Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÖWÜNJEŇRÄK [öwünjöňürä:k], syp. Birneme  öwünjeň.  ÖWÜNMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet311/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   307   308   309   310   311   312   313   314   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖWÜNJEŇRÄK [öwünjöňürä:k], syp. Birneme 
öwünjeň. 
ÖWÜNMEK [öwünmök], işl. Öz-özüňi öwmek, 
öz-özüňi taryp etmek, magtanmak. Aman, umuman, 
öň hem buýruk bermegi, güpüläp öwünmegi ýaman 
görmeýärdi (G. Gurbansähedow). 
ÖWÜR-ÇÖWÜR: öwür-çöwür etmek alyş-
çalyş etmek, zat alyp, zat satmak, söwda etmek, 
öwrüp-çöwürmek. 
ÖWÜRME [öwürmö], iş ady. Öwürmek ýagdaýy. 
ÖWÜRMEK [öwürmök], işl. 1. Kelläňi, ýüzüňi 
bir tarapa aýlamak. Ogrynça kellesini öwrüp, onuň 
ýüzüne assyrynlyk bilen seretdi (H. Ysmaýylow). 2
Bir ugra, tarapa gönükdirmek, ýoluny üýtgetmek. 
Sürüji maşyny saga öwürdi (

Edebiýat we sungat

). 
3. Bir ýagdaýdan başga bir ýagdaýa geçirmek, öňki 
görnüşini üýtgedip, täze görnüşe salmak. Dostluk, 
doganlyk, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýoly 
bilen ýöräp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany 
kuwwatly, beýik döwlete öwürmekde mähriban 
halkyma 
bil 
baglaýaryn 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, 
halky söýmek bagtdyr). Suwy buga öwürmek. 4
Beýleki tarapyna agdarmak; bir ýüzünden beýleki 
ýüzüne geçirmek.  Ol kagyzy beýleki ýüzüne öwürdi-
de, nämedir bir zatlary okady. 5gepl.d. Alyş-çalyş, 
söwda-satyk bilen meşgullanmak, söwda etmek, alyş-
çalyş etmek. Mallary pula öwürmek. 
ÖWÜRMEKLIK 
[öwürmöklük], 
iş 
ady. 
Öwürmek ýagdaýy. 
ÖWÜRMEZLIK 
[öwürmözlük], 
iş 
ady. 
Öwürmek hereketi, işi amal edilmezlik. 
ÖWÜRTMEK [öwürtmök], işl. 1. Öwürmek 
işinibaşga birine etdirmek. Maşyny saga öwürtmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   307   308   309   310   311   312   313   314   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling