180
ÖÝKÜNILMEK [öýkünülmök],
işl. Biriniň
bolşy, hereketi şoňuňka meňzedilip gaýtalanmak.
ÖÝKÜNIŞ [öýkünüş],
iş ady. Öýkünmek
ýagdaýy.
ÖÝKÜNIŞMEK [öýkünüşmök],
işl. Biri-biriňe
ýa-da birnäçe bolup bilelikde başga birine öýkünmek.
Beýdişip, biri-birimiziň agzamyza öýkünişip dursak,
biz oňly zadyň üstünden barmarys (B. Seýtäkow).
ÖÝKÜNJEŇ [öýkünjöň],
syp. Öýkünmäge endik
bolan, başga biriniň bolşuny, hereketini hut özüne
meňzedip öýkünegen.
Ol ýomakçylygynyň daşyndan
hem gaty öýkünjeň adamdy.
ÖÝKÜNJEŇLIK
[öýkünjöňlük],
syp.
1.
Öýkünjeň
bolmaklyk,
öýkünjeňhäsiýetlilik.
Öýkünjeňlik gowygörülýän gylyk däl.
3. Öňden bar
bolan nusga öýkünmeklik, şoňa meňzedip eser
döretmeklik.
Çagalar üçin ýazan ilkinji eserlerinde
öýkünjeňlik äheňi göz-görtele duýulýar (
Edebiýat
we sungat
).
Do'stlaringiz bilan baham: