ÖÝKÜNME [öýkünmö], iş ady. Öýkünmek
ýagdaýy.
ÖÝKÜNMEK [öýkünmök], işl. 1. Biriniň eden
zadyna meňzetjek bolmak. 2. Biriniň bolşuny,
hereketini, sözüni we ş.m. meňzedip gaýtalamak. Ol
agzyna öýkünýändir öýdüp hiňlenmesin tapba goýdy
(A. Gowşudow). 3. Öňden bar bolan nusga öýkünip
her hili eser döretmek, aýdym aýtmak. Kompozitor
halk sazlaryna öýkünip bir saz eserini döredipdir.
ÖÝKÜNMEKLIK [öýkünmöklük], iş ady.
Öýkünmek ýagdaýy.
ÖÝKÜNMEZLIK [öýkünmözlük], iş ady.
Öýkünmek hereketini etmezlik.
ÖÝLE [öýlö], at. 1. Gün ortadan agandan soňky
wagtyň ady. Olar gün öýleden agyp, çala salkynlyk
aralaşandan soň, giň bir aýtymda pökgi oýnaýardylar
(B. Kerbabaýew). Gün öýle boldy. 2. Yslam dininde
parz hasaplanýan bäş wagt namazyň ikinjisiniň
okalýan wagtynyň we şol namazyň ady. Ýaşulular
öýle namazyna durdular. Ol öýlesini okady.
ÖÝLENDIRMEK [öýlönnürmök], işl. Birini
maşgalaly etmek, gelin alyp bermek, öýermek.
Görogly, seni öýlendiris, illendiris, gaýgy etme
(
Görogly
).
ÖÝLENIBERMEK [öýlönüvermek], işl. Gelin
alyp, öýli-işikli bolubermek.
ÖÝLENIŞ,iş ady. Öýlenmek ýagdaýy. Maksadyň
öýleniş toýy gaty gyzykly geçdi.
ÖÝLENME
[öýlönmö],
iş
ady.
Öýlenmekýagdaýy. Gyz çykman, ýigit öýlenmän
galmaz.
ÖÝLENMEK [öýlönmök], işl. Gelin alyp, öýli-
işikli bolmak, maşgala durmuşyny gurmak. Men-ä
öýlenjek, söýleseň meniň bilen bol, söýlemeseň
gapdalymda otur (A. Durdyýew).
Tomus öýlenen gul ýaly tomus wagty tomsuna
geýilmeýän don, telpek we ş.m. geýen erkek adama
aýdylýar.
Do'stlaringiz bilan baham: |