ÖÝSÜN, at, ser. Öwsünçe.
ÖÝSÜZ, syp. Öýi, maşgalasy ýok, öýli däl.
Bujagaz günüňi bulama, öýlükäň öýsüz galarsyň (N.
Pomma).
ÖÝSÜZLIK [öýsüzlük], syp. Öýi, maşgalasy
ýokluk.
ÖÝSÜZ-ÖWZARSYZ [öýsüz-öwza:rsyz], syp.
Öýi-öwzary ýok, öýli däl. Men bir eýesiz-idegsiz,
öýsüz-öwzarsyz ýetim (
Türkmen halk ertekileri
).
ÖÝSÜZ-ÖWZARSYZLYK
[öýsüz-
öwza:rsyzlyk], at. Öýi-öwzary ýokluk, öýli dällik.
ÖÝTME [öýtmö], iş ady. Öýtmek ýagdaýy.
ÖÝTMEK [öýtmök], işl. Pylanydyr ýa-da bir
zatdyr diýip pikir etmek; oý etmek, oýlamak.
ÖÝTMEKLIK [öýtmöklük], iş ady. Öýtmek
ýagdaýy.
ÖÝTMEZLIK [öýtmözlük], iş ady. Pylanydyr
ýa-da bir zatdyr diýip pikir etmezlik.
ÖÝÜBERMEK [öýüvermek], işl. Hamyryň
bölegini kendirigiň üstünde, eliň aýasynda eýlemäge
başlamak, eýlemek işini dowam etdirmek. Sen
hamyry öýüber, menem tamdyra odun taýynlaýyn.
ÖÝÜLMEK [öýülmök], işl. Eliň aýasy bilen
togalanyp eýlenmek (hamyr hakynda).
ÖÝÜŞ, iş ady. Öýmek ýagdaýy.
ÖÝÜŞMEK [öýüşmök], işl. Birine hamyr
bölegini eýleşmek.
ÖÝÝÜP, at. Gara öýüň (oraçanyň) tüýnüginden
asylýan ýüp.
ÖZ [ö:z] I, Haýsydyr bir zadyň, hereketiň göz
öňünde tutulýan adamyň hususylygyna degişlidigini
aňladýan gaýdym çalyşmasy.
Öz agyňy aglamak najatyňy garamak, öz
aladaňy özüň etmek. Öz agyran ýeriňi tutmak özüňi
biynjalyk edýän zat hakynda aladalanmak, öz derdiň
bilen bolmak. Öz arabaňy tigirlemek öz işiň, günüň
we ş.m. bilen bolmak, öz günüňi özüň görmegi
başarmak. Sen maňa gep öwretjek bolma, git-de öz
arabaňy tigirläber (B. Gulow). Öz aýagyňa özüň
Do'stlaringiz bilan baham: |