Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet318/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   314   315   316   317   318   319   320   321   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖÝLENMEKLIK [öýlönmöklük], iş ady. 
Öýlenmek ýagdaýy. 
ÖÝLENMEZLIK [öýlönmözlük], iş ady. Öýli-
işikli bolmazlyk. 
Oglunyň ep-esli ýaşabam 
öýlenmezligi ejesini ynjalyksyzlandyrýardy. 
ÖÝLÄN 
[öýlä:n], 
hal. 
Günortanyň soň 
ýanyndaky wagt, günüň ikinji ýarymyndan giç öýlä 
çenli wagt, öýle çagy. Gerdişi keç gahba pelek 
elinden, 
Ertiri 
şat 
bolan 
öýlän 
gülmedi 
(Magtymguly). Şol gün giç öýläne çenli Garly ussa 
şähdaçyk, süňňi ýeňillik bilen işledi (A. Gowşudow). 

Giç öýlän öýle wagtynyň ikinji ýarymy, 
ikindiniň öň ýanlary. Men oba gitmek üçin giç öýlän 
ýola düşdüm
ÖÝLÄNÇI [öýlä:nçi], at. 1. Öýle wagtlary 
ýagyp, derrew hem diňýän güýçli ýagyş. Ynha 
älemgoşar parlar asmanda, Bahar wagty biziň 
Türkmenistanda, Şunuň ýaly waka köp üns biýrler, 
Muňa biz tarapda 

öýlänçi

diýrler (A. Kekilow).
2. gepl.d. Günortan başlanýan (okuw, iş we ş.m. 
hakynda). 

Öýlänçi gelmek öýlänler az wagtlyk güýçli 
ýagyş ýagmak.
ÖÝLÄNKI [öýlä:nki], syp. Öýlän bolup geçen, 
öýlän dowam eden. Düýn öýlänki ýagyş henizem 
dynman ýagyp dur. 
ÖÝLÄNLIK [öýlä:nlik], at. Öýlän wagtlary 
iýilýän ýa-da öýlän iýer ýaly nahar. 

 Öýünde öýlänlik ýok öýünde iýer-içer ýaly zat 
ýok. Ertirligini tapsa, öýlänliginiň aladasyny edenok. 
ÖÝLI [öýlü], syp. 1. Öýi bar. Garaňky 
gatlyşansoň, öýli öýüne dagady. 2. Maşgalaly, 
öýlenip maşgalaly bolan. Öýli oglum bar. 3. Öýüň 
eýesi we şol öýüň ýaşaýjylary. Köne ýurduň 
gaýrasynda ýeke öýlüden başga yns-jyns ýokdy. 
ÖÝLI-IŞIKLI [öýl(ü)-i:şikli], syp. Maşgala 
durmuşyny guran, öýlenen, aýally. Onuň iň uly ogly 
bir mahal öýli-işikli boldy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   314   315   316   317   318   319   320   321   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling