwezini çykarmak hutma- hut bolmak, ýerine salmak, haklaşmak. Olar göýä aýralyk günleriniň öwezini çykarmak isleýän ýaly, kän wagtlap bir jan, bir ten bolup, aýak üstünde gujaklaşyp durdular (B. Seýtäkow). Öwez ogluny bersin! ýaş çaga aradan çykanda, onuň deregine Allatagala ýene-de ogul bersin diýlip aýdylýan dileg. ÖWEZALAMAN, at. Köne döwürde ýesir düşen adamlary, sürlüp äkidilen mallary yzyna gaýtarmak maksady bilen ýörite gurnalýan çozuş. ÖWEZINE[öwözünö], hal. Biriniň ýa-da bir zadyň deregine, ornuna, ýerine. ÖWGI [öwğü], at. Biri ýa-da bir zat hakyndaky magtanç, taryp, mahabatly söz. Öwgä mynasyp adam. Öwgüsini ýetirmek. ÖWGÜLI [öwğülü], syp. Öwgä mynasyp bolan, taryply. Öwgüli ýigit. Öwgüli söz. ÖWH, üml. 1. Endamyňa sowuk suw, sowuk howa birden, duýdansyz täsir edende aýdylýar. – Öwh-eý, daşaryň sowugy içiňden-bagryňdan geçip barýar (A. Durdyýew). 2. Gynanç, gam-gussa, ýadawlyk ýaly duýgular basmarlanda aýdylýar. Akjagül öwh çekip turanyny özi-de duýman galýardy (A. Gowşudow). ÖWHA [öwha:], üml., ser. Öwh. Öwez diýip, etdim öwhany, Aglama Gyrat, aglama! ( Görogly ). ÖWHÜLDEME [öwhüllömö], iş ady. Öwhüldemek ýagdaýy. Ol duýdansyz eşidilen öwhüldemä tisginip gitdi. ÖWHÜLDEMEK [öwhüllömök], işl. Öwh çekmek, öwh edip dem almak, öwhüldemek ýagdaýy. Öwhüldäp dem alanda, agzyndan tütün çykdy (B. Kerbabaýew). ÖWHÜLDEMEZLIK [öwhüllömözlük], iş ady. Öwhüldäp dem almazlyk. ÖWHÜLDEŞMEK [öwhüllöşmök], işl. Birnäçe ýa-da köp bolup öwhüldemek. Sus oturan jemende birden öwhüldeşip ýerinden galdy ÖWHÜLDEÝIŞ [öwhüllöýüş], iş ady. Öwhüldemekýagdaýy. Garry enäniň ahmyrly öwhüldeýşi bagryňy dilip barýardy. ÖWHÜLDÄBERMEK [öwhüllä:vermek], işl. Öwhüldäp dem alybermek. ÖWHÜLDI [öwhüllü], at. Öwh-öwh edilende çykýan sesiň ady. Onuň öwhüldisi eşidilip durdy. ÖWHÜLDILI [öwhüllülü], syp. Öwhüldi bilen ýüze çykýan. Daň atýança onuň öwhüldili üsgülewügi ýatmady. ÖWLAT [öwla:t], at. 1. Köneden gelýän düşünjä görä, asly yslam dininiň keramatly wekillerinden gaýdýan etnik topar. 2. Nesil. Alla janlarym, bu oglan ýöne-möne kişiniň öwladyndan däl eken ( Görogly ). 3. Çaga, perzent, ogul-gyz. Gyz-gözelden mahbup istär hem öwlat (Magtymguly). Öwladyň ýas tutar üç gün ýol garap, Tabydyň şaýlarlar sel-sele orap (Kemine). ÖWLATLYK [öwla:tlyk], at. Öwlat bolmaklyk, öwlat nesline degişlilik. Garaçydan öwlatlyga ýetişse, seniň başga näme armanyň bar! (B. Kerbabaýew). ÖWLÜÝÄ [öwlüýä:], at. 1. Ölen adamlaryň jaýlanýan ýeri, gonamçylyk, mazarystan. 2. Keramatly hasaplanýan ýer. – Wah, öýde näme günä bar, öý öwlüýä diýlenidir (A. Gowşudow). 3. k.d. Allatagala ýakyn adamlar. Öwlüýä kessin öz mamlalygyň subutnamasy hökmünde aýdylýan söz. ÖWLÜÝÄÇILIK [öwlüýä:çilik], at. Gonamçylyk, mazarçylyk, mazarystan. Salym geçip- geçmän, olar öwlüýäçiligiň çetinden girdiler (G. Kulyýew). ÖWME [öwmö], iş ady.Öwmek ýagdaýy. 175 ÖWMEK [öwmök], işl.Birini, bir zady ýa-da bir ýeri taryp etmek, magtamak, biriniň adyna öwgüli sözler aýtmak. Ökde senetkär diýip türkmenleriň gelini, Dagystanda öwdüler, läläm, seniň eliňi (M. Seýidow). Öwüp arşa çykarmak çendenaşa öwmek, gaty taryplamak. Ol ony öwüp arşa çykardy (N. Saryhanow). ÖWMEKLIK [öwmöklük], iş ady. Öwmek ýagdaýy. ÖWMEZLIK [öwmözlük], iş ady. Taryp etmezlik, öwgüli söz aýtmazlyk, ÖWNERLIK [öwnörlük], syp., at. Öwner ýaly, öwünmek üçin. Ol pahyryň-da öwnerlik ýagdaýy ýokdy (R. Alyýew). ÖWNÜBERMEK [öwnüvermek], işl. Öwnüp ugramak; öwünmegi dowam etdirmek. Beýle-de bir öwnübermek bolarmy? ÖWNÜŞMEK [öwnüşmök], işl. Birnäçe bolup öwünmek. ÖWRANMA-ÖWRAN [öwra:nma-öwra:n], hal, ser. Öwran-öwran. Oturdy biz bilen ýaşajyk myhman, Öpdük ýaňagyndan öwranma-öwran (K. Gurbannepesow). ÖWRAN-ÖWRAN [öwra:n-öwra:n], hal. Hereketiň birnäçe gezek gaýtalanýandygyny aňladýan söz, gaýta-gaýta, yzly-yzyna, zol-zol, birnäçe gezek. Ol garry atasynyň: Illeriň ýygşyna syn ederler diýen sözlerini makullap, içinden öwran- öwran gaýtalady (G. Gurbansähedow). ÖWRE [öwrö], 1. syp. Ýoluň ugrunda däl-de, ýoldan sowarak ýerleşýän (jaý, öý, oba we ş.m. hakynda). Size barmak kynrak, ýaşaýan ýeriňiz öwre bolýar. 2. hal. Öwran-öwran.Ol bujagaz haty üç-dört öwre okady ( Edebiýat we sungat ). ÖWREDIBERMEK [öwrödüvermek], işl. Öwredip başlamak; öwretmegi dowam etdirmek. ÖWREDIŞ [öwrödüş], iş ady. Öwretmek ýagdaýy. Onuň dil öwredişi-hä gaty gowy. ÖWREDIŞMEK [öwrödüşmök], işl. Öwretmäge kömek bermek; bilelikde öwretmek. ÖWRENDEKLI [öwrönnöklü], syp. Bir zady endik edinen, endik bolup galan. Görüp otursak, ol janawar öwrendekli eken (T. Gurbanow). ÖWRENIBERMEK [öwrönüvermek], işl. Öwrenip başlamak, yzygiderli öwrenmek. Ilki sap ene dilinde gürlemäni oňarsyn, soň gerek bolsa özge halkyň on dilini öwrenibersin( Türkmen dili ). ÖWRENILMEK [öwrönülmök], işl. 1. Okamak arkaly göz ýetirilmek, okuw geçilip özleşdirilmek; elýeterli ýollaryň hemmesinden peýdalanylyp, başarnyk, endikler ele alynmak. Türkmen dili öwrenilmek. Senet öwrenilmek. 2. Ylmy derňew ýoly bilen barlanylmak. 3. Ünsli synlamak arkaly göz ýetirilmek. Ýagdaýlar öwrenilýärdi. ÖWRENIŞ [öwrönüş], iş ady. Öwrenmek ýagdaýy. Seniň daşary ýurt dilini öwrenişiň maňa ýarady. ÖWRENIŞDIRMEK [öwrönüşdürmök], işl. 1. Birini özüňe ysnyşdyrmak, öwrendekli etmek. 2. Endiklietdirmek. Ýekelik bilen-de öwrenişdi Gözel (A. Kekilow). 3. Täze ýagdaýa, durmuşa uýgunlaşdyrmak. Ony täze ýagdaýa öwrenişdirmek gaty bir kynam bolmady. ÖWRENIŞIBERMEK [öwrönüşüvermek], işl. Ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişip başlamak. Bular biri- birine öwrenişiberipdirler. Ýat ýere öwrenişibermek bir bada aňsat düşmeýär. ÖWRENIŞILMEK [öwrönüşülmök], işl. 1. Bir zada öwrenişip, ysnyşyp gitmek. 2. Endik edilmek. Ýekelik bilenem öwrenişilip gidilipdir. 3. Täze ýagdaýa, durmuşa uýgunlaşmak. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling