Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet308/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   304   305   306   307   308   309   310   311   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖWRÜM, at. 1.Göni ýoluň gyşaryp, ugruny 
üýtgedýän ýeri, aýlawy. Oklaw ýaly gönüdir, bolmaz 
onuň öwrümi, Ýüregmiz dek bu köçäň gaty giňdir 
göwrümi (M. Seýidow). 2. Dolanyşyk, aýlaw, yzly-
yzyna geçip duran ýagdaý, waka. Ondan bäri ýyllar 
gör näçe gezek öwrüm edipdir. 3. göç.m. Tär, ýol. 
Indi ol sazyň ähli öwrümini öwrendim diýsemem 
boljak. 

Öwrüm etmek bir ýere aýlanyp, dolanyp 
gelmek. Uçar obamyzyň üstünden bir gezek öwrüm 
edip, derrew gonmak üçin gyýalap, aşaklygyna 
gaýdyp başlady. 
ÖWRÜMLI [öwrümlü], syp. 1. Öwrümi bar 
bolan. Öwrümli köçe. 2. göç.m. Syrly, aýlawly. Men 
erşimi egrip, mäşirigimi bükdürýänçäm, ol beg 
beslenýänçä, batyr basarlaryny edip oturyberdi – 
diýip, öwrümli jogap berdi (N. Pomma).
ÖWRÜMLILIK [öwrümlülük], at. 1. Birnäçe 
öwrümi barlyk, egrem-bugramlyk. 2. Syrlylyk, 
tilsimlilik; aýlawlylyk. Men onuň gürrüňiniň 
öwrümliligine düşündim. 
ÖWRÜMLIRÄK [öwrümlürä:k], syp. 1. Öwrümi 
azrak, öňküden öwrümi kemräk. Ol öwrümliräk 
köçelerden haýdap barýardy. 2. göç.m. Syrlyrak, 
azrak tilsimli. 
ÖWRÜM-ÖWRÜM, syp. Birnäçe öwrümli, 
aýlawly, aýlaw-aýlaw, egrem-bugram. Derýanyň bu 
goşandy birnäçe öwrüm-öwrüm şahajyklara bölünip, 
adajyklary emele getirýärdi. 
ÖWRÜP-ÇÖWÜRMEK 
[öwrüp-çöwürmök], 
işl. 1. Mazalyja oýlanyp görmek, oýlanyp saldarlap 
görmek. Ol düýnki myhman dostunyň ýarygijä çenli 
beren gürrüňlerini içinden öwrüp-çöwrüp gördi 
(

Edebiýat we sungat

). 2. gepl.d.Peýda görmek, 
gazanç etmek maksady bilen arzan haryt alyp
gymmat satmak, söwda etmek, söwda-satyk etmek. 
Senem, bolmasa, söwda-satyk et, iller-ä ony-muny 
öwrüp-çöwrüp, gurplanýar gidiberýär. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   304   305   306   307   308   309   310   311   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling