ÖWRÜŞ, iş ady. Öwürmek ýagdaýy. Maşyny
öwrüşiň-ä bolanok, seresabrak bolmaly bor-da.
ÖWRÜŞMEK [öwrüşmök], işl. Birine bir zady
öwürmäge kömek etmek.
ÖWSAÝY [öwsa:ýy], syp. Hiç zatdan habarsyz
ýaly, hiç zat bilmeýän ýaly. Ata özüni örän öwsaýy
görnüşde görkezip, salam berip geldi (B. Gurbanow).
ÖWSELE [öwsölö], at. Öý goşlary; hojalykda
gerek bolan senetler, enjamlar, abzallar, öwzar.
...Öýünde öwselesi bolmasa-da, elmydama öýi uly
üýşmeleň eken, şorta söz aýdyşar, ýomak atyşar,
gülşer-oýnaşar ekenler (A.Gowşudow).
ÖWSER [öwsör], at. Dänäni gylçygyndan
aýyrmak, ýelejiredip, öwsüp saplamak üçin agaç ýa-
da galaýydan ýasalan telper gap. Häkim bolsaň, halky
gün kibi çoýgul, Akarda suw, ýa öwserde ýel bolgun
(Magtymguly).
ÖWSÜBERMEK [öwsüvermek], işl. Öwsüp
başlamak.
ÖWSÜLMEK
[öwsülmök],
işl.
Öwsüp
arassalanmak.
ÖWSÜM, at. 1. Telper gapda öwsülip arassalanan
gallanyň belli bir mukdary. Bir öwsüm jöwen. 2. Bir
gezek seçerlik toý pişmesi. – Saçagy her hili
nygmatlardan dolduryp toýuna bardym, ýöne ol bir
öwsüm toý pişmesinem saçagyma salmandyr – diýip,
orta ýaşly aýal toý eden goňşusyndan zeýrendi. –
Özüne aýtsaňam, wah, men gura, ýadymdan
çykaraýandyryn – diýer. 3. Bir goşawuç, bir gysym
däne, tohum.
ÖWSÜN, at, ser. Öwşün we Öwüşgin.
Öwsün atmak ser. Öwşün atmak.Bagana her
hili reňkde öwsün atýar.
ÖWSÜNÇE [öwsünçö], at. Suwa gelýän guşlary
awlamak üçin suwuň başynda çöp-çalamdan
gurulýan buky, öýsün.
ÖWSÜNMEK [öwsünmök], işl. Meýil etmek,
hyýallanmak, hyjuwlanmak. Akgül eje aýak üstüne
galdy-da, özüne baka öwsünip, böküp duran çagajygy
gujagyna aldy (A. Gowşudow).
Do'stlaringiz bilan baham: |